Düýşüme giren talyplyk | Eserler | Ylýas Amangeldi

Düýşüme giren talyplyk

Esseler | 0 teswir | 10 okalan

At ýaly dabyrap gelen 26-ň asuda gijesinde gören ilkinji düýşüm täsin boldy. Ýogsa, garry seýisler Annaguly Kiçi, Babaly Taýmaz, Baba Annaseýit... ýaly aýlawda atyň toýnagynyň yzyndanam berk, öçmejek yz galdyryp giden hakyky atşynaslary göresim gelýärdi. “Polatly”, “Gambar”, “Gülüstan”, “Görogly”... ýaly bedewleri düýşümde-de bolsa ýene bir synlasam diýýärdim.  Emma...

Düýşüme talyplyk döwrüm girdi. Ýigitligim. Oýanamsoň hasaplap görsem 18-ýaşlarymda bolýan. Bag-bakjaçylyk hünärini almaly agronomlar botanikany ilkinji synplarda geçýärler. Şol öňküje synp otaglary, synpdaşlarym... Ýöne mugallym täzedi. Gören ýüzüm däl. Sapagy welin gyzykly alyp barýardy. Çygly kagyzyň aşagynda bugdaý däneleriniň gögerşini, kök çykarşyny, ösüp gelýän, sapak ýaly inçejik ýeke ülüşleri görkezýärdi. Olaryň şeýle ejizje bolsalaram topragyň çuňluklaryna ýetjekdiklerini, ülüşleriň bolsa, çygly, garaňky topragy ýaryp ýagtylyga çykjakdyklaryny düşündirýärdi. Edil öwredilen ýaly ülüşleriň ýokarlygyna, kökjagazlaryň bolsa aşak ösýändiklerine ünsümizi çekýärdi. Soň ol käbir, däneleriň üýtgemän, kökem, ülüşem çykarman ýatandyklaryny aýtdy hem olary sanap göreliň diýdi. Mugallymymyz bu dänelerde gögerişiň ýokdugyny düşündirdi. Jemi däneleriň sany ýüzdi. Otuz ikisi gögermändir. Şeýlelikde däneleriň näçesinde hiç hili oýanyşyň ýokdugyny sanap, tohumyň takmynan näçe göteriminiň zaýadygyny hasaplap çykarmagyň usulyny öwrendik. Men gözümi aýyrman zaýa dänelere seredýärdim. Olary biz gögerişe goýmankagam gözden geçiripdik. Göräýmäge beýleki dänelerden uly bir tapawutlary ýokdy. Onda olar näme üçin gögermedikäler?

Düýşümde gögermedik däneler ýagdaýlaryny düşündirmäge durdular: “Gögerip görjegimiz näme? Galyňja gabygymyz bar. Kök urmak derdimizem, ülüş çykarmak derdimizem ýok. Kök çykarsaň topragy deşip geçmelisiň, suw, iýmit gözlemelisiň. Ülüşiň görjegi dagy durşuna görgi. Ösüp ýylyjak, çygly topkadan daşyna çykmaly. Şemala döwülmeli däl. Sowuga çydamaly, gyzgyna-da döz gelmeli. Daşarda hezillik barmy näme? Diňe sowuga, gyzgyna, köwsarlap ösýän şemala garşy durup bileniňem ýeterlik däldir. Gögerdiňmi Güneşden düşen şöhläni sintezläp iýmite öwürmelisiň. Bular iň bärkijeleri. Entek ösmelisiň, ýaşyl maýsa öwrülmelisiň. Dogry, owadansyňam. Seni ekenler ösüşiňe, terligiňe, ýumşaklygyňa guwanyp, gyz çagalaryna Maýsa diýip at dakarlar. Ýöne seni ýygyp mallaryna-da bererler. Üstüňden goýunam sürerler. Gyş gary ýorgan, buzy ýassyk edinip ýatmalysyň. Ala-bahar gelerem welin, täzeden ösmäge başlamalysyň. Çogup çykarsyň. On ogul ýaly on öseriň bardyr. Öserleriň öser, tümmül görkezer. Her tümmül bir baş, her başda-da ekileniňdäki ýaly däneden ýüzüsi bardyr. Olary göterip bilmän başyň aşak egiler. Salararsyň, solarsyň. Däneleriň bişip ýetişer. Olaram orup üwemäge äkiderler. Senem gurap galarsyň. Şunuň bilen ömrüňem tamam bolar. Men şu dertleri çekmek üçin gögermelimi? Ondan-a ýyljajyk, gatyja gabygymyň içinde gögermän ýatanym müň esse rahat.

Elimi galdyryp mugallymdan gögermedik dänelere näme bolar diýip soradym. Mugallym ýylgyryp, “Olary beýleki däneleri gögerden çyglylyk, topragyň ýylysy çüýreder, Güneşiň şöhlesi guradyp gowurar, soňam üstleri açylar, ýele sowrular ýiter giderler. Üns beriň, beýleki tohumlara kök urduran, ülüş çykardan çyg olary çüýreder. Günüň ýagtysynam, topragyň ýylysynam olar özlerine duşman diýip kabul etdiler” diýip, hem maňa, hem ähli synpdaşlaryma gögermedik däneleriň ýagdaýyny beýan etdi.

Men ylgap baryp, oýanman galan däneleri oýarmakçy boldum. Bar başaranym gabyklaryny sypyryp bildim. Emma olary ösüşe oýarmak elimden gelmedi. Onuň üçin üýtgeşik güýç, gudrat gerekdi. Biçäre halda töweregime, mugallyma garnjaklap durun. Ýanymdaky ýoldaşym meni geçilýän sapagymyň dünýesine gaýtaryp getirmäge çalyşýardy. Birdenem mugallym meniň adymy, familiýamy tutup gygyrdy. Ýalpa gözümi açdym...

Sapakda uklaýyşym düýşüme girendir diýsem, ukam bir düýşe girermi? Onda-da elli bäş ýyl mundan öňki uky? Gurbannazaryň “Meni tohum kimin ýygnar bu toprak” diýen setirleri biygtyýar aňymda aýlandy. Ýatmankam halypaň “Güýz” sonetlerini okanym ýadyma düşdi. Jan giren däneleriň inçejik kökjagazlary, ýagta tarap uzaýan ülüşjikleri ýene göz öňüme geldi. Uzakly gün olary ýatlap gezdim.

Ol däneler bizdik. Diňe Gurbannazary däl, menem, senem, onam toprak tohum kimin ýygnar. Şonda biziň näçämiz topragyň çygyna, ýyly demine höwes bilen oýanyp, kök urup, ülüş çykaryp bilerkäk? Gör, näçämiz muňa höwes etmeýän, galyňja gabyjagyna buýsanyp, ondan aýrylşasy gelmeýän dänelerden bolup çykar?

Gögeren däneleriň gögermediklerden tapawudy nämededi diýip özüme sowal berdim. Olar beýlekilerden tapawutlylykda ömrüň manysyna düşünen Gurbannazara meňzeýärdiler. Ol hiç wagt jübsünde artykmaç pul götermedik, hatda egin-eşigine-de känbir üns bermän, ejesiniň alyp berenleri bilen oňýan Gurbannazar däldiler. Daňdana çenli döredijiligine başagaý bolup, Günüň doganyndanam bihabar galmaýardylar. Günlerini haýyr işe bagyşlamaga derek, basymrak ýumşak “düşekçe bilen ýyljajyk ýorgana” ýetmegiň gamyny iýýärdiler. Rahat ýatyp bilseler armanlary ýokdy. Bu olara başardýardam. Olar çagalaryna kökleridir, ülüşleridir öýdýärdiler. Gurbannazar bolsa “Çagam baryň bilen bolmarsyň halas” diýip ýazýardy.

Gurbannazaryň goşgy setirleri joşulyp ýazylýan däl-de, çuň düşünjeden gaýdýan setirlerdi. Gurbannazara uçup barýan durnalar (ýagny, geçip barýan ýyllar, ömür) “Bakylyk barada aýdýardy aýdym”. “Kimse haýryň zary, kim şeriň zary” diýip ýazýarka, onuň ýüregi haýryň zarydy. Onuň ýüreginde “gökden inse-de, göge galsa-da” “hiç ýitip gitmejekdigine” ynanç bardy.

Aňymda Gurbannazar halypany mysal getirmegim, onuň poeziýasynyň çuňlugyna çümmek ýaly bir zat boldy durberdi. Hakykatda bolsa dänelere düşünjek bolýardym. Gögeren däne bilen gögermejek dänäni deňeşdirmek üçin halypaň setirlerini ýadyma salypdym. Çünki ak reňk gara reňkiň ýüzünde has aýyl saýyl görünýär. Çyn ömrüň ýanynda ýalan, manysyz geçen günleriň boşdugy has anyk belli bolýar. Gögeren dänäniň asyl ýaradylşyna gulluk edip baky galýandygyna, gögermedik dänäniň bolsa, geçiji dünýäň ýalan lezzetlerine ömrüni bagyş etmegi, ynamsyzlygy, maksatsyzlygy, bakylygy boş pelsepe hasap etmegi sebäpli çüýräp gidendigine düşündim.

Düşündim diýsemem ýene düýşümi göz öňüme getirip gaýtalaýaryn: talyp ýyllarym. Mugallymym tohumlyk dänäniň gögerijiligini hasaplap çykarmagy öwredýär. Soňam adymy, familiýamy tutup gygyryp, ýalpa gözümi açmagyma, oýanmagyma sebäp bolýar. Oýananymdan soň: “Hernä gögeren däneler, gögermediklerden köpdi” diýip, özümi köşeşdirmäge çalyşýaryn.

Nähili geň! Täze ýylyň başynda bu düýşi görmegimiňem-ä öz manysy bardyr?! Jaň gelýär.Telefonymy açýaryn. Ýene bir tanyşym täze ýylym bilen gutlaýar. Oňa: “Siziňkem gutly bolsun. Täze ýyl haýyrly, bereketli, dok däneli ýyl bolup gelsin” diýip, ýagşy dilegler bilen jogap berýärin.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.