Gojalyk
Okan eseri beýle-de dursun, eşiden
sözüne-de adam her ýaşda bir hili düşünýän eken. Kakaňdan eşidenleriňe ogul
wagtyň bir hili, kaka bolaňsaň başga bir hili, özüň ata bolanyňdan soň has
başgaça... Günlerem bir akymyna geçip duran ýaly. Emma howa ýazyna bir hili,
tomus başga bir hili. Güýzüne-gyşyna bolsa, düýpgöter başgaça.
Seýilgähde ýa-da gapymyzda ösüp
oturan agaçlara, güle... çar töwerege garaýşyňam ýyl-ýyldan üýtgäp gidip otyr.
Oglankaň gülüň suratyny çekesiň gelýär. Soň ony ysgap görmäge başlaýaň. Soň
kimdir birine sowgat beresiň gelýär. Ýadyma düşýär, bir döwürler, işdeş dostum
gapysyndaky bägüllerden uly bir çemeni getirip işgärlere gül paýlap çykdy. Muňa
her kim birhili düşündi. Ýöne şol gün edaramyzyň haýsy otagyna barsaň bägülüň
ysy bark urýardy. Otaglar gelşigine gelen ýalydy. Dostumyň edara gül
getirmesiniň gürrüň-gybaty ol ysy, gözelligi basyp bilmeýärdi. Işdeş
ýoldaşlarymyzyň biri dostuma:
-
Edarada birine gül
getirip beresiň gelip, ugruny tapman ählimize gül paýlapsyň diýýäler – diýdi.
Menem:
-
Kim näme diýse şony
diýsin, edarada şular ýaly üýtgeşik gün ozal bolmandy, indem bolar öýdemok –
diýdim. Dostum ýylgyryp:
-
Nätdiňizaý munyny,
(ol öz şiwesinde muny diýmegiň ýerine mydam munyny diýerdi) men-ä öňi-soňy
ýapraklary dökülip ýere siňýä diýip, ýygyp getiräýdim – diýdi.
Bu wakaň üstünden 40-ýyldanam
köp wagt geçipdir. Emma hiç ýadymdan çykanok. Dostum neresse-de ýylgyryp ýüzüme
seredip dur. Geň galýan zadym, dostumyň ýüzem, bu waka-da maňa ýyl geçdigiçe
başgaça görünýär. Gitdigiçe täsin, gitdigiçe näzik.
Halypa, ussat şahyr Gurbannazar
Ezizowyň “Erbet bor, bu baglar geçse deňiňden...” diýip, okaýan goşgy
setirlerini özünden eşidip, soň magnitafon ýazgylaryny gaýta-gaýta diňleýärkämem
onuň “lezzetinden ganyp bilmeýärdim”. Emma oňa ýyl geçdigiçe başgaça düşünýän.
“Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar
seniň üçin ýagmasa,
Bagy ikiýana
bulanda tupan,
Zerur çygy
gül ýüzüňe degmese...”
Baglar biziň deňimizden nädip
geçip bilsin? Biz baglaryň deňinden geçýäris. Şahyr muňa akyl edendir ahyryn.
Onda näme üçin “baglar geçse deňiňden” diýip ýazdyka? Ýa şahyr “baglar” diýende
ýaşaýyşy göz öňünde tutdumyka? Ýa “erbet bor” diýende – jan berenimizden soň
biziň “deňimizden geçmez, olar oturdylan ýerlerinden gozganyp bilmeýärler”
diýýän agaçlarymyzdanam beter gymyldysyz galjakdygymyzy aýdýarmyka? “Bu
ýagyşlar seniň üçin ýagmasa” diýen setiri okap, ýagyş diňe meýdanlary al-ýaşyl
öwüsdirip, özgertmek üçin, ýazyň ýa güýzüň bezegi bolubam däl, meniň üçinem
ýagýan eken diýip indi-indi oýa batýan. Özüň üçin ýagýan şol ýagyşdan mahrum
bolmagyň nähili erbet zatdygy beýnime urulýar. Şahyryň “Bagy iki ýana bulanda
tupan” diýen setirini okamda, iki ýana bulanýan agaçlar göz öňüme gelip, endamym
tikenekläp gidýär. Ussat kinoçylar uly tragediýany ekranda aňlatmakçy
bolanlarynda bu görnüşi köp ulanýarlar. Ine şol tupandanam bölünip gaýdan
“zerur çyg” “gül ýüzüňe” degmese, “erbet bor” diýip şahyr nygtaýar. Çyg
“hoştap”, “ýakymly” ýa “ýakymsyz” diýmegiň ýerine şahyr näme üçin oňa “zerur”
diýdikä? Näme üçin “gül ýüz”?
Şahyryň “zerir” diýmegi şol çygyň
möhümliginiň aşagyny çyzýar. “Gül ýüz” bolsa, owadan, ýa mähremem däl, maňa
häzir “diri ýüz” manysynda eşidilýär.
Bu dört setiri gaýtadan okadym.
Ol meni goşgyň birinji bendine dolady. Näme üçin säher turup çagamyzy ýüzümize
sylmalydygymyzy, gara saçymyzyň agyny sanaman, sag-aman örenimize monça
bolmalydygymyzy düşündirdi. Goşgynyň “şükür et” diýen sözler bilen tamamlanmagy
bolsa has-da haýran edýär.
Adadtça, biz ýüregimizdä pynhan
sözleri ilkinji nobatda iň ýakynlarymyza aýdýarys. Onuň ýakynlary bolsa,
Gurbannazary örän ir, pajygaly ýagdaýda, döredijilik babatda-da iň güllän wagty
ýitirdiler. Şonda şahyryň “şükür et” diýmesi bu aýralyga dözmäge teselli, ýyl
geçdigiçe-de şahyryň örän uly ussat ekendigine göz ýetirmäge esas boldy.
Kakam ýogalmazyndan öň maňa:
“Kakaňyz hiç kimden üýtgeşik däldir. Bolup bilse il ýalydyr” diýip köp aýdypdy.
Bu meniň hiç aňymdan gidenok. Olar häzirem gulagyma gelip dur. Hemme ogullar öz
kakalaryny iň üýtgeşik kaka hasap edýär. Bizem hemme ogullardan biri bolamyzsoň
kakamyzy aýratyn gowy görýärdik. Emma hernäçe gaýtalap eşitsemem kakamyň näme
diýmek isländigine indi düşünýän. Kakam özi hakynda aýdýarka bizi göz öňünde
tutan bolsa gerek diýýän. Kakaňy ilden üýtgeşik saýmak, özüňi ilden
üýtgeşikdirin öýtmäge itergi berip bilýär. Onuň bolsa soňy men-menlige, özüňe
aşa ýokary baha bermäge alyp barýar. Şeýle duýgynyň oýanmazlygy üçin kakam
entek mekdepde okaýarkak, adaty, hemme çagalara berilýän ýol pulunam bize gaty
az bererdi. Eşiklerimizi ýeňleri gysgalyp gidýänçä täzeletmezdi diýen ýaly. Özi
eşejigine münüp gapydaky mallary örä çykarardy, bakyp gelerdi. Mellegimize ekin
ekdirip, bazara äkitdirerdi. Emma bilimi gowy alsynlar diýip şäher mekdebine
okuwa salypdy. Agalarymyz okaýyşymyz bilen gyzyklanyp durardy. Olar geljegimiziň
aladasyny edip bizi Gurbannazar bilen tanyşdyrypdylar...
Kakamyň, kakam ýaly agalarymyň
bu hereketleriniň manysyna indi-indi düşünip ýörün. Ogullaryma-gyzlaryma,
agtyklaryma-da ony düşündirmäge çalyşýaryn. Biz
hiç kimden üýtgeşik däldiris. Şonuň üçin özüňizi ösdüriň, çagalaryňyza
berjek terbiýäňiziň olara iýdirjek çöregiňizdenem, geýdirjek egin-eşikleriňizdenem
has gymmatlydygyna düşüniň diýýärin. Olary “meslikde ýaryşmak” keseline
uçuramakdan goramaga çalyşýaryn. Asuda, parahat, eşretli durmuşymyz bize açlyk
döwründäkidenem beter agyr ýüki – dokluk belasyndan goranmak aladasyny getirdi...
Bu pikirler, bu duýgular ýa
gojalmagyň alamtymyka? Eger şeýle bolsa, gojalandygyma sähelçe-de gynanmaýaryn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.