Bäsleşik
Geljekde edebiýatçy bolmaly
talyplar Kakadurdy bilen Myratgeldi özaralarynda kimiň kime görä ökdedigini
görkezjek “ýaryş” guramaşak etdiler. Ertire çenli her kim bir hekaýa ýazmalydy.
Ýazylan hekaýalaryň ikisinem bir günde redaksiýa eltip tabşyrmaly. Kimiň
hekaýasy birinji çap edilse şoň ýeňdigi. Ikisinem bir birden aňsat-aňsat çap
etmezler. Bardy-geldi hekaýalar şowsyz bolup, hiçisem çap edilmese “Muny masgaraçylykly
deňlik diýip yglan ederis” diýşip talyplar gülüşdiler.
Myratgeldi:
-
Gülsek gülýäs
welin, bolaýjagam şudur – diýip. umumy ýaşaýyş jaýyna girip gitdi.
Kakadurdyň bolsa öýleri şäheriň
alkymyndaky obalaryň birindedi. Ol obalaryna gidýän awtobusa münüp yzky
oturgyçlaryň birinde oturdy. Ýolagçylaryň onçakly kän däldigine Kakadurdy
begendi. Ol her ýolagçyny diýen ýaly aýratyn-aýratyn synlap gelýärdi. Gujagy
çagaly ene, ak sakal ýaşuly, özi ýaly talyp, ýadaw işçi... Bularyň hersi bir
hekaýaň gahrymanlaryna meňzeýärdiler. Emma hemmesi agyz birikdiren ýaly dymyp,
syrlaryny açmaýardylar. Kakadurdyň gözi beýleräkde duran ýidekçäň goşaryndaky
alaçasyna düşdi. Içinden “Ejesi yrymçyldyr-ow. Biriniň ýeke ogly bolmagam
mümkin” diýdi. Awtobus obalaryna golaýdaky almalykda saklandy. Orta
ýaşlaryndaky daýhan sypat bir adam düşüp galdy. Kakadurdyň gözüne baglardaky
almalar has yssy göründi. Ol gobsunyp gitdi. Bir hili geň duýgular aňynda
aýlandy. Ol öýlerine baryp, çaý-naharynam howlukmaç iýip, öz jaýyna geçdi. Notbugyny
howlukmaç açdy. Hekaýasyny ýazmaga oturdy. Emma ol hekaýa bolmady-da ulular
üçin erteki bolup çykdy.
Ulular üçin erteki
Bir bar eken, bir ýok eken...
Ulular üçin bolanyna görä başgaçarak başlasamam bordy diýip, ertekimi her hili
edip başlap gördüm. Boljak däl eken. “Bir bar, bir ýok” diýmeseň erteki
tagamsyz bolýan eken. Şouuň üçin aýplaşmaň, men diňe size gowy bolsun diýip,
gadymy däbe eýerdim. Bu däbi döredenler gaty ussat bolmaly, ýogsa şunça ýyllap
däl, asyrlap erteki bolsa “bir bar eken...” bilen başlanmazdy. Şu daglaram bar,
ertekem bar, erteki bar, “Bir bar eken, bir
ýok ekenem” bar.
Garaz, bir bar eken bir ýok
eken, bir gurçujyk bilen guşjagaz bar eken. Bu-da däp. Ertekide hökman ýa
haýwanlar, ýa mör-möjekler adam dilinde gepleşip düşünişmeli. Ýogsa hemme kişem
bilýär, mör-möjek diýilýänem mör-möjek däl, guşjagazam guş däl. Olar biziň
haýsam bolsa birimiz bolmaly. Tilki hilegärimizdir, möjek gaharjaň, gurçugam
gurçuk ýalylarymyz, guşam guş pisintlerimiz. Düşündirişim ertekimden uzak
boljak ýaly. Gowsy...
Bir bar eken, bir ýok eken bir
guruçjyk bilen guşjagaz bar eken. Gurçujyk almaň içinde ýaşaýan eken. Agzyny
çepe ursa-da iýmit, saga ursa-da. Guşgaz welin uzakly gün uça-uça zordan
garnyny doýurara zat tapýan eken. Guşjagaz gurçujygyň ýaşaýan almasyndan azajyk
dadyp gördi hem onuň şeýle tagamlydygyna haýran galdy. Içinden bolsa: “Wah, menem
gurçujyk bolsam bolmaýarmy. Şular ýaly tagamly jaýym bolardy. Ony iýesim gelse
iýip garnymy doýurardym, iýesim gelmese-de hoştap ysyna melul bolup ýatardym”.
Guşgazyň bu arzuwyny eşdip gurçujyk: “Senem giräý almalaň birine, alma gytmy?!”
diýipdir.
Guşjagaz:
-
Nädip gireýin
ýeleklem bar-a? – diýip jogap beripdir.
-
Ýelek nämäň
alnyndan, taşla-da, gir.
Guşjagaz içinden “Dogrudanam
ýelek nämäme gerek?” diýip, pikir edipdir. Soňam: - Ganatlarymam bar-a – diýip
naýynjar jürküldäpdir. Gurçuk bolsa has haýbatlanyp:
-
Gopar-da taşla
ganatlaryňam. Ynha maňa seret, ne ýelegim bar, ne ganatym. Ýyp-ýylmanajykdyryn
– diýip, almaň daşyna çykyp, Gün nuruna ýalbyrap, owadan towlanypdyr.
Guşjagazyň onuň owadanlygyna
gözi gidipdir. Emma ganatlaryndan geçmäge-de bogny ysmandyr. Ol ganatlary goparlyp
barýan ýaly hopugypdyr, biraz yza çekilip, beýleki bir şaha böküpdir.
Gurçujygam almaň beýleki böwrüni deşip, kellejigini çykaryp guşjagazy synlamaga
durupdyr. Oňa-da dünýäň gurluşyna geňirgenip garaýan guşjagazyň hekgeripjik
oturşy owadan görnüpdir.
-
Guşjagaz, sen häzir
almalaň içinde ýaşamaýanyňa gynanýaň, meniň günümi arzuw edýäň. Men welin,
çynymy aýtsam, miweden-miwä süýrenip ýörmeden bizar boldum. Bolmanda ýekeje
gezek seňki ýaly ganat kakyp uçup görsedim diýýän.
-
Uçmak hezildir
öýdýäňmi? Ganatlaryňy ýetişibildigiňden galgatmaly, döşüňdenem şemal urýar.
Mydamam bir garnyň dok bolsa, beýlekisi aç. Beýlekisi diýýänim höwürtgämde
ýoluma seredip oturan jüýjejiklem.
-
Gowudygyny! Näçe
jüýjäň bar?
-
Aý, sanabam
duramok. Sanasaň azalýamyş diýýäler. 4-5-ä bardyr.
-
Hemmesem saňa
meňseýämi? Ganatlyja, ýeleklije?
-
Dagy nämä, iliň
jüýjesini idedesim ýog-a?
-
Wah, olary göresim
gelip ölüp barýan-da. Mende ýekeje-de çaga ýok. Men bir bagty gara-la. Ynha,
daşyma öz kepenimi özüm sarap ölerin.
-
Aglamasa-na
gurçujyk, bolmasa ýör men saňa jüýjejiklerimi görkezeýin.
-
Nädip?
-
Öňüräge süýş,
hälkiň ýaly, göwräňi görkez.
Gurçujyk süýnüp-sarkyp, has-da ýaldyrap almadan daşyna
çykypdyr. Guşjagaz çüňki bilen onuň bilinden tutup, ýokarlygyna göterip, uçmaga
başlapdyr. Gurçujyk rejäň geň däldigini aňyp çapalanypdyr:
-
Guşjagaz, goýber
meni. Men ýokarda uçmaga bolamok. Eýýäm ýüregim bulanýar. Gonduraý-da meni.
Guşjagaz ganatlarynyň şuwwuldysy bilen gurçugyň näme
diýýäninem eşitmändir. Ol höwürtgesine gelip gonan badyna 4-5 sany saryja, emma
eneleriniňkä meňzäp duran çüňkjagazlar gurçujygy düýt-müýt edipdirler. Gurçujyk
diňe şol çüňkjagazlaryň saryjadygyny görmäge ýetişipdir.
Kakadurdy ertekisini boldum etse-de, ýazanlaryndan närazydy.
Birinjiden-ä ol hekaýa däldi. Ikinjidenem ol çap edilip ýörülen ertekilere-de
gaty bir meňzemeýärdi. Onuň redaksiýada halanaryndan halanmazlygy has golaý
ýaly görünýärdi. Etjek alajy ýok, ýazdy indem ‘bolmady” diýse, ýeňilenini
öňünden boýun aldygy boljak.
Myratgeldiň welin keýpi kök, ýazan zadyndan hoşal.
Kakadurdy oňa ýazanyňy okap göreýinem diýip bilmedi. Olar hekaýalary diňe çap
edilenden soň ýa-da gowşak görlüp yzyna berlenden soň okamaşak edipdiler.
On günden soň Kakadurdy öz ertekisini gazetde görüp bir
hili bolup gitdi. Ýogsa bu onuň ýazan zadynyň gazetde ilki çap edilşi däldi.
Emma, ýaryşyp ýazanlary üçinmi... Kakadurdyň hekaýasynyň gapdalynda Myratgeldiň
“Gyzlar” diýen hekaýasam ýalpyldap durdy.
“Talyplaryň döredijiliginden” diýen umumy at bilen
redaksiýa hekaýalaryň ikisinem bir gezekde çap edipdir. Myratgeldi Kakadurdyň,
Kakadurdam Myratgeldiň hekaýasyny ýapyrlyp okamaga oturdylar.
Gyzlar
Durmuşda öz taýyňy tapaýmak gaty kyn. Ene-atalaryň
barlygam bir gowy zat. Paltaň daşa degse, olaň özleri alyp çykýar. Ýöne Guwanç özüni
“palatasy daşa degen” hasap etmeýärdi. Bu onuň özünden göwnihoşlugynyň alamaty
bolup biler. Ol dünýädäki ähli gyzlara özüniňki ýaly garaýardy. Beýle pikir
etmek geň. “Geňdir dünýä – giňdir dünýä” diýileni-dä.
Giň bolaýşyny? Umumy ýaşaýyş jaýy, okuw jaýy. Bolany.
Ondan daşyndaky dünýe eýýäm Guwanjyň dünýesi däl ýaly. Hemmesi ýat, hemmesi
keseki. Guwanç beýle pikire-de öz-özünden gelmändi.
Bir gün ol bezenip-beslenip şähere çykdy. Howa-da gowy,
hatda şaglap geçýän maşynlaryň seslerem gulaga ýakymly gelýär. Guwanç suwjagaz
alaýyn-la diýip dükana sowuldy. Kiçiräjik, çolaja dükan. Içinde satyjydan başga
adam-gara ýok. Satyjysam...
Guwanjyň ömründe birinji gezek ýüregi endiräp gitdi. Satyjy
gyz Guwanjyň geljegini öňünden bilip, garaşyp oturan mysalydy. Owadan
ýylgyrýardy. Jaň gelmedik telefonyny haladynyň jübsünden bir çykaryp, bir yzyna
salýardy. Çolalyk, sessizlik, gyzyl-ak harytlaryň ýalbyrap durşy – hemme zat
öňünden gurnalan söýgi sahnasy ýaly görünýärdi.
Guwanç gyza üns bermeýänlerden bolup harytlary synlamaga
durdy. Emma ýene ogurlyk edýänimi göräýmesin diýýän ýaly onuň bir gözi satyjydady.
Satyjy gyzam hakykatdanam Guwanç dükana zat almaga däl-de, ogurlyga gelen ýaly ondan
gözüni aýyranokdy. Dükana näme üçin sowulanyny unudan Guwanç otluçöp gabyna
elini ýetirdi. Ody näme etjek? “Eý, sen şu wagt şeýle-de ýanyjak bolup dursuň!”
Guwanç gutyny çalt yzyna goýdy. Hatar-hatar goýlan suwdyr-şireleriň deňine
ýetdi. Şetdalyň şiresinden birini aldy. Indi hasaplaşmak galdy. Guwanç nalaç
satyjyň ýanyna barmaly boldy. Gyzlaryňka aňry dur diýýän kirpikmen goýun
gözlerini zordan satyja aýlady. Uzyndan inçe barmaklarynyň çalaja titireýänini
duýdy. “Gyzam muny görüp durandyr”. Guwanç elini jübüsine sokup sowara-da
bahana tapman, ýanynda göterip ýören elliligini çykardy. Ony gyzyň öňüne
oklady-da hyrra yzyna öwrülip gapa ýöneldi.
-
Gyýw, nirä barýaň?
Gaýtargyňy al-da. Adamlar nähili bolaýypdyr gyz, gaýtargylarynam yzlaryndan
gygyryp bermeli.
Guwanç sakga durdy. Bu ses ýaňky owadan gyzyňky däl ýaly
boldy. Ýa aňyrdan ejesi-beýlekisi geläýdimiikä? Guwanç gaňyrlyp yzyna seretdi.
Gyzyň öňünde ýigrimilikmi, onlukmy – Guwanjyň gaýtargysy ýatyrdy. Guwanç
pullaryny zordan aldy. Gyzyň welin hüňürdisi henizem ýatanokdy.
Daşaryň sergin şemaly ýüzüne degende Guwanç nädip uludan
dem alanyny özem bilmän galdy. Ol biraz ýöräp duralgaň deňine ýetdi. Duralga
boşlawdy. Mekdepden gelýän iki sany okuwçy oglanjykdan başga hiç kim ýokdy.
Olaram birinji gelen awtobusa münüp gitdiler. Näme üçindir Guwanç edil
çagalygyny ugradan ýaly olaryň yzyndan
garap galdy. Ýogsa häzir ol ilki görende gözüne perizat bolup görnen gyzyň
“täsirindenem” doly açylyp ýetişmändi. Çagalygy, obalary. garryja enesi,
enesiniň gyzka, geçen asyryň ellinji ýyllarynda düşürlen suraty nirden ýadyna
düşüp ýör?
Elindäki şireli suwundan birki owurt owurtlan Guwanç
yzyna – umumy ýaşaýyş jaýyna ugrady. Ol ýolboýy gyzlaryň pikirini edip geldi.
Suratda görenem bolsa, ellinji ýyllaryň gyzlarynyň ýönekeý keşbi Guwanjyň göz
öňünden gitmeýärdi. Olar edil ýanynda barýan mysalydylar. Hatda olaryň biri
Guwanja göwünlik berenem ýaly boldy:
“Jigim jan, sen gaýgy etme. Adam elmydamam ýok zady
küýsegen bolýar”.
Kakadurdy hekaýany okap bolup Myrtgeldiň oturan
oturgyjyna tarap seretdi. Ol ýüzi gülüp duran Myrtgeldiden başga hiç zady
görmeýärdi. Tarsa turup ol Myratgeldini okap oturan gzeti bilen bile gujaklady.
-
Eý, ýaman gowy
gördüm.
-
Aldamasana,
niresini?
-
Çagalygyňy
ugradyşyňy.
-
Menem saryja
çüňkjagazlary gowy gördüm.
Aňňyrrakda seýilgähiň agaçlaryny timarlap ýňren bagban
olaryň bolşuny görüp içinden: “Näme bolduka bulara?” diýdi.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.