25.01.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

25.01.12

Ýanwar 25, 2012 | 1 teswir | 963 okalan

Aslynda “Gündelik” diýilse, adamyň gündelik başyndan geçirenlerini diňe bir özi bilen paýlaşyp ýazan ýazgylary gözöňüňe gelýär. Adatça, ol ýazan adam dünýeden ötenden soň, hossarlary göwnese, halk köpçüligi üçin neşir edilýär. Biziň (ekizleriň) “Gündeligi” bu talaplaryň hiç birine-de gabat gelmeýär. Şonuň üçin, muňa gündelik – her günki aç-açan pikir alyşmak, oýlanmak diýip bolar. Emma munuň nä derejede okyjy üçin peýdaly, gyzykly, oýlandyryjy boljagyny bilmesem-de, özümiz üçin peýdaly bolar diýen umydymyz bar. Ýöne, bir zadam belli, “Gündelik” ýazýan adam köplenç öz ýazanlarynyň ir-u-giç okyja ýetjegini bilýän bolsa gerek. Şonuň üçin ol ýazgylar, näçe içgin, diňe öz-özüňe ýüzlenilip ýazylsa-da, aňyrsynda okyjynyň kölegesem görünýän bolsa gerek. “Gündelikde” mümkin boldugyça gatnaşyk edýän şahslarymyz barada ýazmakdan gaça durasym gelýär. Munuň soňy ýa-da aňyrsy köplenç gybata barýar. Ýöne töweregimizdäki adamlardan, okan kitaplarymyzdan dörän pikirleri (çeşmesi görkezilmän) başardygymdan dogruçyl ýazjak bolaryn. “Başardygymdan” diýýänim üçinem bagyşlaň, ýöne bilip ýalan sözlemejegim, megerem, şeýle-de düşnüklidir. Emma ýalan suw ýaly sähel jaýryk tapsa, syzýar. Muny ýazýarkaň özüňem duýmaýarsyň.
Şu günler köp pikirlendirýän zat – näme üçin ýazýan, ýazjak bolýan? diýen sorag. Magtymgulyda “Pikir derýasynda akyl gämisin...” diýen setir bar. Muny soň Gurbannazar poýemasynda ulanýar. Özümde halka akyl berip biljek derejede akylyň ýokdugyny bilýän. Beýle akyl gaty az adamda bolýar. Gynansamam, men ol azlygyň içine giremok. Ýöne halkyň akyl gämisiniň ýüzmegi üçin pikir derýasynyň gerekdigi jedelsiz.  Derýa diýilen, umman diýilen näçe ägirdem bolsa, kiçijik damjalardan ybarat. Derýä, umman gör, näçe million, milliard damjalaryň birikmeginden döreýär. Menem öz ýazgylarym bilen ilimiň pikir derýasynda şol damjalaryň biri bolmagy niýet edinýärin. Şonuň üçinem ýazmaga çalyşýaryn. Belki, ýazman oturyp bilemok. Damja bar, damja bar. Dury suwy bulandyrýan damja bolmakdan Alla gorasyn...


Teswirler (1 sany)

Nazar:
26 Fewral, 2012

Gündelik peýdalydyr, aram-aram girip okaýas biz-ä. Pikir derýasynda bir damja göwnejaý meňzetme bolupdyr.

Ýene bir bellik, eger siziň pikiriňizçe hem dogry bolsa, saýtdaky "haýyşt edýäris" diýen ýerdäki (t) harpyny aýyrsak gowy bolardy. Gündelikdäki her ýazgyny redaktirläp oturmaga ýagdaý ýokdur ýöne saýtyň her ýerinde görünýän ýazgylary dogry ýazsak kem bolmazdy.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.