Halk arasynda, Halk bilen, Halk üçin. Seniň razylygyň, Seniň ýoluňda, Saňa sygynýan.


Sentýabr 12, 2020 | 1 teswir | 2284 okalan

Şu gün köp garşylyklary içmde ýeňip gündelik ýazmaga girişdim. Ol gündelik bolup eden ýa-da etmekçi bolýan zatlaryn barada bolmaz. Edebiýat hakynda özüm bilen (okyjylar bilen) pikir alyşma ýaly bir zat. Saýtyň eserler bölümi açylypdyr. Ondan öň ähli hekaýalarymy ýygnap bir ýere jemlemegiň pikirini etdim. Hekaýalarym başly-barat, eýesiz ýaly bolup ýatyrlar. Hersi bir ýerde. Olary kitap ýaly jemlemek, yzygider goýmak, gowşaklaryny ýok etmek ýaly işler edilmän ýatyr. ...dowamy

Noýabr 28, 2015 | 0 teswir | 1226 okalan

Gürlemek aňsat däl. Iň aňsady dymmak. Emma dymdygyňça dymasyň gelýär. Menem şeýle gündelik ýazmak kyn, ýazmazlyk aňsat. Ýazmadygyňça ýazmanyň gowy diýýäň. Birdenem näme üçindir dymasyň gelenok. Aýdasyň gelýär.

Aýdasym gelýär. Päklik hakynda. Daglaryň gary ýaly arassa, gözleriň ýaşy ýaly dury, gojalaryň sakgalynyň aklygy ýaly parlak. Göwünler kir tutanda ondan hapa zat ýok. Göwün kirlese ony ýuwara-da zat ýok. Dagyň gary kirlese erär gider.Ak sakgal kirlese ýuwup ...dowamy

Awgust 08, 2015 | 1 teswir | 1092 okalan


Köpden bäri başga sahypalara girsemem özümiňkä hiç zat goýman ýörün. Onuňam sebäbinem bilemok. Bärde okaýan azdyr, ýöne maňa iň gowy düşünýänler hem menden kemçilik gözleýänler bu ýere girýändir. Durmuş-da bu. Hemme göz - göz. Emma hersiniň seredişi, görüşi başga. Häzir ýene bir hekaýa goýýan. Arada biraz gysgaldylyp Edebiýat-Sungatda çykdy. Gazetde adynam "Söýgi" diýip goýupdyrlar. "Dürli söýgüler" diýlen bolsa has gowy boljak eken. Men adyny üýtgetmedim. Bir ...dowamy

Aprel 19, 2015 | 0 teswir | 1017 okalan

Aprelem tamamlanyp barýar. Günleriň at salaýşyny. Özümi olarda ýaşap etişmeýän ýaly duýýaryn. Ýokary tizlikde barýan metroň wagonlaryna özümi atmasyna atypdyryn emma bu tizlik... garaşan tizligim däl. Uçarda bolsaň tizlik hasam ýokary bolýar emma ony duýman otyrsyň. Bu ýerde welin ok ýaly uçup ahyrky duralga - düşmeli duralgaňa barýanymy özüm duýup durun. Hökman etmeli işlerime ýapyşýan. Ýöne olaryňam hökmanlygy şu günlükçe. Has uly hökmanlygy etmäge-de elim baranok. Ara ...dowamy

Aprel 07, 2015 | 0 teswir | 1065 okalan

Ýazyň çykany barha aýdyň bildirýär. Gapyda kesilen üzümler aglamasyny goýdy. Indi olaryň pyntyklary ýapraklap guşlary özüne çekýär. Howaň bulutlaşygy aýrylşyp Günüň gyzgyny barha artýar. Tüýs kino düşürmeli günler başlanýar. Biziň kinomyzam biraz yza süýşdi. Ýöne şonda-da erbet däl. Ýaşyl baýyrlar, dag etekleri, şol ýerlere çykyp häzirki dokumental filmimizi alyp ýörüs. Ertir has köp işleri bitirmeli.

Adam nähili gymmatly! Hasam bile tirkeşýän dostuň. Wagt geçýär, tirkeşmäň galyşýar, soň ...dowamy

Mart 17, 2015 | 0 teswir | 863 okalan

Ýazyň gellmegi mundan öň mende beýle duýgulary oýarmaýardy. Bir hili maşyn sürüp bilmeýän halyma ýokary tizlikde gidýän maşynyň ruluna geçip, onam bilmeýän, görmedik ýollarymdan sürüp barýan ýaly bolup durun. Öňümde bolsa maňa nämedir bir zada urulmak garaşýan ýaly. Emma gijelerine kä gün bolaýmasa köplenç rahat ýatýan. Birine gaharym gelip gaty söz aýdamok. Hiç kimi ynjytmajak bolýan. Göwnüme bolmasa baryp uruljak zadym - biriniň göwnüne degmek ýaly bolup ...dowamy

Mart 01, 2015 | 1 teswir | 922 okalan

Bu gün 1-nji mart! Gurbannazar neressäň doglan güni. Irdenden bäri kellämden çykanok. Okan zatlarymda-da, gören zatlarymda-da, eşidenlerimde-de, gündelik adaty zatlarda-da ol ýadyma düşdi durdy. Hasam töweregimdäkileriň hereketlerinde ony görmäge çalyşdym. Haýran galaýmaly, bu ýagdaý maňa köp zady aýtdy. Adamlar bilen öňkümden has mähirli bolmaga çalyşdym. Gören, okan zatlarymy şahyrlarça aňymdan geçirdim. Bir topar goşgulyk pikirler kelläme geldi. Olary belläp almasam ýadymdan çykmagam mümkin. Ýöne bellärin. Sähelçejigem gaharlanmadym. ...dowamy

Dekabr 19, 2014 | 0 teswir | 922 okalan


Häzirki goýmakçy bolýan hekaýamy Ertirlerde-de goýdum. Emma okyjylaryň kän ünsüni çekmedi. Ol ýerde goşgy gowy okalýar.

Şu günler ýürek agyry horlaýar. Eýýäm bir aý bolup barýar, aýrylasy gelenok. Doktoryň beren dermanlaryny atýan kän peýdasam degenok. Irden gezelenje çykmaly, biraz hereket gerek. Hany görerisdä. Beýdibä uzak çydatjak däl. Hekaýany okap görüň, hakykatdanam boş bolmagam ahmal. Bilmedim. Ady "Tabakdaş".

...dowamy

Dekabr 16, 2014 | 0 teswir | 862 okalan

Sahypamyza käwagt biri giräýýär öýdýän. Köp wagtlap zat ýazmanymyzdan soň adamlara üýtgeýän zat ýokdur diýip gelmelerini goýandyr. Dogrusy, üýtgeýän, hatda üýtgejegem zat ýok. Dünýä ahyrete çenli şol bir akymynda geçip dur. Şujagaz çaga ulalanda nähili bolarka, ol ulalýança köp zat üýtär, özümem üýtgärin. Şonda nähili bolarkam diýýärdim. Şol çagajyk öýeräýmeli ýigit bolup ýetişdi. Ýöne menä üýtgän zady görmedim. Şo bir günler. Üýtgemek diýip men gaty uly zady göz ...dowamy

Dekabr 14, 2014 | 0 teswir | 862 okalan


Bugünem bir hekaýa goýaýyn. Okap pikirini aýtjaklary gürrüňdeşlige çagyrýaryn. ...dowamy

Dekabr 12, 2014 | 0 teswir | 952 okalan

Meniňki gündelik däl, hepdeligem däl, aýlyk ýazgylara meňzeýär. Ýadyma düşen wagty ýazyp duran ýaly. Edil beýle-de däl welin, daşyndan olşeýle. Ine bu günem bir zatlar ýazaýyn diýdim. Içime sygmanam däl, siziň ünsüňizi özüme çekmek üçinem däl. Köne ýazgylaryma girdim welin okaýan gaty kän eken. Onsoň olar bilen gysgajyk wagtlyk söhbete gireýin diýdim. Oba hojalyk institutynda bile okan kursdaşlarymy ýatladym. Olaryň ýarsyndanam köpüsi ýogalypdyr. Imanly bolsunlar. Ýene ...dowamy

Maý 17, 2014 | 2 teswir | 973 okalan

Maýyň 5-nden bäri dynç alyşda. Gowy işlärmikäm diýýärdim. Ekzýuperiň terjimesini dowam etdirýän. Olam gaty kyn. Şony dynmanam başga zat etmäýin diýip dyzap otyryn. Ýogsa ol ýene galjak. Hydyr bilen täze ssenariýni bolduk etdik. Tudanalar bişdi. Her gün irden açöze iýýän welin derman bolaýýar. Limonlary bejerjek bolýan. Umuman fiziki işden elim çykypdyr. Şoňa dözmesem onda bolmaýar. Fiziki zähmetden galdygň ruhy işem çöker. Ikisini bile alyp gitmeli.

Howa ...dowamy

Mart 29, 2014 | 0 teswir | 974 okalan

Birki günlükde ýarawsyzyrak bir işdeş ýoldaşymdan "Nähili ýagdaýlaryň?" diýip soramda "Duşmanlarym gynanyp, dostlarym begener ýaly ýaşap ýörin" diýdi. Bir hili bolup gitdim. Ýogsa ertekilerimizde-de "Dostlary şat, duşmanlary mat" boldy diýilýär. Adam şeýle derejede biri-birine duşman bolup bilşine haýran galýan. Duşmançylyk diýilýän zat görmedik zadymam däl welin... biriň begenjine beýlekiň gynanmak, hiç akylyma syganok.

Ýaz çykdy. Bahym Hydyram gelmeli. Guma gidip bilsek diýip ýörin. Kelläme, pikirlerime dynç ...dowamy

Mart 18, 2014 | 0 teswir | 930 okalan

Ýazyň çykany bildirýär. Bir hili sähel zada göwnüm göterlip, sähel zada-da gaharym geljek bolup dur. Tebigatdaky täzelenmegiň adama hiç hili täsirsiz geçmegi mümkinem däl. Hekaýa ýazasym gelýär. Käbir ýazylmaly zatlar düýşüme-de girip başlady. Şu wagt başga zada başymy galdyrman ýazmalymykam diýýän. Ýazmaga dyrjaşýanam. Ot örgününde eden zatlarymdyr-da diýip soň gyş günleri gaýtadan serederindä bolmasa. Ýöne häzire çenli ýazanlarym şowsuz çykanok. Alla ugruna etsin-dä. Soňky hekýalardan birini häzir bärigem ...dowamy

Mart 15, 2014 | 0 teswir | 926 okalan

Gündelik ýazgylaryma girmäge ýaýdanyp durun. Ýazsam haýyrlydygynam bilemok, biderek wagt geçirmekdiginem. Diňe öz wagtyma däl,okajak bolup sizem wagtyňyzy ýitirersiňiz. Iň soňunda-da okan zatlaryňyz känbir göwnüňizdenem turmaz. Aý, bor-da diýer geçersiňiz. Men bulary özüm üçin ýazýan diýsemem bu-da dogry däl. Özüm üçin ýazsam men olary iliň okajak ýerine ýazmazdym. Öz başyma bir ýerde ýazar goýardym. Okarsyňyz diýip ýazýan. Okaýanlaryňam bardygyna begenýän hem ýazgylarymdan tamaňyz çykýarmy şony bilmän ...dowamy