Näme üçin?
Anyk bilemok haçandan, ýöne köpden bäri bu sowaly, soragy unutdym. Ne özüme, ne başga birine ýa-da töwergimde bolup geçýän hadysalara, wakalara “Näme üçin?” diýemok. Gynansamam, begensemem ýa-da başga biri aglap oturanam bolsa “Näme üçin?” diýemok. Aglaýana elimden gelen kömegi etjek bolýan, edip bilmesem oň halyna gyýylýan – “Bu näme üçin beýle?” diýen sowal akylyma gelenok. Bu bilgiçlikden däl. ...dowamy
Ok (hekaýa) dowamy
Sowatsyz adamlar-da. Eýläňe-beýläňe seretmäňkäň geçip barýan ömürde ömürden gymmat zat ýok – şony bilýän. Hawa, senem öljegiňi bildiň, menem. Muny öňünden bilmek uly jogapkärçilik, agyr ýük. Ýöne sen «ýazgyt», «kysmat» diýip, onuň çözgüdini Allaň boýnuna atdyň. Şoň üçinem rahat, parahat öldüň, men welin, ony öz boýnuma aldym. Ahyram uruna-uruna diri galdym. Tüýkürse tüýküribersin Sylap ýüzüme. Ynanmasyn. Kim oňa gaçgak halyňa öldüriljek göle ýaly yzyma ...dowamy
Ok (hekaýa)
Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin ...dowamy
Maksat
Merdanlar ilkije bäbeklerine, onda-da ogul bäbege ...dowamy
Başarjaňlyk
Bir zat anyk belli - biz hemmämiz çagalarymyzyň saýlama çaga, saýyrdyň ýigit, göreni höwes etdirýän, elýetmez gyz bolup ýetişenini isleýäs. Bolmalysam şeýle. Dokuz aýlap göwrede göterip, dünýä indirip, suw diýse süýt berip, süýt diýse gaýmak berip ulaldan çagaň üýtgeşik gowy bolmagyny islemegiň tebigy bir zat. Ýöne soňky döwür, “Adaty görünýän bu isleg dogrumyka?” diýýän. Biz çagamyzyň beýleki çagalardan ir emedekläp ...dowamy
Maslahat
Öňler bir işi bitirmejek bolsaň maslahatlaşmaly ...dowamy
Gaýnata
1941-45 urşuna alynyp, gaýdyp gelmedik Baýly kakamyň aýaly Orazjemal gelnejem bizde bolardy. Baýly kakam oňa “Maňa bir zat bolaýsa, Amangeldilere bargyn” diýip uruşdan ýazypdyr. Ýeke gyzy bilen ýeke galan gelnejem bizde-de dünýeden ötdi. Meni gelnejeme ogullyk beripdirler. Ýöne Orazjemal gelnejem bizde ýaşansoň, men ejeme “eje” diýýädim, gelnejeme bolsa “Öweje”, hatda gelnejemdiginem bilmeýärdim. Bütin ömrüni ...dowamy
Özbekleriň ýurduna syýahat
Nesibämiz çekip özbekleň ýurduna gitdik, Ylýas bilen, gezelenje. Buhara, Taşkent, Samarkand şäherlerinde bolduk. Buharada diňe Nagyşbendä zyýarat edip bildik hem şo ýerde juma namazyny okadyk. Ýolda bizi haýran galdyran zat — diňe halaýan häsiýetlerimizdäki adamlar ýoldaş boldy. Halamadyk, keýpimizi gaçyran hiç zat bolmady.Aslynda menem, Ylýasam 1976–77 ýyllarda Taşkende iki gezek gelip görüpdik. Men TW-de işlämsoň iki aýlyk kurs powyşeniýä iki ...dowamy
Ak sakally režisýorlar (soňy)
Aslynda, bu gürrüň beýle uzaga çeker öýtmändim. Ýogsa başardygymdan gepi köpeltmejek, kä bir zatlary ýazmasam gowy, ters düşünäýmesinlerem diýibem geçdim. Belki, indi antireklama diýen ýaly ýalňyşan ýerlerimiz hakda ýazsam laýyk bolar. Iň uly ýalňyşlygymyz, (eger ýalňyşlyk bolsa), biz tomaşaçy hakda az pikirlenipdiris. Beý diýsem göwnüňize almaň, ýöne öwrenşilen zat köplenç normal kabul edilýär öwrenişmedik zadyňy bir bada kabul etmek kyn. Biziň ...dowamy
Ak sakally režissýorlar (dowamy)
Bu kinoň ssenarisiniň esasynda bir bolan wakajyk bar. Inilerimiziň ogullarynyň biri oglanjykka goňşularynyň towuk keteginden ýelek getirip, mellekleriniň bir gyrasyna ekin eken ýaly edip sanjyp çykýar. Soňam ejesine “Ýelek ekdim, jüýje çykar ýaly” diýýä. Öýdäkiler muňa gülüşýäler welin, “Oýun etdim-laý” diýen bolýar. Soň muny geňje zat diýip, ilki hekaýa, soň kinossenariý edip ýazdym. Biraz ...dowamy
Ak sakally režissýorlar
Sakally diýýänim hakyky türkmen sakally – bäş wagtyny sypdyrman okaýan, “namazly-täretli” diýilýän sakally ýaşululaň kino režissýorlugy hakda. Dogrusy, başdalar birhili bolýadym, kärimiz edebiýat, sungat bolsa, sakal goýbertmek nämämize gerekdi diýýädim. Diňe türkmende ýok bolaýmasa, “sakalyny sallap” her dürli kärde işleýänler beýleki milletlerde kän, musulmanlaryň arasynda-da şeýlemikä diýýän. Ýeke-ýeke milletleri sanap, içinde sakally režissýory bolmadyk ...dowamy
Gussamerk
Soňky döwür geň keseller hakda ýazgylar, gürrüňler köpelen ýaly – stress, depressiýa, alssgeýmer... Birhili adamlar juda köpelip, olara öýleri darlyk edýäne meňzeýär. Dargursaklyk, howsalaçyllyk adamda daşyndan görünýän, göze dürtülýän ýagdaýlar. Ýöne göwnüme, synçy göz bolaýmasa kän bildirmeýän, dert bar – gussa. Häzirki döwürde göwün gussasy has artan ýaly. Belki, informasiýa, kompýuter, el telefonlary, internet... köpelendigindendir, bilmedim. “Jahan çyrşygy ...dowamy
Täze ýurt
Öňräkden bäri pikirini edip ýördüm Ekizler2-iň könelendigi hakynda. Ilki nägile bolýan zadym surat goýup bolmaýandygydy. Köne suratlar hakynda birnäçe ýazgy ýazdym, ýöne suratlary ýanynda goýup bilmedim. Garaz, biderek başyňyzy agyrtmaýyn, Medium. com diýip saýt bar eken şonda öz adyň bilen ýazgylaryňy goýup bolýan eken. Menem ýuwaş-ýuwaş şo saýta geçmekçi bolýan. Häzir birki sany ýazgy goýdum. Biri köne 1990-njy ýyllarda ýazylan geroin belasy hakynda, birem ekizlerde öň ...dowamy
Remezanyň goşgulary
Remezan diýip bir ýigitden goşgularyny aldym. Siziň bilen paýlaşaýyn diýdim. Okasaňyz pikiriňiz aýtsaňyz. Aslynda biz ekizler2-de diňe Ylýas ikimiziň ýazgylaryny goýmakçydyk. Şu gezek kadadan çykdym. Ýöne indi başga biriniň goşgularyny ýa-da ýazgylaryny saýtymyzda goýmak niýetimiz ýok. Şu gezek kadamyzy bozanym üçin, Ylýasdanam, hemmäňizdenem ötünç soraýan. Remezanyň goşgulary eserler bölüminde. Eger pikiriňizi aýtsaňyz menem begenerin Remezan-a hasam begener. ...dowamy
Adam tanamak
Adamyň kimdigi nähili ýagdaýda has gowy bildirýäkä? Birki gün bäri şuň pikirini edýän. Aslynda, birini tanajak bolmak, ýa biri bilen gatnaşyk açjak bolmak derdimem ýok. Birden ýöne kelläme geldi-de. Has dogrusy, kimdigiňi bilmek başga biriniň kimdigini bilmekdenem has möhüm bolmagam mümkin. Käte-de adamyň özüne özünden belet zadam ýok, ýöne bilmediksirän bolýaram diýýän. Birhili özüňe beletdigiňi özüňe aýtsaň, ýaşamak has kynlaşaýjak ýaly. Käte-de hakykatdanam, özüni tanamaýanlara-da duş ...dowamy