02.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

02.02.12.

Fewral 02, 2012 | 0 teswir | 935 okalan

Dogrusy, düýn, türkmeniň belli kinorežissýorlarynyň biri ......... baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýew bilen telefonda gürleşdim. Täze kitap ýazypdyr, özüniň WGIK-de, kino surata düşrende öwrenen, alan tejribelerini kitaba geçiripdir. Ýüz gowrak sahypa, ady “Kinorežissýor”. Agşam kitabyň ýarsyny okadym. Kitapda Halmammet aganyň kino bolan söýgüsi, yşky şeýle bir gowy görünýär. Adamyň işine şeýle söýgüsi, garaýşy bolan wagty ol hökman gowy netijeler, has dogrusy, özüniň islän, maksat edinen netijesini alýar. Ol kitabyny medeniýet inst. Talyplary üçin ýazdym diýýär, ýöne ony kino sungatyna biparh garamaýan giň okyjy köpçüliginiňem gyzyklanyp, hezil edip okajagy görnüp dur. Umuman Halmämmet aga bilen tanyşlygym mekdep ýaşlarymdan 10-12 ýaşlarymdan başlady. Ol o wagtlar türkmen telewideniýesinde režissýor bolup işleýärdi. Menem onuň alan tele-spektaklynda oglanjygyň, gysgajyk epizod roluny oýnapdym. Halmämmet  aga hakynda aýratyn ýatlama ýazmak, bolmanda ýadymda galanlary belläp almak gerek. Ýöne biz türkmenlere mahsus häsiýet adam öläýmese... Gurbannazar “Ölemden soň görjek ähli hormatyň / Dirilikde ýeke birini görsem” diýýärdi. Bu-da aýry bir tema. Häzir düýnki sözümde tapyljak bolaýyn. Edebiýata garaýşym. Seni gozgamasa, dünýäňe täsir etmse, pikirleriňi, beýni öýjükleriňi oýarmasa... diňe wagtyňy alýan, güýmeýän telegepleşiklere (orslar oňa “razwlekatelnyý” diýýär) türkmençeläp aýtsaň boş ýazgylary okamagam, ýazmagam ýigrenýän. Diýmek, başga birini gozgajak zat ilki bilen ýazýany gozgamaly. Käbir edebiýat bilen meşgulanýanlaryň arasynda aýdylýan ýa-da ýüreginde göterýän sözi bardy “Eý, men köpden bäri gazýetde çykyş edemok. Gazýete bir hekaýajyk ýazmasam bolmaýar”.  “Hekaýajyk” diýibem seniň ýanyňda kiçigöwünlisiräp aýdýar, hakykatda welin... Bir şahyr hakynda gülüşip gürrüň edýärdiler. Ol “Agşam bäş sany goşgy ýazdym ikisi genialnyý, üçüsem otliçnyý” diýýärmiş. Belki, diýdirýändirler. Aýtjak bolýan esasy zadym ýazýanyň eserinde özi görünse ondan eser bolmaýar. Awtor ýitip, ýok bolup gitmeli. Edebiýat ýazýanyň ýüreginiň ýarasy, ýöne ýaraly adam dat-bidat kömek ediň diýip gygyrýandyr, ýazýan görgüliň şony etmäge-de haky ýokdur. Bir wagt biriniň iki ogluny, ýigit çykan ogullaryny pöýezd kakyp öldürýär. Şonda olaryň kakasy aglanda sesem çykmaýardy, ýüzüne ullakan gyraly ýalygy tutup elenip, aşak çökäýýärdi. Ony goltugyna girip ýerinden turuzýarlar welin, az salyndan ýene ýüzüni tutup çökäýýärdi. Agy ýürekden çykanda sessiz bolýan eken. Grbannazaryň kakasy Eziz aga-da “Kürräm indi gelmezmi?” diýip çiňarkan gaýdyberýän eken. Oňa uzak ýaşamaz diýdiler. Aýdyşlary ýalam bir ýyl töwereginden o-da gitdi. Edebiýaty şeýle dertli göresim gelýär. Beýle diýsem diňe “Gamlet”  ýa-da “Korol Lir” bolmaly diýdigim däl, “Wino iz oduwançikow” diýip bir gowy görýän kitabym bar Bredberiňki. 12-13 ýaşly oglanjyklar hakynda şeýle bir ganatly, oýlandyryjy, täsirli kitap. Ýa-da Ekzýuperiň “Planeta lýudeý” diýen kitabyny ýadyňyza salyň, nähili durmuşa, dirilige, ýaşaýşa söýgi bilen ýazylan ýagty kitap. Belki, “dertli” diýmän “joşgunly” diýmelidir, bilmedim. At esasy mesele-de däldir, belki. Emma, ilki hekaýa ýazaňda özüňden beýle uly talap edeňok, bu duýgy soň-soňlar gelýär. Emma, ussaçylygy, hatda dutar ussaçylygynam kär edinip bolar, ýöne, ýazyjylygy, kinirežissýorlugy kär edinmek dogrumyka? Hemingueý garrap ugransoň, ýazýan zatlaram gowşak çykyp başlansoň özüni atyp öldürýär. Onuň eden işiniň gabahatdygy belli zat. Ýöne namazyňam ilgörsün diýip okaýan bolsaň, gowsy okama diýilýär. Diýmek, eser ýürekden, çyn ýürekden çykmaly. Bu birinji. Galany barada ertir.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.