24.11.12
Birki günlükde
“Indi Gurbannazar ýaly şahyr dörärmi? Dörese, haçan dörärkä?” diýip bir gürrüň
çykdy. Aslynda, bu gürrüň öňräkden bäri bar. Köp kişi, esasanam,
ýazyjy-şahyrlar muňa “Dörär. Haçan dörejegini bilemizok, ýöne gaty köp
garaşmalam bolmaz” diýýärler. Muny esaslandyrmak üçinem “Gurbannazary näçe
öwsegem, gowy görsegem, şeýle elýetmez derejede däl” diýip, şahyry peseltmek
arkaly, indiki, Gurbannazardanam güýçli şahyry getirjek bolýarlar.
“Gurbannazarda çuň pikir, fiosofiýa az. “Ölüm näme tebigata garylmak”
pelsepesi. Ýöne “Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin...” diýýän, ýokary derejede
lirika, nagyş, şahyranalyk bar” diýýärler. “Diýýärler” diýip, anyk adamlaryň
adyny tutmaýanym üçin, aýplaşmaň, munuň geregem, ýok. Hatda muny öz adymdanam
aýdyp bilerin. Sebäbi şu pikirleri özümem bir döwürler aklymdan geçirdim.
Gurbannazar dünýeden öten ýyllary, “Nesiller poemasy” diýip, peýesasynyň
sahnada goýulýan wagtlary “Gurbannazardan Magtymgulynyň sesi eşdilýär” diýseň,
“Goýsan-aý, öwmelimiş diýseler diýip goýberýäň. Gurbannazar nire, Magtymguly
nire?” diýerdiler. Muny Gurbannazaryň özem “Men nire, sen nire eziz Pyragy”
diýýär. Ýöne soň, “Senden daşlaşýanmy, barýanmy saňa?” diýen setirini mysal
getirip, başga-da kän setirlerini alyp, Gurbannazaryň Magtymgula ýakynlygyny
aýdýarlar. Emma, esasy mesele munda däl. Hiç wagt Lermontow Puşkine
ýakynlaşdyryljak bolmandyr – olaryň hersi öz ýerinde şahyr. Pürli agany Mylly aga
bilen deňeşdirjek, “Haýsy has ussat?”
diýip derde galmak, diňe saza, şygyra düşünmeýänleriň derdi.
“Gurbannazar Magtymguly ýaly, şonuň derejesindäki şahyr” diýenimiz bilen
Magtymguly kiçelmez. Belki, Gurbannazaryň ruhy “Nädýäňiz-aý? Gowsy, goşgy okaň,
şahyrlary söýüň. Biz ýaryşa goşulan atlar däl, haýsy ozar diýer ýaly” diýip
birahat bolar. Indi “Gurbannazardanam güýçli şahyr dörär” diýenimiz bilenem
Gurbannazar kiçelmez. Sebäbi muny hakyky şahyrlar hemişe arzuw edip “Özümden
ökde bir ýaş oglanyň goşgularyny okasadym, nähili begenerdim” diýip gezýär.
Emma, türkmen Jelaletdin Rumynyň “Mesnewileri” ýaly eserler ýazjak şahyra
mynasyp, şoňa teşne, şonuň arzuwynda. Alla ynsan bolsun, millet bolsun, eger ol
ýüregi bilen dileýän bolsa, şol dileginiň kabul bolmagyna-da mynasyp bolsa,
dilegini yzyna gaýtarmaz. Inşaallah, şeýle bir şahyry bize berer. Nury
Halmämmetdenem güýçli kompozitory bize berer. Ýöne, esasy mesele, biziň şol eserleri
ähli manysy bilen kabul edip, düşünip, durmuşymza ornaşdyryp, näçe sowatly bolsagam
özümizi nadan, bisowat hasaplap, has sowatly bolmaga hereket etmegimzde. Gurbannazar
“Söýüň meni” diýende, özi üçin söýüň diýendir öýdemok. Oňa ejesiniň, kakasynyň,
gelniniň, çagalarynyň, dostlarynyň söýgüsem ýeterlik. Gurbannazary, Magtymgulyny
söýmek biziň özümize gerek. Eger kämilleşmek, Alla söýgüsine ýetmek isleýän bolsak,
biz şol söýgüleriň üsti bilen ýetip bileris. Gurbannazardanam güýçli şahyryň gelmegi
üçin ilki bilen bizde Gurbannazara hakyky söýgüniň bolmagy gerek. Şol söýgi indiki
şahyrymyzy dünýä indirer. Çünki, şahyrlyk şahyra söýgüden, mertlik mertlige söýgüden,
halallyk halallyga söýgüden, sowatlylyk sowtlylyga söýgüden... (muny isledigiňçe
dowam etdirip bolar) döreýär dälmi?
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.