29.11.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

29.11.12

Noýabr 29, 2012 | 0 teswir | 1025 okalan

“Kim aýdypdyr pany diýip bakyga,

Ýaşanyňa juda degýär bu dünýe.”

Gurbannazaryň bu setirlerini bilýänsiňiz. Ýöne kim aýdypdyr pany diýip? Magtymguly. “Senden daşlaşýanmy, barýanmy saňa?”, “Ýekeje setirim, bir sözüm bilen / Harlamaweräýin Pyragyň kärin” diýen Gurbannazar Magtymgula garşy gidýärmi?

Bu pikiri eşden badyma özümi saklap bilmedigem bolsam, soň pikir etdim. Gurbannazar gönüden-göni aýdyp dur bu dünýe baky diýip, onsoň ylymy nukdaýnazar bilen şahyry we onuň ýaşan döwrüni öwrenseň, her bir zada obýektiw baha berseň... Magtymgula-da sowetler “Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen” diýipdir, ezilýän garyp halkyň arkasyny alypdyr, baýdyr mollalary kötekläpdir. Emma, döwri didniň höküm sürýän döwri bolansoň aç-açan aýtjagyny aýdyp bilmändir” diýýärdiler. Indem Gurbannazaryň setirlerinden dini manylar çykarjak bolmak, sowetleriň Magtymgulydan proletariatyň arkasyny alan şahyr ýasajak bolşy ýaly bolmazmy? Gündeligi gysga ýazmaga çalyşýanymy bahana edinip, ýasajak bolýan bolsalar boş pişedir, sebäbi Magtymgulynyň “rewolýusioner” şahyrdygyna ynanmady. Hatda Gurbandurdy Gurbansähet Meňlidenem rewolýusioner ýasajak bolupdy. TÝUZ-yň aktrisalary (atlayny tutmaýyn) muňa yhlas barynam siňdiripdiler – olaryň yhlasy ýer tutmady, hiç kim bu jypdyrma ynanmady.

Gurbannazar “Guşlar bilen söhbet açdym / Men bakylyk barada” diýende, nämä diýjek bolduka? “Bir seň bilen bakylyk bardyr / Hem şoňa ynanýan şahyr ýüregim” diýende näme diýjek bolduka? Näme üçin Gurbannazaryň goşgulary söýgi, saralan ýaprak, pyntyk, güller... ýaly zatlar hakynda bolsa-da ýüregiňde has çuňrak pikirleri, sowet ideologiýasyna, kodekse sygmaýan düşünjeleri oýarýarka?

Gurbannazar – bu dünýäni gowy görerdi. Emma, lezzetini, mal-baýlygyny, keýpi-sapasyny däl – onuň ajaýyplygyny gowy görerdi. Gurbannazaryň tä ölýänçä aýlygyny getirip ejesine berendigini, onuň joraby, köýneklerine çenli ejesiniň alyp berýän ekendigini köp mysal getirýän. Onuň keýpden, oturlyşyklardan gaçyp, agam Baýramgulularda bir aýlap ýaşap “Mukaddes ýalan” poemasyny ýazanynam bilýänsiňiz. Ol dünýä materialistleriň nazary bilen garamaýandygy üçin ony söýýärdi. Gülünde gudrat görýärdi, daňynda gudrat görýärdi, sazynda gudrat görýärdi... Muny entegem uzaldyp bolar. Ol özüni baky hasaplaýardy. Özüniň söýýän dünýesinem baky hasaplaýardy. Onuň “baky” sözüne siňdirýän manylaryny duýýansyňyz, muny çintgeläp, bilýänleriňizi gözüňize dürtjek bolmaýyn. Ajal, ruh, bakylyk, şükür, tebigat, toprak... ýaly düşünjelere sygdyrýan manysy, “öldüň gutardy” diýýän öz döwrüniň ideologiýasyndan has çuňdy, inçedi. Şukşin “Kalina krasnaýa” diýen kinosy bilen meşhurdy, onuň bilen bile, bir režissýoryň (S.Gerasimow) ussahanasynda ýetişen Tarkowskiý “Stalker”, “Andreý Rublýow” diýen kinolary bilen meşhurdy. Ýöne Tarkowskiý dünýä meşhur. Onuň kinolary kadrma-kadr owredilýär, öwrenilýär. Ýakynda onuň şahsy arhiwini 1mln. dollardanam gymmat baha bilen Orsýet satyn aldy. Tarkowskiý “Solýaris” diýen kinosy bilen halkara kinofestwalda baýrak alanda iki sany polýakmy, çehmi jurnalistleri interwýu almaga gelýärler. Tarkowskiý olardan “Siz Hudaýa ynanýaňyzmy?” diýip soraýar. Olar “Ýok” diýenlerinde ol “Onda meniň size aýtjak zadym ýok” diýip jogap berýär.

Bir zady bilýän sowetler “Magtymguly köne döwrüň şahyry. Döwrüniň pidasy bolan şahyr we ş.m.-ler” diýip, ony bizden daşlaşdyrdylar. Gurbannazaram söwetler döwrüniň pidasy daşlaşdyrjak bolamak ýalňyş. Muny bilibem edip bolar, bilmänem. Her ugruna Gurbannazaryň diýmedik zadyny diýdirip bilmersiň, emma onuň goşgularyna gönüden-göni düşünip: “Kim bu dünýä pany diýýär?” diýmän manylar gözleseň, köp zatlaryň üstünden bararsyň. Gurbannazar neresse-de keýpine: “Maňa elli ýyldan düşünerler” diýmedik bolaýmasyn? Bir ady anyk aýdyp bilerin B.Kerbabaýewiň kerwanbaşylyk eden edebiýatçylarynyň kerwenine Gurbannazary goşmaň. Olaryň edebiýata düşünşem, ondan gözleýänem, maksadam, ýolam... bir däldi. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.