02.12.12
Düýn
wagtynda iň güýçli ýazyjylarymyzdan biri hasaplanan biriniň bir powestini
okadym. Belki, bu dogry däldir, emma, ilki bilen akylyňa gelýän soraglar
powestiň baş temasy, esasy aýdyljak bolýan pikir, ýazyjynyň kimiň
tarapyndadygy, halkyň, milletiň, öz ogul-gyzyň şuny okandan soň gowy tarapa
üýtgejekmi ýa-da ýok.
Baş temasy – uruş. Uruş sebäpli bir gelin (gaty ýaş gelin, adamsy bilen
belki, bäş günjik ýaşan gelin) dul galýar. Aýal adama, onda-da ýaş gelne
ýekelik agyr düşýär. Ol Alla tarapyn ýazylan bu ýazgydy göterip bilmeýär.
Esasy aýdyljak bolunýan pikir – uruş nähili aýylganç zat, ol ynsanam hiç
kime öwrüp, ähli mukaddes hasaplan zatlaryny – namysyny, hatda ömrüne çenli
depeledip bilýär.
Ýazyjy şol gelniň (iň soňunda özüni asyp öldürýän gelniň) tarapynda durýär.
Powestiň başyndan aýagyna çenli ol beýleki tarapa, gelni aýyplamak tarapyna
geçmeýär. Beýle bir zat onuň akylyna-da gelenok, edil gelniň edýänini dogrumyka
diýäýse, urşuň arkasyny alaýjak ýaly.
Bu eser halka, millete, öz ogul-gyzyma peýdaly bolup biljekmi? Bu sowaldan
senzuranyň ysy gelýär. Gör, nijeme eserler, hakyky eserler az sanly adamlaryň
tutuş halkyň ýerine pikir etmekleri, olaryň ýerine karar çykaryp, meseläni
çözendikleri sebäpli kösenç gördi. Emma, geň ýeri, senzura hemişe hakyky
eserden ýeňilýär. Birbada üstün çykýan ýaly görünse-de, ahyry ýeňilýär. Bapbaň
hakykaty ýaly, ony başaşak gömseňem, ol ýene çykýar, dikelýär. Emma, ynsanyň
ýasalşy şeýle, ol aşpez şunça yhlas etdi, şunça oda ýandy-bişdi diýmeýär –
öňünde goýlan nahary ilki dadyp görýär. Baş gahryman gelin ýekelige çydap
bilenok, ýekelik agyr, ol diňe Hudaýa ýaraşýar. Ýöne häzir uruş ýok, emma,
aýallar, gelinler, gyzlar öz söýgülilerinden jyda düşüp bilýärler. Biriniňki
ölýär, ýene biriniňki türmä düşýär, ýene biri başga birine öýlenýär, ýene biri
senden soň başga birine aşyk bolup, aýrylyşyp, seni taşlap gidýär... durmuşda
ýazyjylaryň iň güýçlisiniňem akylyna-da gelmejek hadysalar bolýar. Şeýle
ýagdaýlarda Allanyň edenine närazylyk görkezmek dogrumy? Öz gyzym şeýle etse,
men begenerinmi? Eserde uruşda adamsy ölüp, ojagyny saklap oturan aýallar ýaňsa
alynan ýaly, hatda olar gizlin gatnaşykda bolup, il gözüne perişdesiräp ýörler
diýen ýaly, gümürtük görnüşde, pikirler aýdylýar. Edil şonuň ýaly, müjewir
bolsaň, “gözüň hüwüňki ýaly bolar” diýen ýaly, “Uýaňy ussahanada pylany mynçgalaýar”
diýen ýaly, aňyrsynda birgiden ters pikirler ýatan güm-samp (soňuna çenli açylmadyk)
gürrüňler edilýär. Türkmende “Är öldi – hatyn talak” diýen söz bar. Hiç ýerde
muňa, hiç türkmen garşy gitmändir. Hawa, äri öleniň yzynda galan äre gitse,
halanmandyr, emma, muny bagyşlap bolmajak günä derejesine ýetirmändir. Ýetiren
biri tapylaýsa-da, ilçilik, arkasyny aljagam tapylypdyr.
Gahrymanyň özüni öldürmegi, okyja gaty güýçli täsir edýän hadysalaryň iň
güýçlisi bolsa gerek. Muny ýazyjylaryň köpüsi ulanypdyr. Çingiz Aýmatyň “Ak
gämisindäki” oglanjygam deňze özüni atýar. Emma, dogrusy, çaga-da özüni
öldürmek pikiri ýok ýaly edilip ýazylýar. Bu çykalga, pellehana edilip
görkezilmeýär.
Indi başga bir mesele, esere degişli bolmadyk mesele bar. Ýazýan adam başga
bir ýazyjynyň zadyny, başarsa, öwesi ýok, ony tankytlajak, peseltjek bolar
diýen düşünje. Onda-da meniň ýaly, ýazyjylaryň arasynda ulumsy hasaplanýan, hiç
kime göwni ýetmeýän diýilýän adamyň beren bahasy, elbetde göwniýetmezçilik bolar.
Eger şeýle pikir etseňiz, ýalňyşarsyňyz. Men çynym bilen bu powestiň gowy
bolanyny, meni sarsdyranyny, ine, hakyky ýazyjy diýdirenini isledim. Eseriň
dili, çeperligi gaty ýokary derejede. Başdan aýaga täsirli beýan edilýän,
häzirki dilde seks diýilýän zat köp kişi üçin bu eseri hemişe gyzyklylykda saklar.
Birneme aýp diýlen zada çuňrak seredýän adamlar muny, mümkin, biedeplik
hasaplar, belki, ýarsyna ýetiberensoň ony okmaga utanyp ugrar...
Gynanýan ýerim, bu pikirlerimi onuň awtoryna göni aýtsamam, düşündirip bilmerin.
Sebäbi biz köplenç diňe özümiziňkini dogry hasaplaýarys. Menem şeýle. Şonuň üçin,
belki, muny ýazyp oturmagyň geregem ýokdur. Ýöne ýekeje zady aýdasym gelýär, ündeýän
pikirimiz sagdyn bolmasa ýazmaly dälmikä diýýärin. Ýazmanyň gowy bolaýmasa? Adam
hapa sögünse-de, dili utanarmyş diýýärler, ýazsa-da, eliň utanýan bolmagy mümkin.
Haýa gaty gowy duýgy, arassa pikir, sagdyn düşünje ondanam gowy dälmi näme?
Teswirler (3 sany)
Gaty dogry bellap gecdiniz
Mumkin bolsa sol eserin adyny bilip bolmazmyka
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Her bir yazgyda, ylayta-da ceper eserde aljaga sapak bar. Görmani basarana hemme yer owadan. Wakalara oz carcuwandan dal-de ahli yeri gorunjek yerden, yagny obyektiw cemelesmage calysmaly, edil sen sondan many cykarsyn yaly. Son tasirine duser diyyanlerinem edil ozun yaly adamlardygyny yatdan cykarmasan gowy bor!