14.12.12
Esli gün
boldy – gündeligiň sahypasynam açasym gelmedi. Açsam ýene beýnime hapa ys geläýjek,
hapa ýokaýjak ýaly boldy durdy.
Bu gün “men” hakynda pikir etdim. Bilýänsiňiz, sopuçylykda, asyl yslam
dinimizde “men” halanmaýar. Magtymguly “Akyl adam söz başlamaz “men” bilen”
diýýär. Emma, käbir ýagdaýlarda “men” diýmezlik kyn. Eger birden säwlik bilen
bir gowy işi etseň, “Öz-özi bolaýdy” diýilýär. Özüňi, meniňi ikinji derejä
düşürýäň, ýöne, mysal üçin, hekaýa ýazýaň. Munuň üçin eslije wagtlap şol
hekaýaň yşgyna düşüp gezýäň, pikir edýäň, çemeleneýäň, soň ýazmaga oturýaň.
Ýazmagam kyn düşýär... garaz, bir giden muşakgatlar çekýäň, ahyry hekaýany
tamamlaýaň. Ýokarsynda adyňy goýup redaksiýa iberýäň, eltýäň. Olaram okap “gowy
gördük” diýip, adyňy familiýaňy goýup çap edýär. Soň ony okanlaram saňa,
çyndanmy, göwnüň üçinmi, öwgüli sözler aýdýarlar. Şeýdýär-şeýdýär-de sende
hekaýany özüň ýazandygyň hakynda berk düşünje emele gelýär. Ylham diýen ýaly,
nämedigi näbelli zatlaram ikinji planda galýar. Bar, sen kiçigöwünlilik edip “Ylham
geldi ýazym, men bir sebäp” diýseňem, hamala, Alla tarapyndan ýazdyrylýan bir
üýtgeşik adam, Alla bilen gatnaşyga girip ýören pir ýaly bir samsyk gopbamlyk
satýan ýaly bolaýmagyň mümkin. Hany bu
ýerde çäk? Bu menligi näme etmeli?
Aslynda, “Kelläme bir pikir geldi welin, ýazdym, emma, bu pikir has
başarjaň biriniň, mysal üçin, planyň kellesine geläýen bolsa, has gowy ýazardy”
diýip pikir edip bolsady. Kim näme diýse-de, şol hekaýadaky bärden gaýdýan,
başarmadyk ýerleriňi özüň has gowy bilýäň. Eden işiňi başga ýazylan hekaýalar
bilen deňeşdirip görseň, seňkiçe bar, seňkiden gowy, has gowy hekaýalar köpdür,
onsoň “men ýazdym” diýip gomparmagyň, hatda gomparman, ýöne “men ýazdym”
diýmäge-de utanmagyň mümkin.
Beýle etmek işiňi “menligiňi” ýykmak üçin ýörite peseltjek bolmakmy? Bu
dogrumy? Eger içiňden, ýüregiň jümmüşinde bir ýerden “Men gowy hekaýa ýazdym.
Men şol hekaýany ýazan” diýen ses gelýän bolsa, ony dymdyrjak bolup, hekaýaňy
öz ýanyňdan ýamanlamaga, peseltmäge çalyşmagyňdan netije az bolaýmasa? Sen
hakykatdanam, eden işiňi özüňden öňküleriň edenleri bilen deňeşdirip, elbetde,
naýbaşylary bilen deňeşdirip, üýtgeşik bir iş etmändigiňi duýup bilmeli, şonda
belki, menligiň biraz burnuny aşakladar. Ýöne bu kyn iş. Naýbaşy bolmasyn, ortarak
bolsun, emma, “muny men etdim” duýgusy senden aýrylmaýar.
Hakyna seredeňde welin, seň hekaýaň näme? Hakykatdanam bir giden çäge
zerreleriniň arasynda bir zerrejik. Seniň iň uly tutarygyň “Meniň hekaýamy
okap, bir adam, ýaş oglan pikirlenendir, durmuşy, ömrüniň manysy hakynda
oýlanandyr, belki, azajygam bolsa, tämizlenendir. Ýüregine bir erbetlik gelen
bolsa, pälinden gaýdandyr...” diýen umyt. Emma, bu mümkin däl. Hiç kimi bir
hekaýa adam etmeýär. Hekaýalar, romanlar, şahslar, durmuş tejribesi,
kynçylyklar, şowsuzlyklar, bagtyň birden çüwmegi... ýene-de ençeme sebäpleriň
jemlenmegem käte adamyň adam bolmagy üçin ýeterlik bolmaýar. Bu ýerde Allaň
eliňden çekmegi gerek. Eger Ýaradan onuň elinden çekmese, işi pyrryk. Seň hekaýajygyň
derýa daman damjajykça-da ýok. Onda seniň hekaýa ýazmagyň özüň üçin Allanyň
eliňden çekmegi bolup bilermi? Seniň birine nepiň degdimi-degmedimi ony bileňok,
ýöne özüň üçin nepi degip biläýjek ýaly. Sen hekaýany ýazjak bolýarkaň çeken
azaplaryň seniň peýdaňa ahyryn. Emma, ýazyp bolanyňdan soň, “Muny men ýazdym”
diýen pikire geläýseň, ýene çykanja çukuryňa gaýtadan ýykylýaň. Alla maňa bir
pikir berdi, ony hekaýa et-de, pikirlen, peýdalan diýdi, menem oňa ähmiýet
bermän, elimi salgasam, ýaltansam – ýene çukura ýykylyp bilerin. Men bir
tarapdan hiç kim. Bir tarapdanam öz “menime” jogapkär bolmagym tarapyndanam
elmydam ünsde saklanmaly bir zat. “Men” mydama burnuna kakyp durmagym üçin, öz
hakyky bahamy bilmegim üçin “menimi” unutmaly däl, oňa elmydam üns bermeli.
Hekaýaňam şol “meni” jylawlamagyň, ony başyna goýbermezligiň, ony tanap
durmagyň üçin ýazjak bolmaly. Namaz okaýan diýip, Allanyň öňünde özüňi uly
tutup bolmaýar, sebäbi saňa namazyňy okadýanam, okamak islegini berýänem Allaň
özi. Ol seniň ýüzüňi özüne tarap öwürmese, sen Oňa tarap öwrülip bilmersiň.
Emma, Allanyň seni özüne tarap öwürmegi üçin sende kiçijik yhlas bolmaly, özüňe
erk bolmaly. Ol erkem ýene-de Alladan dilemeli, beren wagtam ulanmaly,
ulanmasaň ýene jogapkärsiň. Bir günä iş edip, soňundan toba edýärkäň çyn
ýürekden etmeseň, ýene-de günäňi artdyrarsyň, sebäbi sen toba edenlerden bolup,
Allany aldajak bolýaň. Şonuň üçin hakyky toba şol günäni gaýtalamazlyk,
gaýtalaýsaň günäň iki esse artýar. Bir görseň “men” hiç zat, bir görseňem gaty uly
mesele.
Teswirler (2 sany)
Sizin yazyan zatlarynyza name ucindir hic hili teswir yok Men du$uni$imce teswir yazmaga sözem goymaýan yaly Siz:-)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Biz musulmanlar yasayan dunyamizi synag dunyasi diyip atlandyryarys. Su meselani dusundirayseniz...