15.12.12.
Dünki ýazanlarym hakynda pikir etdim. Hakykatdanam, nirä çekseň, nähili
düşünseň düşünip oturmaly. Hamala, men şeýle gowy hekaýa ýazypdyryn-da, indem
onuň şhratyndan, men-menlikden goranmagyň aladasyny edýän ýaly düşünseňem
düşünip oturmaly. Mysal hökmünde hekaýany almaly däl ekenim. Aslynda derdimem
şöhratdan goranmak däldi. Islendik gowy işi etseňem ony özüm etdim diýseň
ýalňyş netijelere getirýär diýjek boldum. Bizi horlaýan zat ýalňyşlarymyz däl,
islendik üstünliklerimiz ýa-da üstünlikdir öýdýän zatlarymyz. Ýalňyşlary
sebäpli kösenýän adam Allany bahym tapýar, emma, her bir gowy işini özüm
edýändirin öýdýänler, özleri bilmän terse gidýärler, çukura gaçýarlar. Her gowy
ädimiňi Alla ätdirýär diýip, Allaň beren günlerinde Alla garyşyp, siňip ýaşap
bolsady. Muňa ynsanyň “menligi” päsgel berýär diýmek isledim. Emma, düýn “Ynsany
haýwandan tapawutlandyrýan onuň menlik duýgusy. Alla bu duýgyny daga berjek
bolsa-da jogapkärçiliginden gorkup almandyr, ynsan alypdyr” diýen täsin pikiri
eşitdim. Men içimde menlik duýgusynyň barlygy üçin öz hereketlerime jogap
berýän, bolmasady haýwan ýaly, perişdeler ýaly soragsyz bolardym. Emma, hakyky
“menlik” eden her bir haýyr işini (hekaýanam) Alladan bilmegi netijesinde
döreýän bolsa gerek. Munuň içine men-menligem, şöhratparazlygam... girýär.
Indi hekaýa ýazmak barada häzirki halymy aýtjak bolaýyn, ýöne ýene ýalňyş
pikirler oýatmagym mümkin. Dogrymy aýtsam, hiç zat ýazasym gelenok. Bir wagt
Ahmet Gurbannepes şeýle diýende, “Gory gutarandyr” diýip pikir edipdim. Belki,
meniňem gorum gutarandyr. Käbir etmeýän, kemter edýän zatlarymyň ýanynda meniň
hekaýa ýazmak islegim 10-12-nji derejelere düşýär. “Kime gerek seň hekaýaň?”
diýen sowal eliňe palta salýar. Ondan indi näme ömrüň galdy, ahyrediňi gazan
diýýän. Emma, hekaýalarym meniň ahyretde goragçylarym bolar diýen pikir az
ýadyma düşýär. Çynymy edip şunuň derdini etmeli.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.