20.12.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

20.12.12.

Dekabr 20, 2012 | 0 teswir | 910 okalan

Kitap dükanyndan Bulgakowyň 5 tomlugyny satyn aldym, bäşisini 40 (200) manada berdiler. Arada pulsuzam bolsam sowulamda görüpdim, bu gün Alla islegimi kabul etdi, pulumam bardy, mümkinçiligem boldy. Ýogsa, howa-da sowukdy. Alan kitaplarymy dörüşdirip otyrkam öň bilmeýän zadyma duşdum. Bulgakow Stalin barada “Batum” diýip pýesa ýazan eken, ömrüniň soňunda. MHAT-da goýulmaly eken, Stalin gadagan edipdir. “Pýesa gowy eser, ýöne sahnalaşdyrmak bolmaýar” diýipdir. Bulgakow Stalin hakynda iki ýyl (36-njy ýyl) öň ýazmak pikirine gelýär. Soň pikirini goýýar. Material az diýýär. Soň MHAT-çylar gelip, haýyş edýärler,”Teatrda gowy pýesa ýok” diýip ýalbarýarlar. Ahyry ony göwnedýärler. Pýesa Staliniň ýaş wagty, 1900-nji ýyllaryň başlary barada diýip kommentarisinde ýazylypdyr. Pýesany entek okamadym.  Geň galdym. Näme üçin Stalin? Onda-da ýanalyp ýörkä. Ýaranjaňlygam ýüregiňde ýok bolsa, öç almak niýetem ýok. “Men bir ýazaýyn, ölemsoň okap, Staline nälet okasalaram bolýar” “Ýa-da ýazyp içimi bir sowadaýyn” diýmändir. Şol günler barada Bulgakowyň aýalynyň gündeliklerinden mysalllar getirilýär. Hakyky ýazyjy duşmany hakynda ýazsa-da, ýazyjylyk derejesinden aşak düşmeýär. Bu ýerde mesele Stalin hakynda däl, islendik gahrymanyňy eseriňde ýüregiňe ikilik etmän ýazmak hakyky ýazyjynyň sypaty. Sebäbi sen ýalan sözleseň, diňe öýüňde ýa-da dostlaryň arasynda däl, has giň köpçülikde ýalan sözleýäň. Gürrüň ýazyjydan çykdy, ýöne islendik adamam, hatda içersinde ýalan sözlese-de halanmaýar. Musulmançylyk muňa günä diýýär. Günäň üçin bolsa iki dünýede-de (iru-giç) jogap berilýär. Bulgakowyň mende şu duýgulary oýarandygyna begendim. Arada Mämmetnazar Babanazarowyňam gowy goşgulary gazetde (Watan) çykan eken – bu-da begendirdi. Täze ýyl “Heserlini” kino etjekler, plana goşupdyrlar – bu-la özüme degişli bolansoň hasam begendim. “Ýeke kitaplylyk döwrüniň” geçip gidendigi begeneniňe degýär. Redaktorlar “Bize uly göwrümli romanlar gerek” diýýärler.   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.