20.12.12.
Kitap dükanyndan Bulgakowyň 5 tomlugyny satyn aldym, bäşisini 40 (200) manada berdiler.
Arada pulsuzam bolsam sowulamda görüpdim, bu gün Alla islegimi kabul etdi, pulumam
bardy, mümkinçiligem boldy. Ýogsa, howa-da sowukdy. Alan kitaplarymy dörüşdirip
otyrkam öň bilmeýän zadyma duşdum. Bulgakow Stalin barada “Batum” diýip pýesa ýazan
eken, ömrüniň soňunda. MHAT-da goýulmaly eken, Stalin gadagan edipdir. “Pýesa gowy
eser, ýöne sahnalaşdyrmak bolmaýar” diýipdir. Bulgakow Stalin hakynda iki ýyl (36-njy
ýyl) öň ýazmak pikirine gelýär. Soň pikirini goýýar. Material az diýýär. Soň MHAT-çylar
gelip, haýyş edýärler,”Teatrda gowy pýesa ýok” diýip ýalbarýarlar. Ahyry ony göwnedýärler.
Pýesa Staliniň ýaş wagty, 1900-nji ýyllaryň başlary barada diýip kommentarisinde
ýazylypdyr. Pýesany entek okamadym. Geň galdym.
Näme üçin Stalin? Onda-da ýanalyp ýörkä. Ýaranjaňlygam ýüregiňde ýok bolsa, öç almak
niýetem ýok. “Men bir ýazaýyn, ölemsoň okap, Staline nälet okasalaram bolýar” “Ýa-da
ýazyp içimi bir sowadaýyn” diýmändir. Şol günler barada Bulgakowyň aýalynyň gündeliklerinden
mysalllar getirilýär. Hakyky ýazyjy duşmany hakynda ýazsa-da, ýazyjylyk derejesinden
aşak düşmeýär. Bu ýerde mesele Stalin hakynda däl, islendik gahrymanyňy eseriňde
ýüregiňe ikilik etmän ýazmak hakyky ýazyjynyň sypaty. Sebäbi sen ýalan sözleseň,
diňe öýüňde ýa-da dostlaryň arasynda däl, has giň köpçülikde ýalan sözleýäň. Gürrüň
ýazyjydan çykdy, ýöne islendik adamam, hatda içersinde ýalan sözlese-de halanmaýar.
Musulmançylyk muňa günä diýýär. Günäň üçin bolsa iki dünýede-de (iru-giç) jogap
berilýär. Bulgakowyň mende şu duýgulary oýarandygyna begendim. Arada Mämmetnazar
Babanazarowyňam gowy goşgulary gazetde (Watan) çykan eken – bu-da begendirdi. Täze
ýyl “Heserlini” kino etjekler, plana goşupdyrlar – bu-la özüme degişli bolansoň
hasam begendim. “Ýeke kitaplylyk döwrüniň” geçip gidendigi begeneniňe degýär. Redaktorlar
“Bize uly göwrümli romanlar gerek” diýýärler.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.