22.12.12.
Biziň
köpümizde bir häsiýet bar. Biz töwergimizdäki, hat-da saý-sebäp bilen duşan
adam hakynda-da beýlekilerden soraýarys, gyzyklanýarys. “Nähili adam? Kim?”
diýen ýaly soraglar bilen maglumat toplaýarys. Bu endige öwrülip giden häsiýetimiz
bilen her birimiz soraşdyrmak arkaly özbaşymyza bir KGB ýaly edarajyga
öwrülýäris. Elbetde, bizde ýaramaz bir niýet ýok. Bu KGB-de-de, her bir
adamda-da ýagşy niýet bilen edilýändir diýip umyt edýärin. Mesele niýetde däl,
mesele bir adam hakynda beýlekiden sorap, gyzyklanyp, beýleki adamy gybata,
käte-de töhmete çenli itekleýändigimizde. Hawa, bu seresaplyk üçin, ýene bir
zat üçin edilýär. Emma, ol gazanjak seresaplygymyz başga birini günä
iteklänimize degýärmi? Hawa, bir adamy bir işe aljak bolsaň ýa-da bile ýola
çykjak bolsaň, ogul öýerip, gyz çykarjak bolsaň... belki, maslahatlaşmak
görnüşinde ony ýakyndan tanaýan birinden soramak dogry. Emma, keýpine diýen
ýaly, soraşdyryp ýörmegiň, ol adam hakynda başga biriniň pikirini biljek
bolmagyň nämä gerek? Sbeäp diýseň her adam wagt geçmegi bilen özüniň kimdigini
özi saňa dürli ýollar bilen aýdýar. Gaty hilegär we ş.m. özüni tanatman bir işler
edýän adam bolsa, ony soraşdyranyň bilenem tanamak kyn bolýar. Sebäbi saňa özüni
tanatmadyk, köplenç başga birine-de özüni tanatmaýar. Bu endik gybat etmegiň “hezilligini”
görmek üçinem höwes bilen edilýän bolmagy mümkin. Başga birini başgalaryň üsti bilen
tanajak bolmak – köplenç ýalňyş bolsa gerek. Indi başga biri şeýle edäýende nähili
jogap bermek dogruka? Megerem, “Gerek bolan wagty tanarsyň” diýip bolar. “Menem
gowy tanamok” diýip bilersiň ýa-da gowy taraplaryny aýdyp, kemçiliklerini aýtman
goýarsyň. Belki, iň dogrusam, soňky bolaýmasa. Eger maslahat salynp soralsa, onda
düşünşiňi, tanaýşyňy doly aýtmaly bolarsyň, onda-da anyk şeýle diýen görnüşde däl-de,
meniň görüşimçe diýen ýaly görnüşde. “Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor” diýýär, Gurbannazar,
şuny edip bilseň, iň laýygy. Emma biri hakynda soraşdyryp ýörmek, saňa geregem bolsa,
kän dogry däl ýaly görünýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.