31.12.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

31.12.12.

Dekabr 31, 2012 | 0 teswir | 983 okalan

Täze ýylam geldi, Allaha şükür. Ýeneki ýyllara-da baş-esen Alla ýetirsin.

“Halk” bilen “ahlak” sözüniüň köküniň birdigini eşdip haýran galdym. Bularyň diňe bir sözde däl, ähli tarapdan köki bir ýaly gördüm. Halky halk edýän onuň ahlagy dalmi näme? Ahlagyny ýitiren halka kim halk diýer? Biz özümizi başga bir milletdendir öýdüp “Sen türkmenmi?” diýip soralsak – halamarys. Hatda başga bir millete meňzedilsegem ynjaýarys. Emma ahlagymyz meselesinde-de şeýlemikäk? Türkmene mahsus ahlaga, mysal üçin salam bermek, ýaşulyny sylamak, egin-eşik, gep-söz, lebiz, gaýrat, namysjaňlyk ýaly ahlak häsiýetlerimiz türkmene mahsuslykdan, öz halkymyza laýyklykdan çykyberjek bolsa, “Halk bilen ahlak birdir” diýip gyýylýarysmy? Ony başardygymyzdan, bolmanda içerimizde, özümizde gorajak bolýarysmy? Hawa, türkmen eşigimizi gyz-gelinlerimiz geýýär, emma, käte şu türkmen eşigimikä diýdirýän türkmen eşikli gyzlara duş gelýäň. Dogrusy, käte türkmenligini saklamakda oglanlarymyz gyzlardan has berk, haýaly görünýär, ýogsa, oglanlar ýewropalylaryň eşiginde bolsa-da. Türkmen eşigini geýip, ezýaka köýnekli, silkme telpekli gyzlaryň daşynda bökjekläp tans edýändirin öýdýänler hakynda aýdamok. Türkmen tahýasyny zor bilen däl, höwes bilen geýmesek, türkmeniň uzyn köýnegini utanyp däl, höwes bilen geýmesek – onda nähili bolar? Türkmen gelnine milli eşigini zor bilen äri geýdirendir öýdýän bolsak, ýalňyşarys. Hiç kime hiç zady zor bilen uzak etdirip bolmaýar. Hatda ors eşiginem, ýewropalynyň häsiýetinem biz ýuwaş-ýuwaşdan isläp geýýäris, isläp edýäris öýdýän. Biz ahlagymyzy “türkmen” adymyzdan ileri tutsak tutmaly, ýöne yzda tutsak, özümiz bilmän türkmenligimizi ýitirip bileris. Türkmeniň käbir etraplarynda “siz” diýip ýüzlenmek däbi ýokdur, emma, “sen” diýende müňlerçe “sizleri” hormatyny içine salýandyr. Men muny gürrüň esasan eşik hakynda boldy welin, diňe eşigi göz öňünde tutmandygymy aýtmak üçin mysal getirmeli boldum. Mysallar uzajak, gowsy, galanyny özüňize goýaýyn.

Äze ýylyň öň ýanynda birhili zatlar ýazdym welin, bagyşlaň – her kim agyrýan ýerini tutýar. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.