04.01.13
Ýanwar 04, 2013 | 1 teswir | 996 okalan
Bu günem aýazly gün boldy. Juma namazyna gidenimizde ýoluň gyrasyndaky arçalaryň
tiken-tiken ýapraklary gyrawlapdyr. Olar sowuga döz gelip otyrlar. Agaç bolasym
gelip gitdi. Olar hiç hili hereket etmän Allany tanadyp, Allany gürrüň berip otyrlar,
baldaklary, şahalary, ýapraklary, gülleri, miweleri... bilen Allany tanadýarlar.
Maňa welin, dilim çolaşýan ýaly, büdreýän. Maňa “Görsene, Allaň gudratyny” diýip,
ösüp oturan agaçlary görkezmekden başga alaç galmaýar.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
«Agaç bolasym gelip gitdi».
-----
Adam bolmak kyn bolany üçin agaç bolasyň geldimi?
Näme üçin Adam bolasyň gelmedi?