03.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

03.02.12.

Fewral 03, 2012 | 0 teswir | 976 okalan

Halmmämmet agaň kitabyny okap çykdym. Kinorežissorlyga degişli türkmen dilinde turkmen kinorežissýorynyň ilkinji kitaby bolsa gerek. Men-ä henize çenli şeýle kitaby türkmen dilinde, türkmeniň ýazanyny okap görmedim, duşam gelmedim, gürrüňinem eşitmedim. Bolaýan bolsa, gaty gowy bolardy. Mysal üçin Alty Garlyňky, Hoja Narlyňky... Halmämmet agaň kitabyny hezil edip okadym. Gowy gördüm. Kinorežissyorçylygyň syrlary, başyndan geçen zatlar, hasam bir gyzjagazy kadrda aglatmak üçin ýedi günläp özüniň aglaýşy hakda okamda inim jümşüldäp gitdi. Türkmende ösüş bar. Owal diňe orsda, ýaponda, farnsiýada, italýada, amerikada režissýor barmyka, biziňkiler ol işiň birinji klasynda okaýan okuwçylarmyka öýderdik. Agama “berekella!” “Sag bol” diýesim gelýär. Jaň etdim, “gutlaýan, gaty gowy iş bolupdyr” diýdim. Begendi. Soňam duşuşaly, gürleşeli diýdi. Adam pahyr şujagaz hoş söz üçin depesi göge ýetýär. Şu ýerde Halmmämet agadan aýrylyp edebiýatda öwgi hakynda ýazasym gelýär. Islendik ýazýan adamyň özüni öwdüresi gelýär. Muny bilýän ýaly köplenç öwülýärem. Gaty seýrek wagtlar ýazanyňa  adalatly seredip “bolanok” diýilýär. Köplenç ýazylan zat öwmez ýaly zadam däl. Soňundanam bellikleriňi aýdýarsyň ýa-da saňa aýdýarlar. Bellikleriňem köpüsi owunjak zatlar bolýar. Adam ýuwaş-ýuwaşdan bu öwgä iýme öwrenen guzy ýaly öwrenýär. Şol öwgüni wagtal-wagtal eşdip durmasa dünýesi daralyp başlaýar. Emma, hakykatdan içiňe sygman, il-güne, milletiňe peýdaly bolsun diýip, öwgi ýadyňa-da düşmän ýazylan zat derrew bildirýär. Ilki sölemleri okanyňdan belli. “Amallar niýetlere görädir” diýilýär-ä. Edil şonuň ýaly, niýetiňe görä eser bolup çykýar. Sen muny näçe bildirmejek bolsaňam bolanok. Bu ýagdaýy bir döwürler öz başymdan geçirenim üçin ýazýaryn. Megerem, her bir ýazýan adam bu etapdanam geçmeli bolsa gerek. Göwnüme bolmasa adam ilki başda özi üçin, soň at-abraý, şöhrat üçin, soňam il-güni, milleti üçin ýazyp başlaýar. Şu soňky etap iň kyny. Sebäbi “Sen indi iň akylly bolaýdyňmy?” diýen soragy her bir zzady ýazjak bolaňda özüňe berýäň. Munuň beýle däldigini bilip duraňsoňam ýene-de ýamak juda agyr, ýazman bolsa bolanok. Gürrüňim başly-barat bolýar, goý, bolsun. “Däliň müň gepi telek bir gepi gerek” diýilýär-ä. Men şu nakyly oglankam eşidemde “Dälidenem gerek gep çykýarmykan-aý?” diýip pikir edipdim. Görüp otursam, dür däliden çykýan eken. Sag adam eline galam alyp, ýa-da kompýuteriň başyna geçip, görmeýän bilmeýän adamsyna ýüzlenip bir zatlar düşündirjek bolar oturarmy? Görýäňizmi ýekeje dür üçin däli adyny almaga-da taýyn. Ýazmak şeýle täsin zat. Okaýan üçinem käte şeýle täsin bolýar. Mysal üçin Dostoýewskini okaňda. Ýöne ilki işe baramda “Ýaşkomda” bir ýaşuly bardy, biriniň makalasyny okamda ýanyma analgin alyp okaýan diýerdi.
Meni köpden bäri bir zat gyzyklandyrýar. Ýapon edebiýaty, rus edebiýäty, latin amerikan edebiýaty, hindi, fransuz edebiýaty bar, emma türkmen edebiýaty barmy?  Mysal üçin ýapon ýazyjysynyň eserini okasaň ony hiç wagt aýdaly fransuz edebiýaty bilen garyşdyrmarsyň. Ýogsa, eserdäki gahrymanlaryň adyny üýtgedip fransuz adynam dakaý.  Türkemn edebiýatynam şeýle tanap bolýarmyka? Bir döwürler gazýetde Mätäjiden soň türkmen edebiýaty guratdy, Ata Salyhlar, Durdy Gylyçlar başlady diýen manyda makala ýazamda munuň bilen ylalaşmaýan, gaharly hatlar redaksiýa gelipdi. Häzirem birden ot gorsan ýaly bolaýmaýyn. Ýöne men öz edebiýatymyzyň bolanyny islämsoň ýazdym.  Edebiýat hakynda has çynlakaý gürrüň edesim gelýär. Türkmen edebiýaty öz öňünde nähili maksatlar goýmaly? Maksatsyz edebiýatyň halka nähili zyýan getirip biljekdigi hakynda oýlanýan, elimden gelýän zadam ýok. Ýa-da edebiýat diýilýän ýeke-täkmi? Ýeke-täk dünýä edebiýatymy? Bu sowallara hökman jogap bermeli. Men oba hojalyk institutyny gutaramsoň, edebiýat bilen iş salyşmak, bir zatlar ýazmak pikiriniňem gaty giç 24-25 ýaşlarymda döräni üçin dil-edebiýatçylaryň ýanynda köp utanmaly boldum. Esasy başarmaýan zadymam türkemn diliniň gramatikasy – nokat, otur, düşüp-düşmezlik kadasy we ş.m-ler. Ýene-de ýazýan oglanlar meniň dilimi gowşak diýýärler. Çeper sözlemleri, şahyrana, şirin sözlemleri ýazyp bilemok. Dogrujamy aýtsam, bu bellikler bilen kän bir razylaşyp baramok. Sebäbi harp ýalňyşyňy düzedýän ýörite korrektor, redaktor diýen ýaly işgärler islendik neşirýatda bolýar. Olaram öz kärine ökde, derrew daş edip düzedýärler. Muny egoistlik hasaplamaň. Has ilki başlarda, biraz ürç edip grammatikany öwrenen bolsam bolardy, ýöne köplenç telewideniýede, radioda işlämsoň, harp ýalňyşyma kän üns bermedim. Indi dil hakynda. Aslynda özüm çeper dilli edebiýaty halamok. Sebäbi köplenç pikiri gowşak, aýdara zady ýok edebiýat köp sözli, “çeper” dilli bolýan ýaly, göwnüme. Mysal üçin, Hemengueýiň dili gaty gowşak. Terjimesine görä. Turgenýewiň dili Dostoýewskiniňkiden has çeper, emma Dostoýewskiý has güýçli ýazyjy. Sebäbi okyjy seniň diliň çeperligiňden beter aýtjak bolýan zadyňa üns berýär. Hawa, hem çeper dilli, hem pikiri güýçli eser bolsa oňa ýetesi zat ýok. Emma, ýazyp otyrkam hiç diliň çeperçiligi hakynda pikir edip bilemok. Onuň stili, formasam kän gyzyklandyranok. Aýtjak bolýan zadyma päsgel bermese, meniň üçin şol gowy stil, gowy forma. Mollaň gündeligini (“Gören kim? Görünen kim?”) gündelik formasynda ýazdym. Sebäbi ynandyrjy bolýardy hem özüme aňsatdy. Gep owadanlap, gahrymanyň suratyny çekjek bolup derde galyp oturmaly däldim. Gaýt, ýazyjy däl biriniň, mollaň gündeligi bolansoň näçe ýönekeý dilde ýazdygyňça ynandyrjy bolýardy. Şol powestden soň ony okan oglanlaryň arasynda maňa “KGB-de işleýäňmi?” diýenlerem boldy. Hatda biri “Muny hiç kime okatma, özüňe agent diýerler”diýip maslahat berdi. Hakykatdanam mollaň gündeliginiň şeýle ynandyrjy bolanyna begendim. Indi galan ýazgylary ertire goýaýalyň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.