07.01.13
“Gündelikleri” başlanymyza bahym bir ýyl bolýar. Duýman galdym. 100 sahypa doldurypdyryn.
Belki, 5 sahypasy derde ýarar. Sebäbi barada oýlandygymça, bu gündeliklerde özümi
tanatmagy has öňde goýup, biriniň dert-aladasyna ýardam etmegi yzda galdyranymdan
görýän. Dert-aladaly diýemde, hamala, uly il dertli-de, diňe men sagdyn ýaly bolýar.
Gurbannazar “Öz göwnümem ahy-zarda” diýýär. Dertliniň iň dertlisi özüm, ýöne men
özüme derman bolmagam başaramok. Şekspir aýtmyşlaýyn “Kör körleri idýär...” Seniň
100 sahypadan aşan boş ýazgylaryňy okandan biri Kur’anyň bir gysga süresini ýat
tutsa, nähili bähbitli bolardy. Kagyzlar, ýazgylar, gep otarmalar zamanasynda menem
şolaryň biri boldum. Suwuň ýüzündäki saman ýaly, akymyň ugruna-da akyp gidip otyryn.
Bu zatlara düşünsemem ýene-de “Gündeliklerimiň” başyna geçerin. Bu sahypalaryň sany
ýüz däl, iki ýüz, kim bilýär üç ýüze ýeter, peýdasam bäş sahypadan aşar öýdemok.
Şu gündelikleri okaýanlar! Bolmanda, ýazanlarymy okap şuňa akyl ýetirilsedi, “Dünýede
gep otarýanlar köp, men bir esasy etmeli işimi, borjumy berjaý edeýin” diýsediňiz...
Teswirler (2 sany)
Salam! "Dunyade gep otaryanlar kop, men bir esasy etmeli isimi, borjumy berjay edeyin diysediniz" diyip yazypsyn. Ras aytdygyn bolardy, bu sozleri ozune aydyp, bu yatlary yazmagyny bes edip, Hakyn, halkyn onundaki hokmany borclaryny berjay etmage baslasan. Hem-a biz, int-e giryanler namedir bir peydaly yazgy gozlap sen sahypana girip gymmatly wagtymyzy yitirmezdik, hemem sen gymmatly wagtyny biderek zatlar ucin yitirman, iki dunyanem halas etmek ucin unudylmajak adimler atmaga mumkincilik gazanardyn, hormatly howesjen yazyjy!
P.S. Dost ajy sozlar, emma ajy hem bolsa hakykatdyr. Haysy ise bas gossanam bu isden has basarjan boljagyna ynanyan. Yol yakynka don bu isden, hem sen halas bol, hem ebediyat alemi halas bolsun. Hormatlamak bilen bir dost.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Şu wagt adamlar radýony açsa söýgi, jurnaly alyp okasa söýgi, bütin edebiýatymyz söýgi, kinolarymyzda söýgi, durmuşda başga mesele ýok ýaly diňe söýgi guýylýar beýnimize. Şonuň üçin men-ä radýo hem diňlämok, TW hem açamok, jurnal hem alamok, täze edebiýatymyz barada umuman gyzyklanamok. Geçen asyrdaky ýazyjylardan bilýänlerim diňe Gurbannazar Ezizow we Kerim Gurbannepesow. Sebäbi goşgylarynda söýgiden başga-da köp durmuş meseleleri, ahlak, edep meseleleri agzalýar. Özümden mysal berdim-de, köp ýaşlaryň näme üçin öz edebi we sungat dünýäsine gyzyklanmaýşynyň bir mysal bolsun diýen niýet bilen. Hemme zadymyzy ogurladylar diýýärdi, siziň ýaly bir "dertli". Söýgimizi hem! Bize söýgini söýgi sözlerinden başga sözler bilen, durmuşdan mysallar bilen düşindirýän her ýazyjyny okarys!