09.01.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

09.01.13.

Ýanwar 12, 2013 | 0 teswir | 1060 okalan

Öten agşam Bapba Gökleňi düýşümde görüpdirin. Egni täzeje lowurdap duran garamtyl ýaşyl kostýumly, buýra saçlary ondanam beter lowurdaýar, ýüzi nurly, şol owadan ýylgyrşy bilen ýylgyrýar. Menem bir edarada (oba hojalyk edarasymy, redaksiýamy) başlykmyşym. Ýüzüm aladaly, çytyk. Bapba-da meniň bolşuma ýylgyýar, ýaňsa alýan ýaly, kakdyrybrak, seresap bir zat diýýär. Menem “Maňa hiç kimçe ýokdugymy diňe sen aýtdyň. Sen hakyky erkek oglan” diýýän. Içimden “Seniň aýaklaryňa ýykylyp, aýagyňy ogşasym gelýär, ýöne gelşiksiz boljak” diýip pikir edýän. “Men daşymdan ulumsy görünsemem, hakykatda özümiň hiç kimdigimi bilýän-ä” diýýän. Bapba bu sözüme-de owadan ýylgyrýar.

Täze ýylyň öň ýany neressäň belli günüdi. Amana diýsek äkider, bir öýlerine baryp gaýdalyň. Bir pakedi dolduryp sowgadam alalyň” diýişdik. Şol päketden boldumy, bilmedim, gidilmedi. Ýadymdan çykardym, dogrusy. Diriler ýaly bigaýrat millet ýokdur. Ölenler şol bir durkuny saklap ýatyrlar, biz guýruk bulap, telim ýola düşýäris. Dostum, bagyşla. Seň meni bagyşlajagyňy bilýän. Sen hakynda ýatlama ýazmaly welin, menden has ýakyn bolan, has köp tirkeşen oglanlaryň ederine garaşyp ýörün. Ylýasam, Amanam muny menden gowy ýazardy, belki, ýazarlaram inşaalla. Alla saňa rehmet etsin, ýatan ýeriň ýagty, jaýyň jennet bolsun. Meň seni göresim gelýär. Görjek wagtymam gaty daş däl ýaly, şonda bize biri-birimizi begendirmegi nesip etdirsin Ýaradan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.