14.01.13.
Bir wagtlar, Çingiz Aýtmat “Ak gämisini”, Şukşin hekaýalaryny ýazýan wagtlary “Näme üçin türkmeniň Çingiz Aýtmaty ýok?” diýip pikir ederdim. Hatda käbir adamlaryň ýanynda munuň gürrüňinem ederdim. Soň bu sowalym maňa şeýle bir “gögele” göründi. “Aýtmatyň ogly “Jemile”, “Hoş gal, Gülsary”, “Ak gämi” we beýleki eserlerini ýazandan soň, diňe Aýtmatyň ogly bolmakdan tutuş adamzadyň ogly boldy. Hatda ony gyrgyz halkyna degişli etmegem ýalňyş” diýen pikire geldim. Hemingueýem, Kobo Abenem, Ekzýuperinem... milletine üns bermän okadym, ýagny olaryň türkmen däldigine gynanmak duýgusy mende ýitip gitdi. Bu ýagdaýy bolmalysy ýaly ýaly kabul etdim, şeýdibem “gögelelikden” saýlandym. Bu gün tçrkmen sportuny ösdürmäge, türkmen baýdagynyň biziň sportsmenlerimiziň ýeňişi üçin beýleki baýdaklardan saýlanyp, has ýokarda parladylmagyny, döwlet gimnimiziň çalynmagyny isleýäris. Şol islegimiziň hakykata öwrülmegi üçinem alada edýäris. Gurban Berdiýewiň türkmen treneridigine buýsanýarys, arada onuň işden gidäýmegi ahmal diýlende, bu ýagdaý bizem birahatlandyrdy. Heniz-henizem Altymyrat neressäni gynanç hem buýsanç bilen ýatlaýarys... Belki, şulardandyr, mende ýene-de şol “gögele” pikir oýanýar. “Näme üçin bizde dünýä meşhur ýazyjylar ýok? “Şükür bagşy” 1963-nji ýylda alnypdyr” diýýän. Munda birhili atyny ýaryşa goşanyň düşünjesi ýaly, diňe öz atynyň ozmagyny arzuw etmek ýaly bir duýgy baram bolsa bardyr, ýöne halkara kinofestwallarynyň türkmen kinosyz geçýänine gynanýan. Munuň beýle däldigine biparh, hatda bolmaly ýagdaý ýaly öwrenşip gidenimize hasam gynanýan. Öz-özüme “Ilkinji hekaýaň “Edebiýat we sungat” gazýetinde çykanyna 36 ýyl geçipdir” diýýän. Munuň aňryk geçmäýin...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.