22.01.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

22.01.13

Ýanwar 22, 2013 | 2 teswir | 983 okalan

Dümewläp ik gün ullakan eden işim bolmady. Sokurowyň (“Moloh”) filmni gördüm. Owal bir başlap, soňuna çenli görmän goýupdym. Ýürekgysdyrjy, emma, özünden Hudaý ýasajak bolýanlaryň ýa-da özlerini pygambermikäm öýdýänleriň aýylganç ýaşaýyşlaryny gaty gowy açyp görkezýar. Häzir (“Solnse”) filminiňem birinji bölümini gördüm. “Moloh” Gitler hakynda, “Solnse” Leniniň ölmeziniň öň ýanyndaky eden pikirleri, ýaşajak bolup, ölmejek bolup dyrjaşyşy, umuman ýene şol men-menlige, dünýäni diňe özüňküdir, “Munuň eýesem özüm, soltanam” diýen düşünjäniň getirýän aýylganç tamamlanşy barada. Hakykatdanam gowy alnan filmler. Biri 1999-da beýlekisi 2000-nji ýylda alynypdyr. Ýakynda, geçen ýyl “Faust” diýibem bir kinosy halkara festwalda “Altyn ýolbars” (ýalňyşmaýan bolsam) baýragy aldy. Näme üçin, bizde şeýle kinolar alynanok? diýen ýaly, boş gürrüňlere ilişimän, bu kinolary hökman görmeli. Bular ähli adamzat baýlygy. Birem däl birnäçe gezek, ýeke özüňem däl, ýoldaşlaryň bilen üýşüp, pikir alyşyp görülmeli kinolar. Dworýanlarda bir endik bar eken, olar agşamlaryna üýşüp, maşgala bolup kitap okaýar ekenler, biziň TW görüşimiz ýaly. Ýöne bir tapawut TW bize näme islese, şony görkezýär, dworýanlar bolsa, neme isleseler, şony okaýan ekenler. Bu däp çagalyk ýyllarymyzda biziň içerimizde-de bardy. 5-6 ýaşlarymyzda Ylýas ikimize “Göroglyny”, Magtymgulyny, dessanlarymyzy sesli okadýardylar. Ýadap, gezekleşip okardyk...

Bu däpler yzyna gaýtaryp getirip bolmajak, doly ýitirilen däpler däl. Indi gyrmyzy don, silkme telpekli ýigitleri diňe sahnada tans edenlerinde görüp bilýäris. Bu megerem, indi yzyna gelmejek ýitgi, ýöne kitap okamak, bile kino görmek we şuňa meňzeş äňyňa, ruhuňa täsir edýän däplerimizi täzeden dikeldip bolýar. Bize diňe şolaryň gerekdigini, dikeldilmelidigini duýmak, düşünmek gerek. 

Teswirler (2 sany)

Nazar:
06 Fewral, 2013

Biz-ä sähel ýaramasak, hemme işi taşlap dünýäden geçýäs, hiç zat gerek däl diýdirýär ýarawsyzlyk. Leniniň näme pikir edenini nädip bildilerkä? Jan diýlen zadama süýjüdir. Görmeli etdiňiz o kinolary. Bugünler içinde sungat bar filmler gyzyklandyryp başlady.

Biz-em obada roman okardyk, Göroglyn-a özüm okapdym. Maşgala bolup roman okaýardyk. Esasy maňa okadýardylar. Olar diňleýärdi. Esasanam şu Ümür Esen ýalylaň tapýan materiallary gyzyklandyrardy. Rowaýatlar, Lukman hekim şolar ýaly zatlar. Üç aşyk bilen üçem oýnardyk. Çyra sönse has-am gyzykly bolardy. Soň Marianna geldi Prosto Mariýa geldi şeýdibem bu zatlar ýitip gitdi. Kitap okamagy dikeltmeli.

begmyrat:
18 Fewral, 2013

Wah, hawa-la, kitap okamagy dikeltmeli. Kitaba bir höwes gaçmawersin. Bilim ulgamynda edilýän elhençlikleri görübem, sesimizi çykaramzok. Hemmämizem günäkär bolýas sonuñ üçin. Su dünýäde adalat bar diýýänlere men-ä haýran. Ýöne adalaty dikeltmek biziñ her birimiziñ ynsanlyk borjumyzdyr. "Gaýa ýok, gopuz ýok, bu näme basga galyp otyr-aý" diýmäweriñ. Jemgyýetimizdäki nogsanlyklary görmezlige salmaly däl-de, olary düzetmäge çalysmaly. Sebäbi türkmeniñ bir sözi bar "Aýbyny ýasyran aýñalmaz" diýip.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.