09.02.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

09.02.13.

Fewral 09, 2013 | 0 teswir | 1000 okalan

Köpden bäri ýazyp bilmedim. Belki, iň ýazylmaly günler geçip gitdi. Ýene-de kino almak meselesi başlandy. “Heserlini” şu ýylyň planyna goşupdyrlar. Ýöne gysga metražly film diýipdirler. Režissýor meslesem öňki ýaly, näbelli.  Niçigem bolsa, biz (Ylýas bilen) el çekemizok, inşaalla “Heserliden” gowy kino bolmasa-da, utanman dost-ýaryňa görmäge diskini paýlap boljak kino bolar diýen tamamyz bar. Häzir hemme zat suwuň ýüzünde, anyk belli bolmansoň, anyk zat ýazasym gelenok. Gynanýan zadym, ýaş oglanlardan kino ugrundan daşary ýurtlara gidip, diplom alyp gelýänleri ýok. Garrylar garrady, orta ýaşdakylaram boşa ýakyn, ýaşlaram ýok. Kino diýilýänem bir adamdan, diňe ýazyjydan bitýän iş däl. Belki, şonuň üçin bu işe başyňy agyrdyp, wagtyňy ýitirip oturmagam gerek däldir, ýöne halkyň kino göresi gelýär, onda-da gowy kino. Eger şeýle kinolar köpelse, edil bir mekdep ýaly, halkyň sowadyna, medeniýetine, häsiýetine, aň-düşünjesine gowy täsir etjekdigine ynanýaryn. Hawa, hyýaly ýaly görünýär, bolmajaga meňzeýär, emma, kimdir biri etmeli, edeliň diýmeli ol kimdir birem öz aramyzdan bolmaly, onuň asmandan gaçmajagy belli. Biziňki bir synanşyk, arzuw, isleg. Gynandyrýan ýeri köp kişi muny real hasaplanok. Şonuň üçin, “Puluny bir alaly, kino-da barýarka bolar-da” diýýärler. Elbetde, bolar. Ýöne şol ýüregi ynamsyzlar işe päsgel berýändiklerini duýmaýarlar. Gelip-gidýärler, aýlyk alýarlar, bir zatlar diýýäler, emma, işiň bähbidine iş edýän ýok diýen ýaly. Men bu zatlary nalap ýazamok, gynanybam ýazamok. Hatda bolmaly zat ýaly hasaplaýan. Emma, bolmaly zat däl. Şonuň üçinem ol bolmaz, şu gün, ertir, birgün... bolsa bolar, emma, ýuwaş-ýuwaş çüýrükligi sebäpli päsgel berip bilmez. Esasy zat, ugry düzüw, ýol dogry, düzeljegi görnüp dur. Bziem bu işe azajygam bolsa goşant goşjak bolýandygymyza begenýän. Inşaalla “Heserli” hakynda pikirleriňizi ýazarsyňyz, menem hasam begenerin...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.