10.02.13
Mus, mus diýme-de Mustapa diý-de gutar-da, Hydyr! Ýasyña, tejribäñe
gelsenok. Ýazgylaryñy edebiýatyñ howlusyna salasyñ gelenok. Hany realist
pikirler gutardymy? Edebiýatymyz haçan syýasatyñ we diniñ zäherinden
saplanarka? Aýagyñy ýerden üzmeli däl. Sen bizi, ýagny okyjylaryñy nirä
çagyrýañ? Setirleriñde tanys ys bar, okap baslanyñdan burnuña haplap urýar-da,
erbet ýüregiñi bulaýar. Hormat bilen ýas tankytçyñ begmyratkaka
Hydyr, gaty gaharymy getirdiñ. Eýle-de bir beýle bolarmaý?! Sakaldan aýryp
murtda goýanyñ näme haýry bar? Bu nä çöññelik? Haçan seni zäherlediler? Hany
umumyadamzat gymmatlyklary? Akyl satjak bolsañ hökman dine ýapysmalymy? Indi
gel-gel heleýbaz araplaram umumyadamzada görelde bolmalymy? Su ýazgyñy utanman
nädip dünýä jemgyýetçiligine hödürlejek, ykrar etdirjek? Meselem Dostoýewskä
ýa-da Kerim Gurbannepese? Aýñal, Hydyr! Ýuwan bolma, ownama! Türkmenistanyñ
kanunçylygyna görä jemgyýetçilik iýmiti bilen mesgullanmak üçin, ýagny ilata
nahar bisirip satmak üçin ýörite lisenziýa alynýar. Siz ýazyjylara-da gerek su.
Ýa köpüñ "naharyny" gowja bisirmäni öwren, ýa-da "naharyñy"
öz öýüñde oturyp iý.
Begmyratkaka! Dinimize zäher diýýän bolsaň, Pygamberimize (sallallahu aleýhi we
selleme) arap bolany üçin agzyňdan gelenini diýýän bolsaň – meň ýazýanlarymy okajak
bolup azara galyp ýörme. Dostoýewskä-de, gaýrat et, azar berme.
Teswirler (11 sany)
"Halkyn 90 prosentiniñ düsünmeýän arapça "GURHAN" aýatlarynyñ haýsysynyñ öwredilmegi maksadalaýyk" diyipsin.Eger sen bir rusça kitap okamak isleýan bolsan önürti rusça ögrenirsin yada türkmençe terjimesini okarsyn.Egerde "GURHANA" düşünjek bolsan onda ya arapça ögren yada mealini(yagny gönüden-göni terjimesi dalde ayatlaryn manysyny düşündiraýn bir terjime şekli) oka.Eger halkam aýatlary ögrenmek isleýan bolsa,onda mollalar olara ögrederler."GURHAN" aýatlarynyn arapçasy NAMAZDA okamak yada nahardan sonra töwir(nygmatlar üçin şükür dogasy) okamak üçin ögrenilýar ve ol aýatlarynam manysyny(mealini) halkyn köpüsi bilýar.Onsonam dünyanin islendik ösen döwletinde ve kanunlaryn köpisinde(90 prosendinde) öz dinini ýaşamaga we ýaýmaga(propagandirlemage) rugsat berilýandir.Eger sen islemeýan bolsan onda sen adamlaryn azat ýaşamaga haky bardygna ynamaýan birisisin."Dinimize" diýen sözüñizi "Dinime" diýip üýtgetmegi maslahat berýän-diýipsin.Bu YSLAM dini dine HYDYR aganyn dini dal hemme musulmanlaryn dinidir.Şonun üçinem köplük sanda "Dinimize" diyip ulanyp bileris.Sende bir tazeden türkmen dilinin gramatykasyny onatja gözden geçir./Hormat bilen saýtyn takypçysy/
Resul takypçy! Türkmen dilini haýsymyzyñ oñatja öwrenmelidigimizi Hydyr aýdar-da. Abdy molla ýaly sowatsyzlygyñy Marlen bolup mañlaýyña ýelmäp düsündiräýmeli welin, $ammat (Hydyr) göwnemezmikä diýýän.
Resul takypçy! Türkmen dilini haýsymyzyñ oñatja öwrenmelidigimizi Hydyr aýdar-da. Abdy molla ýaly sowatsyzlygyñy Marlen bolup mañlaýyña ýelmäp düsündiräýmeli welin, $ammat (Hydyr) göwnemezmikä diýýän.
Türklesen türkmenlerdenem ýadadyk halys. Beý diýsem milletparazlyk edýändir öýdmäñ. Men düsünje barada aýdýan. Milliligimizi saklasymyz bir gelýärmikä biziñ? Ýigrendigim- öz türkmen dilinde gürleýän wagty türkçe sözleri garysdyrýanlar. Özem muny zerurlykdan edýän bolsalar käsgä. Türkmen eserlerinden sanaýmalyjasyny okandyr özem. Türkçe öwrenenden soñ bolsa asla türkmençe eserlere ýüzem bermedik bolarly. Ýer ýaly agras türkmene bu zatlar ýokus degýär. Elbetde bularyñ galapyn, pursatdan peýdalanyp uly üstünlikler gazanan TTM-leriñ uçurymlarydygyny hemmämizem bilýäris. TTM-leri ýamanlamak niýetim ýok, ýöne olaryñ uçurymlarynda türkmençiligiñ ysynyñam galmaýandygyny aýdasym gelýär. Erkana hem sada türkmenim! Mert hem gönümel türkmenim! Seni häzirki zaman ýazyjylarynyñ haýsy biriniñ eserlerinden tapyp bolarka? Ýa-da sen diñe Ata Gowsutlar, Nurmyrat Saryhanlar we ...-leriñ eserlerinde galdyñmykañ? Türk hem türkmen halklarynyñ dili, dini bir-birine örän meñzes bolsa-da, bu iki halk biri-birinden seýle bir tapawutly! Edil sonuñ ýaly türkmençilik bile Yslam hem biri biri bilen äbede-jüýbe däl. Resul! Su setirleri ýazýan TTM-de okamadyk hem bolsa (belki senem okan dälsiñ), sada oba oglany bolsa-da, seniñ ene diliñe garysdyrýan türk dilinde, seýle-de rus, iñlis dillerinde erkana gürlesip, okap, ýazyp, terjime edip bilýändigini, bu dillerde birgiden eserleri, sol sanda türkçe Kuran mealyny (Gurhan teswirini) hem okandygyny (häzir hem okaýandygyny) mazamlap "öwnesi" gelýär. Ýöne men Yslam dininiñ adamzadyñ çözülmedik (belki hiç haçan hem çözülmejek) meselesiniñ ýeketäk ahyrky dogry çözgüdi bolup biljekdigine ynanmaýaryn. Men Hudaýsyz däl. Hudaýsyz bolmagam islämok. Men dinsiz, sebäbi din Hudaýy kiçeldýär. Hudaýy adama meñzes bir zat edip goýýar. "Yslam beýle däl" diýmäñ ýöne. Hatda Hudaýa bar diýmegem oña sek ýetirmek diýip düsünýän men. Ewolýusiýa bolan bolsa-da, bolmadyk bolsa-da Hudaýly men! Ölümden soñ hemme zat gutarsa-da, gutarmasa-da men Hudaýly! Su dünýäde adalat bolsa-da bolmasa-da men Hudaýly! Hemme zat ýalanam bolsa men Hudaýly! Nätselerem men Hudaýly! Emma ýaksalaram, gowursalaram dinsiz men! "Yslamyñ, onuñ pygamberiniñ ýörelgelerine dogry düsünen bolsañ beý diýmezdiñ" hem diýip oturmañ. Gowsy, "Näme bolsañ $o bolsan-aý, seýtanyñ biri" diýiñ-de ynjalaýyñ!
Resul, gramatikamy ya grammatikamy? Onsonam bu sozun turkmencesi yokmy? Kimi turkmen dilinin grammatikasyny (dil bilimini) owrenmage cagyryandygyndan habaryn barmy? Hormatlamak bilen Tankytcy.
Menä haýran. Öz blogunda pikirini ýazypdyr. Beýle gödek daraşmak nämä gerek bäş günlük ýalançyda. Heleýbaz araplar diýip tutuş bir millete ýagny 200 millionjyk halka at dakmak dagyn gerek zat däl. Araplar biznesde, ylymda tüweleme işler edýärler. Gadym döwürdäki abraýlary barada aýdybam oturjak däl. Günortada we gündogarda hem gowy zatlar bar.
Her kim bu dünýede öz gowy görýän miwesini iýip ýaşajak bolýar. Hydyr aga hem halaýan miwesini tapypdyr. Gowy göreni üçinem il bilen paýlaşjak bolýar. Eýsem munuň nämesi ýalňyş. Öz etmeýän zadyny illeriň boýnuna dakyp peýda gazanjak bolýan bolsa, onda şul edýäniň bolanok diýse hem bolar.
Dogrymy aýtsam, pikirimçe şol başda teswir ýazan eýýäm ökünendirmikä diýýän öte geçdim diýip. Sebäbi bizemä okap otyrys welin beýle gaharlanara zat tapmadyk. Ylalaşylmaýan zat kändir, ýöne gödeklik artykmaç bärde.
Nazar. Ikiýüzli ýaranjañlykdan gödek gönümellik ýagsy. Wirtual älemde bir ýüz görüp gapyrga syrmajak bolalyñ.
Nazarjanyñky düsnükli: namartja olam- sagja olam diýýär. Heleýbaz araplar diýenimem gaty görme Nazarjan. Elbetde, tutus arap halkyny bir aýakdan asjak derejede samsyk däl menem. Ähli milletleriñem ösüsinde onuñ isci synpy, bilim adamlary, umuman zähmetkes halky uly rol oýnaýar. Men häkimiýeti ele geçirenleriñ heleýbazlyklaryny göz öñünde tutupdym.
"Eý pygamber! Galyñ berip alan aýallaryñy, Allanyñ saña olja hökmünde ygtyýaryña beren gyrnaklaryñy, kakañ erkek we aýal doganlarynyñ, daýyñ, daýzañ seniñ bilen bilelikde göç eden gyzlaryny saña halal kyldyk. Birem, pygamber özüne öýlenmek islän wagty özüni pygambere bags eden iman eden aýallary beýleki musulmanlara däl-de, diñe saña mahsus bolmak bilen ýeke saña halal kyldyk..." "Olardan isläniñi taslarsyñ, isläniñem ýanyña alarsyñ. Aýyrlysan aýallaryñdan göwnüñ islänini täzeden ýanyña almagyñda saña düsýän günä ýokdur..."; "Indiden beýläk basga aýallara öýlenmegiñ (golastynda saklaýan gyrnaklaryñ muña girmeýär), owadanlyklary, gözellikleri ho$uña gitse-de aýallaryñ ýerine basga aýallar almagyñ saña halal däldir. Alla her bir zady gözegçilikde saklaýandyr"; "Eý iman edenler! Siz wagtyna seretmän, nahara çagyrylman pygamberiñ öýlerine girmäñ! Diñe çagyrylan wagtyñyz giriñ! Nahar iýeniñizden derrew dagañ, gürrüñ edi$ip oturmañ! Çünki bu hereketiñiz pygamberiñ göwnüne degýär, ýöne ol muny size aýtmaga utanýar. Emma Alla hakykaty aýtmaga çekinmez. Pygamberiñ aýallaryndan bir zat sorajak bolsañyz perdäñ añyrsyndan sorañ. Bu hem siziñ kalplaryñyz, hem olaryñ kalplary üçin has tämiz hereketdir. Siziñ Allanyñ resulynyñ göwnüne degmegiñiz we özünden soñ onuñ aýallary bilen nikalasmagyñyz asla rugsat edilmez. Sebäbi bu Allañ öñünde uly bir günädir". (Gurhan, Azhab süresi, 50-53-nji aýatlardan)
Älemleriñ ýaradyjysynyñ, ähli barlygyñ eýesiniñ tutus adamzada ahyrete çenli ýol görkezjek kitaby bolan Kuranda sözleýän sözlerine bir seretseñiz-le! Nädip su sözleriñ Hudaýyñkydygyna ynanyp bolýarka? Eýsem bu Hudaýyñ oýunjaga öwrülendigini añlatmaýarmy? Gyrnak näme adam dälmikä? Ýa bolmasa 25 ýasly boý ýigit bilen 40 ýasly, çagaly-çugaly, öñ iki gezek äre baryp aýyrlysan aýalyñ arasynda nähili päk söýginiñ dörändigine düsünmek kyn. 60 ýaslarda bolsa ýas gyzlardan heleý edinmek (gyrnaklar-a hasabam däl) geñ däl-de, gaýta biz mundan nusga hem almalydyrys. Ine, Nazarjan, meni gödek gürlemäge mejbur edýän zatlaryñ käbirleri sular. Ýene-de sanasañ sogaby bar. Sen bolsa arkasyny alan bolýañ bulañ. Gös-göni aýtmasa-da, tas göni aýdyp dur-a Hydyr, gel musulman bol, namaz oka diýip.
ADAMLAR! ERKIN PIKIRLENIP BILMEK UKYBYÑYZY HIÇ KIME OGURLATMAÑ!
GÖZEL AHLAK DINIÑ ÖNÜMI DÄLDIR! ADAMZADA ÝOKARDAN GELEN ZAT ÝOK, ÄHLISI ADAMYÑ ÖZI TARAPYNDAN DÖREDILEN DÜSÜNJELERDIR. HIÇ BIR ÝOKARDAN GELEN GÜÝÇ DURMU$YMYZY ÖZGERTMEZ. ONY DIÑE BIZIÑ ÖZÜMIZ AÝAP SAKLAMALYDYRYS, GORAMALYDYRYS, GÖZELLESDIRMELIDIRIS!
Hydyr kaka?! Teswirçileriñe gosul ahyry. Hiý bolmanda bir haý-kü$ et. Ýa senem öýkelekmi? Hormat bilen wirtual älemde dana dostlary gözleýän bir sada gönümel ýigit.
Saýtyñ gelim-gidimi köpelmezmikä?
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hydyr, salam. Umuman, pespällik erbet häsiýet däl, emma ol gönümellik hem dogruçyllyk bilen bilelikde gözeldir. Soñky ikisi bolmasa ol ýaranjañlyga, ikiýüzlülige meñzäp ugraýar. Hatda pespälligine buýsanyp hem men-menlik edip bilýändigini adam ýatdan çykarýar. Siz köpüñ adamsy. Siziñ ýazgylaryñyzy köpçülik okaýar. Sebäbi siz olary köpçülige hödürläpsiñiz ahyry. Onsoñ menem köpüñ biri bolamsoñ, olary okamagyñ maña hiç hili azary ýok. "Dinimize" diýen sözüñizi "Dinime" diýip üýtgetmegi maslahat berýän. Dostoýewskä nädip azar berip bolýandygyny özüñiz aýdarsyñyz-da, men-ä birinji gezek esitdim. Ýöne men "Dostoýewskilere", "Ata Gowsutlara" "Kerim Gurbannepeslere" we s.m. diýmekçi bolupdym dogrusy. Onsoñ hem çagalar bagyna gatnaýan çaga üçin çaga psihologiýasyna gabat gelýän çaga dilinde ýazylan gosgularyñ ýa-da manysyna halkyñ 90 prosentiniñ düsünmeýän arapça Gurhan aýatlarynyñ haýsysynyñ öwredilmeginiñ maksadalaýykdygyna düsünip bilmeýän ýazyja milletparazlyk, pikirparazlyk nadanlygyna bulasanyñ onuñ hut özüdigini nädip ynandyrjak diýsene? Haýsydyr bir dine ynanýandygyñ saña sol dini propagandirlemäge rugsat berýär diýildigi däl ahyry. Meselem, Hydyr Hytaýda önüp-ösen bolsa elbetde beýle zatlar ýazmazdy. Sen bolsa ýazgylaryñy diñe musulmanlar üçin ýazýandygyñy öz diliñ bilen aýdaýypsyñ. Musulmançylygy ýa-da Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hal-hereketlerini, ýol-ýörelgesini kabul etmeýän biri bilen pikir alysmak islemeýändigiñiz meni gynandyrdy. Sebäbi siz özüñiz hakyndaky bölümde öte pespäl boljak bolup biraz suwjuklykdyr ýuwanlyk bilen özüñizi bahalandyranyñyzda "men gowja filosof" diýip hem gosan ekeniñiz. Eger hakykatdanam "gowja filosof" boljak bolsañyz, fonarik ýaly sol bir ýere tutup durmañ-da, öýüñ ähli ýerine deñ ýagty saçýan lampa boljak boluñ. Bolmasa-da sol "gowjalaryñ" hemmesini pozuñ-da, ullakan harplar bilen "MEN DINDAR" diýip ýazyñ.