13.03.13.
Ep-esli wagt boldy, “Gündeliklere” hiç zat ýazyp bilmedim. Iki hepde töweregi
daş ýola gimeli boldum. Kompýuterimem öýde galdy. Niçigem bolsa, men ol
günleriň, ýolagçylygyň oýaran duýgy-düşünjelerini azam bolsa, kem-käsem bolsa,
ýazjak bolaýyn.
Aslynda ynsan dünýä inmänkä, entek enesiniň göwresindekä – ýolagçy. Ol
hemişe bir ýerden gelýär, bir ýere barýar. Şonuň üçin, bu jähtden seretseň, bu
ýolagçylygymam – şolaryň dowamy. Ýöne men köpden bäri bu ýolagçylygyň
arzuwyndadym, hyýalymda ony köp gezek gaýtalap ýaşaýardym. Ruhumda uly sarsgyny
soňky birki ýylyň içinde yzy-yza geçirdim. Birinjisi Ankarada, ikinjisem
ýaňy-ýakynda. Bu iki sarsgyna-da meni Baýramalyda geçiren wagtlarym taýýarlaýan
eken. Iç-içinden geçýän syrly hadysalar, geň, aklyňa gelmejek wakalar maňa gaty
ýönekeýje görünýän, ýöne juda çuň hakykaty – ynsanyň ejizligini, ony
ýaradanyňam juda beýikdigini düşündirdi. Emma, men muňa näçe düşündimmmikäm,
öňem düşünýärin öýtsemem, ýolagçylykdan öýüme dolanyp gelen günümden, entegem
düşünmeýändigimi duýdum. Meniň ýalylaryň oňa doly, gutarnykly düşünjek güni
diňe kyýamat güni bolaýmasa. Alymlaryň iň düşündirip bilmmeýän zady boşlukdyr
öýtmeýärdim. Olar atomlardan, molekulardan düzülen islendik zady düşündirmäge,
onuň bolmanda düzümini düşündirmäge çalyşýarlar, emma, ne sesi, ne maddasy, ne
hereketi... hiç zadyny görüp bolmaýan boşlugy welin, düşündirip bilmeýärler.
Ýolagçylykdan öýüme gelemde şol boşluga düşen ýaly boldum. Düşündirip bolmaýan,
emma, seni guradyp barýan boşluk.
Ýene-de Allaha şükür, ynsandaky ejizje akyl ýapyşyp bilenjelerine ýapyşýar,
boşlukdan çykmaga çalyşýar. Manysyz zatlardan many gözlejek bolmagyň, höwes
edeniňe degmeýän zatlara höwesiň juda azalýar. Dünýe gözüň alnynda başga bir
reňke boýalýar, başga bir görki alýar. Ýylpyldawuk, özüne çekiji, ýasama reňkler
çuňlaşýar, goýalýar, başga manylara yşarat edýär.
Häzirlikçe ýadatmaýyn, galanyny ertir...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Iýen-içeniñ özüñki, gören-esideniñden habar ber.