17.03.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

17.03.13.

Mart 17, 2013 | 1 teswir | 1403 okalan

Indi näçe gündir başymy ýassykdan galdyryp bilmedim. Dümew degdimi ýa-da howanyň üýtgemesinden boldumy, hiç zada elimi uzadasym gelmedi. Indi başardygymdan yzyny ýazjak bolaýyn. Hawa, aňansyňyz, nesibäm çekip, ilki Medinä, soňam Mekgä bardym. Hakykatdanam, başga bir dünýä düşdüm. Şu ýaşyma çenli köp ýurtlary gördüm, emma barsyny jemleseň, Medinäň ýeke gününe degmez. Dünýe aladalary, (hatda şol ýeriň dükanlaryna-da az gitdim) daşlaşyp, diňe ruhuň bilen ýaşaýaň. Ruhuňy ynjatjak zat ýok diýerlik. Gybatlar, boş gürrüňler ýoga golaý azalýar. Hatda birgezek birden içimden ýaramaz pikir geçdi welin, nädip elimi gapa gajadanymy duýman galdym. Şeýle bir awundym hem toba etdim. Medine şeýle asuda, Mesjidi Nebewi (şäheriň başga ýerine gitmedik diýibem bolar) şeýle owadan, şeýle özüne çekiji. Pygamberimize salam bermek, Türkmenistandaky sahabalardan, welilerden oňa salam äkitmek, “jennetiň bagynda” namaz okamak... bularyň täsirini dil bilen düşündirmek mümkin däl. Bu mukaddes ýerlere gitmänkämem şeýle üýtgeşik duýgulary ýaşajakdygymy aňýardym, emma göwnüme getirenimden hakykatda ýaşanym gaty köp esse güýçli boldy. Mekgä gelemizde 15-20 ädim diňe aýagyňyzyň burnuna seredip ýöräň diýdiler, soňam durduk – başyňyzy galdyryň diýdiler. Biz Käbäniň alkymyna gelen ekenik. Gözümiň ýaşy saklatmady, doga etdik. Daşyna gara mata çekilen dört diwaryň nädip beýle güýje eýe bolýanynyny düşündirip bolmaýar. Gözüň bu görnüşden gananok. Namaz okaňda-da sežde etjek ýeriňe däl-dä, göni Käbä seredip okamak üýtgeşik duýgular oýarýar, seni bu dünýeden alyp gidýär. Daşyňda millionlap adam bar, olaram namaz okaýar, emma sen hiç kimi duýaňok. Ak ihrama dolanmak – munuň nämedigini nädip ýazaýyn? Balyň tagamyny aýdyp düşündirip bolmaýşy ýaly, munam diňe ýaşap, başdan geçirip duýup bolýar.

Ýene ir zat, türkmendigime begendim. Birden ýanymdaky ýoldaşlaryma seredenimi duýman galdym. Türkmeniň gözleriniň täsindigini... Ol oýnaklap duranok, çakgyň çüýi ýaly deşip baranok, ýylanyň gözi ýaly seni jadylanok, meňzese, belki, wepadar köpegiň ynanjaň gözlerini ýatladýar...

Ýene bir geň galan zadym, gelen günüm Orsýediň TW-sinden bir gurzin alymy prowessor tokaýda ýyl ýarymlap möjekleriň arasynda ýaşapdyr – şonda başyndan geçirenlerini güürüň berdi. Familiýasy “B” harpdan ýaşlaýardy öýdýän, belki, internetden taparsyňyz. Ol adam gaty geň zatlary gürrüň berdi. Ýekejesini gysgajyk ýazaýyn. Alypbaryjy ondan “Möjekler maşgala bolup ýaşanlarynda, biri başga bir maşgalanyň urkaçysy ýa-da erkegi bilen jynsy gatnaşyk edýärmi?”diýip sorady. Professor: “Ýok. Olarda biwepalyk bolmaýar. Üstesine-de olar bir ýylyň içinde ýekeje gezek çaga öndümek niýeti bilen jynsy gatnaşyk edýärler. Başga wagt olar diňe biri-birine hyzmat edýärler, çagalaryny terbiýeleýärler, ösdürýärler, goraýarlar” diýip jogap berdi...

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
17 Mart, 2013

Zyýaratyñyz kabul bolsun. Geñ duýgulary basdan geçirendigiñizi duýýaryn. "Gudratlar" adatylyga öwrülýär. Käbedäki tehniki isgärlerden sizde dörän duýgulary tapmak kyn bolsa gerek.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.