04.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

04.02.12.

Fewral 04, 2012 | 0 teswir | 1044 okalan

Ýazýan zadyň ynandyrjyly juda möhüm. Belki, bu seniň aýdýan waklaryň ýalan bolsa-da ýa-da ýalan goşulan bolsa-da çyna ýakyndygyny, hatda çynyňam çynydygyny görkeýän zat. Mysal üçin, mollaň 12-13 ýaşly oguljygynyň bir toýda içip, kakasyna sendenem kaka bolarmy diýýän ýeri – çyn. Emma, bu mollaň başyndan geçmedi. Dogrusy, näçe aýdasym gelmese-de, muny öz başymdan geçirdim. Durşuna ýalandan düşülýän, fantastiki eserleri kän halamok. Olary juda az okadym. Ýöne okanlarymy size-de okamagy maslahat berýän. Stanislaw Lem “Solýaris”. Gofman “Zolotoý kuwşin”. Ikinjisiniň adynyň sähel başgarak bolmagy mümkin. Ýöne ikisem gaty gowy eser. “Solýaris” diýip, soň A.Tarkowskiý gaty gowy fimem aldy. Ýöne kino bilen kitap meňzeş däl, biri-birini gaýtalanok. Käte bir kitabyň kinosyny görsek, şol kitaby okandyrys öýdýäris. Bu gaty ýalňyş. Men diňe Ç.Aýtmatowyň “Ak gämisini” orginala ýakyn gňrdüm, şoň üçinem halamadym. Ýöne “Woýna i miriň” kinosy bilen eseriň özüni deňeşdirer ýaly däl, ýogsa S.Bondarçugyň kinosynam gowy gördüm. Dostoýewskiň “Idiotynyňam” kinosy bar. Gaty gowy kino. Ýöne Dostoýewskiň eseriniň derejesinde kinony almak mümkinmikä? Kurasawaň “Idiotuny” öwýärler, ýöne arman görüp bilmedim. Agajan diňe türkmençe ýazylan kitaplary okaýan diýipdir. Gaty gynandym. Ol kitaplaryň terjimesiniň, onda-da türkmençe terjimesiniň orginalyň ýaryça bolmajagy belli. Magtymgulyň rusçasy hatda Arseniý Tarkowskiň terjimesinde-de orginaldan daş bolýar. Puşkiniňem türkmençesiniň şeýle boljagy düşnüklidir. Krylow diýilýän basnýaçy 70-mi, 60-my ýaşynda grek dilini öwrenýär, bir grek basnýaçysynyň eserlerini orginalda okamak üçin. Emma, bu dünýä edebiýatyny terjime etmek dogry däl diýdigim däl. Dünýäde belli ýazyjylar kän, olaryň hemmesiniň ene dilini öwrenmegem mümkin däl. Terjime etmeli. Ýöne bolmanda rus, iňlis dillerini bilip, şol eserleri orginalda okajak bolmaly. Goşgy hakynda-ra gürrüňem ýok, kyssada-da orginal diliň täsiri başga bolýar. Tolstoý, Dostoýewskiý beýlede dursun, Çehowyň terjimesem, hatda Şukşiniň terjimesem köp zady ýitirer. Häzirki ýaşlaryň rusça bilmeýänlerine gynanýan, ýöne iňlisçe bilýänler köpeldi, bu-da gowy zat.
Gurbannazar “Ýazjak bolsaň oňat goşgy ýazmaly, / Başarmasaň zaýalama syýaňy...” diýýär. Muňa näme diýjek? Hiç wagtam bir zady ýazyp başlaňda, ýazaňda onuň gowy boljagyny bileňok. Hemişe birinji hekaýaňy, birinji powestiňi ýazýan ýaly ýazýaň. Hatda bir zady başlamda ýokarsyndan öz adymy, familiýamy goýsamam erbet täsir edýär. Eýýäm ýazyp bilemok. Özüňe başarýan diýip bolanok. Mysal üçin, ussa “jaý salyp bilýän. Men şu işiň ussasy” diýip alýar-da jaý salyberýär. Salýaram. Emma, ýazaňda beýle diýip bolanok. Belki, diýýänler bardyr. Onsoň her gezek “zaýalama syýaňy” diýen maslahaty ýeňip geçmeli bolýar.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.