20.03.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

20.03.13.

Mart 20, 2013 | 1 teswir | 1099 okalan

Ahmet Halmyradyň “Ýeňiş” diýip bir hekaýasyny “E-S-dan” okadym. Hiç hili dartgynly wakasyz, keýpine ýazylan hekaýa. Bir ýaş weterinar çölde bir çopanyň guşlarynyň arasynda iki sany delje ýumurtany soraman alýar, soňam olar atdanlykda, penjeginiň jübsünde döwülýär. Gaýdyşyn ol penjegini kanala zyňýar. Özüni ýeňýär. Ýogsa, ol ýumurtgalary alandygyny, olaryň nämäň ýumurtgasydygyny sormakçydy, emma soramanka olar döwülýär. Hekaýa öz-özüňi ýeňmek, öz-özüňi bagyşlamak duýgularyna jemlenip gutarýar.

Köpden bäri ýazman ýören Ahmediň soňky golaý wagtyň içinde ikinji hekeýasy “E-S-da” çykdy. Onuň täzeden ýazmak yşgyna düşmegine begendim. Soňky döwürde eserlerde dartgynlylyk, konflikt, dawa-jenjeli az bolmaly, başarsaň asla bolmasa gowy diýlen talap, geň hekaýalary döredýär. Birhili tozan üstünden buz arajak bolmak ýaly bir zady ýatladýar. Ýöne diňe wakalara, dartgynlylyga kowalaşmagyň, wakanyň ýsti bilen geň galdyrjak bolmagyň indi ýokdugyna begenýäň, birhili ýazyjylar indi gahrymanyň içki dünýäsine has çuň aralaşmaly bolaýjaklar ýaly. Kyn mesele, sebäbi ýazýan zadyňdan bir zady bolmaly däl diýip aýyrjak ýa-da goýjak bolsaň, ýasamalyk döreýär, okyja-da munuň sepi bildirip dur. Häzir birhili Gurbannazaryň “Tabydy” ýaly hekaýalar ýazylmaly ýaly. Munda-da juda uly konflikt bar. Düşünjeleriň çaparzalşmagy, ýitelmegi bar. Gynandyrýan ýeri, şol ýiti eseri ýazmaga synanyşýanam ýok ýaly. Baram bolsa, görnenok. Käbiri, 17 ýaşly oglany urşa gideniň gelni bilen gezdirip, has täsirli bir zatlar etjek bolýar, olam “guýa ... at gazana” barýar. Ýazyjy durmuşyň manysyna, ynsanyň ýaradylmagynyň maksadyna ýakynlaşmasa, ýazýan zady gowşajyk ýa-da asla boş bolýar. Men özüm muny başarýan diýjek bolamok. Men özümi asla ýazyjam hasaplamok, hatda dil-edebiýatam gutarmadym. Adaty okyjy hökmünde, pikirlerimi paýlaşaýyn diýdim. Ýazýan ýazyjylaryň iň uly derdi “Muny ýazsam çykarmazlar, muny halamazlar...” diýen düşünje bolsa gerek. Şu nazardan saplanmasa, ýazyjydan uly zada garaşmak kyn. “Näme üçin özüňe ýazyjy däl diýýäň, powestleriň bar, hekaýalaryň bar, esseler ýazýaň, kinossenarileriň bar?” diýmegiňiz mümkin. Men özümem özüme şu soragy berýän, käte “Düýä münüp, hataba bukulma-da” diýýän. Ýöne, hakyky ýazyjylar Dostoýewskiý, Tolstoý, hakyky şahyrlar Magtymguly, Gurbannazar ýadyma düşýär-de, özüme ýazyjy däl, öwrenje-de diýip bilemok. Onda-da bir zatlar ýazmaga synanyşýan, o-da “däliň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýen düşünje bilenem däl-de, öwrenipdirin, ýazman bilemok. Bir zady aýdyp biljek ýazan zadymy näme üçin çykaraňyzok ýa-da näme üçin üýtgetdiňiz diýip hiç ýerik barmok. Kitabymy çap etdirjek, ýygyndy etjek bolmak derdimem ýok. Şonuň üçin, edebiýat äleminde bir zatlar ýazmak isleýänlere, asla, päsgel berýändirin, kimdir biriniň nobatyny alýandyryn öýdemok. Kä wagt gazet-žurnallara okamaga berýän, çykarsalar çykarýalar, çykarmasalar çykaranoklar – muňa asla üýtgeşik begenip-gynanyp duramok. Gorkýan zadym, kyýamat ahyr güni ýazan zatlarym sebäpli hasap soralsa näme diýerin? Her namazymda diýen ýaly, şolar sebäpli utanmaly, ýüzigara etme diýip, Alladan dileg edýän. Şonuň üçinem, başardygymdan az ýazmaga çalyşýan. Bolýar, Ahmetden başlanan gürrüň nireden çykdy. Ahmediň hekaýasyny okap görüň, gynanmarsyňyz öýdýän. 

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
24 Mart, 2013

Ahmet Halmyrat, Ümür Esen köp is bitirdiler. Ümür Esen aga-da aýyrlaýypdyr öýdýän?

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.