22.03.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

22.03.13.

Mart 22, 2013 | 1 teswir | 1178 okalan

“Heserlinem” Saşa Jallyýew alaýjak ýaly. Moskwany (WGIK) täze gutaryp gelen daşhowuzly ýaş oglanam (adyna Muhammet diýýärler) operatory boljak. Nohura gidipdirler. Kino düşüriljek ýeri gözleýärler. Ýaş oglanyň Moskwany gutaryp gelenine begendik. Dogrusy, kinostudiýada operatoram sanaýmaly. Medeniýet institudynda-da okadylýar welin, olaram entek işe girişiberenoklar ýaly. Muhammediň höwes-ä bar, görmeli-dä, Saşa-da höwesli. Ýöne ýeser ýeri kinoň dutar, saz baradadygy. Sazam, onda-da biziň sazymyz düşünmesi kynyrak-da. Bulat Mansur tatar bolup, biziň türkmen dutarymyz hakynda “Şükür bagşyny” aldy, inşaaalla Saşa-da alsa gerek. Kino gowy kompozitor, saz konsultanty sazanda-da gerek. Ol işlerem ugruna bolsa, belki, gowja zat çykaýmagam mümkin. Baýramçylyklar geçse, içgin gatnaşyk ederis diýen tamamyz bar. Ýagşy dilegde boluň!

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
22 Mart, 2013

Isiñiz ilerik! Gowy türkmen kinolara zar bolduk. Eser kimiñkikä?

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.