28.03.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

28.03.13

Mart 28, 2013 | 0 teswir | 1034 okalan

Arada şäher içinde ulagda barýardyk, biri ýogalan eken, deňinden geçip gitdik. Adatça iman baýlygyny dilänimizden soň, gürrüň ölüm hem dirilik hakynda gitdi. Içimizden biri: “Ölmekden dogulmak kyn” diýdi. Hakykatdanam adamyň demi sogrulýar-da, ölýär durberýär. Dünýä injek bolsa, dokuz aý enäň garnynda ösmeli, wagty dolmaly. Ýoldaşym bir çaganyň dünýä inmegi üçin iki millioondanam köp tohumyň ýatga gidýändigini, olaryň ýekejesinden galanynyň ýolda heläk bolýandygyny aýdyp, entek tohumlanmagyňam kyn bir ýolagçylykdygyny gürrüň berdi. Haýran galaýmaly san iki milliondan ýekejesi adam bolýar. Muny alymlar “tebigy seýgi” diýip düşündirýärler. Mümkin, ýöne tebigy seçgi kanunyny goýan hasam haýran galdyrýär. Ýöne ölmegem ilki görnüşi ýaly däl bolaýmasa. Adam jan girenden başlap, ölüme tarap ýola düşýär. Emma, megerem, ynsanyň iň razylaşýan, ýöne boýun alasy gelmeýän hakykaty ölüm bolsa gerek. Ol göwnüme bolmasa, ähli kişiniň öljegine ynanýar, özi welin ölerin diýmeýär. Ajalyň islän wagty gelip özüni alyp gidiberjekdigine ynanmaýar. Diňe ölüm ýassygynda demini sanap ýatyrka ýa-da ajal ýakasyndan tutanyny anyk göz ýetirende ynanýar. Oňa-da giç diýýärler. “Ölüm ýassygy”, “soňky dem”, “sanalgy” diýýär. Ýassyklaryň haýsysy seniň ölüm ýassygyň bolup bilmez? Haýsy demiň soňky, hasysy sanalgyň däl? Ölmek aňsat bolsady, ynsan beýle gaçypatalgalar gözlemezdi. Mekgede welin, adam özlümden gaçmaýar, gaýta, onuň bilen dost bolýar, ony doly kabul edýär. Adam dirilik agramyny, ýüküni düşürýär, süňňi ýeňleýär. Demiň iň soňkusyna ýetýänçä, adam million däl, milliardlarça gezek dem alýar. Hamala ähli demleriň gelip-gitmegi, şol iň soňky dem üçin ýaly. Men Mekgä gelemde, Käbä gelmek üçin 60-dan gowrak ýyl ýaşan ýaly boldum. Ýene düşündirmesi kyn zady düşündirjek bolýan öýdýän. Entek namaza başlamankam “Ýaş komda” goşgularym çykypdy (birinji hem megerem, iň soňky gezek). Şonda şeýle bir küplet bardy şu wagt ýadyma düşýär:

Güýç ber guluň bolmaga,

Aýan syryň bilmäge,

Özümi diňlemäge

Kylgyn rowa.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.