29.03.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

29.03.13

Mart 29, 2013 | 1 teswir | 1179 okalan

Ilkinji gezek iki tekerli tigre münüp, ony süürmäni öwrenenimde, meni geň galdyran zat, tigir ýörese ýykylmaýandygy, dursaňam derrew bir gapdala agýandygy boldy. Ýykylmjaka bolsaň hereket etmelidi, ýogsa, duran zat ýykylman duraýjak ýaly. Daşy suwuň ýüzini gyrdyryp kim daşa zyňmaşak oýnansyňyz. Şonda-da daşyň bady ýatsa, şobada sywa gaçýar. Kakam pahyram hereketli adamdy. Segsenden geçse-de, ýörände aýak sesi düňküldäp eşdilerdi. Bir gije-de oýanypdyr, çyrany ýakjak bolupdyr, düwmäni gözläpdir. Tapmansoňam gaharyna özüni ýatýan krowatyndadyryn öýdüp aşak goýberipdir, çüýjigi gaty pola urulyp jýaýrylypdyr. Şeýdip, 85 ýaşly kakam esli wagt ýöräp bilmän düşekde ýatmaly boldy. Hereketden galansoň dürli keseller basyp ugrady, 86 ýaşynda-da ýurduny başgalady.

Ýaňy-ýaňam awtomaşynlar beýle köp däldi, her kim pyýada gezerdi. Indi ýaňy murty taban oglanam maşyndan düşmäni kyn görýär. Hereket azaldy. Akyl herketem şeýle ýaly. Çagalara çanli her kim kompýutere, kalkulýatora, telewizora daňylgy. Az hereket etmek, az pikir etmek ýoň bolup barýan ýaly. Hatda obalarda tamdyrlaram azaldy, her kim çöregi satyn alýar. Gşwün baýlygy, düşünje baýlygy, akyl baýlygy pul-zat baýlygyndan pes görülýäne meňzeýär. Zehin diňe okuwa girmek üçin gerek ýaly. Emma, okuwa girmek isleýän, çagasyny okatjak bolýan köpelýär. Her kimem çagasynyň halal çörek iýýenini isleýär. Köp kişi haramdan gorkýar. Bir döwür (Hruşşewiň, Brežnewiň döwri) haram-halal tapawut edilmezdi. Garawula çenli ogurlyk edip ýaşamalydyr öýdýardi. Adamlar iman hakynda, imanly ölmek hakynda alada edýärler. Imanly ölmek hakynda alada – megerem, adamyň iň möhüm herketlerinden biridir.

P.S. Gürrüňini ýene Alla, imana syrygdyrdy diýip, ýüregiňiz bulanyp, gusjak bolup ýörmäň, başga bir gürrüňde many göremok, başga bir gürrüňde hakyky many tapmadym. Manysyz hasaplaýan gürrüňimem edesim gelenok. Siz (Alla hakynda güürüňi halamaýanlar) gowsy Hydyr Amangeldi diýilýaniň ýazgylaryny okajak, oňa teswir ýazjak bolup, şeýdibem özüňizi görkezjek bolup azar galmaň. Muny diňe size nebsim agyransoň maslahat berýärin. Ýogsa, her üýren güjüge kesek atjak bolsaň, barjak ýeriňe barmarsyň, başga zada eliňem degmez. Şonuň üçindir meger, Alla hakynda jedel edilse halanmaýar.  

Teswirler (1 sany)

Dowlet:
02 Aprel, 2013

Hezreti Musa (aleýhisselam) sorapdyr: "Allahym, käbir adamlar bar, seni bilýäler, tanaýalar, ýolda saňa gelýär-kä, golaýlaşan mahaly birden yzyna öwrülip gitýäler. Men düşinemok, näme üçin beýle bolýar?"
Allah "Eý Musa, olar meni hakykatdanam bilýänler däl. Bu ýoluň ýolagçylary hem däl. Olar yzyna dänýenlerdir." diýp jogap beripdir.

Uniwersitete, instituta girýänleriň hemmesi ylym ýolunda ýolagçy däl. Ylym isleýän adamlaram däl. Olar başga zady gözläp ol ýerlere barýalar. Ene-atalar, çagalaryny ynsan terbiýe etmek üçin dünýä getirenok, olaram başga ýoluň ýolagçylary. Ene-atalaryň iň köp edýän aladasy çagasyny abraýly, aýlykly, maşgalaly etmek aladasynyň aşagynda diňe dünýewi maksatlar ýatyr. Ahyretini pikir edip maşgala gurýan adam galdymyka? Hakyky ylym isläp okuw okaýan adam galdymyka? Çyndanam Allahy bilýän näçe adam galdyka?

Bir şahyryň gödek terjime bilen aýdanda diýşi ýaly,

Musulmanlyk bärde dursyn adamçylyk hem galmandyr,
Maksat diňe başgalaryny aldatmakdyr,
Hakyky musulmanlar diňe mazardadyr,
Musulmanlyk bugün asmandadyr...

Bilýändirin öýtýänler köp, diňe edebiýat etmek bilen meşgul, owadan söz aýtmak üçin ýaryşýan pahyrlar köp, iki kitap okap alymdyryn öýtýänler köp...

Yöne bugün Yslam garyp...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.