11.04.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

11.04.13

Aprel 12, 2013 | 1 teswir | 1158 okalan

Atajan Taganyň “Aýylganç baharyň jybarly güni” diýen powestini okap çykdym. Wakasy geň. Bir iti şeýle gowy görýän awçy urşa gidýär. Şol ýerde-de owal şeýle gowy görýän it diýlen janaweriň faşistlere hyzmat edýänini, Aşot diýip bir ermeni dostunyň ejir çekmegine sebäp bolşuny görüp itleri ýigrenýär. Şeýle bir ýigrenýär welin, ol “Diňe itleri biri-biri bilen urşduryp olardan aryňy alyp bolar” diýen düşünjä gelýär. Şeýdibem işi it uruşdyrmak bolýar. Ýogsa ony uruşdan öň gaplaňyň penjesinden halas edýänem wepadar köpegi. Powestiň soňunda-da ol bir köpege iňňe berýär, item ony ýaralaýar. Keselhanada ýatyrka-da ol düýş görýär. Düýşünde ony iňňe berip öldüren iti jennete goýbermeýär. Powestiň manysy: Itlerde günä ýok. Günä uruş turuzýan, gan dökýän adamlarda. Uruş sebäpli adam iti ýigrenmek derejesine ýetýär. (Emma, urşa gidip maýyp bolup gelen Öwez sapançy iti ýigrenenok. Şol awçydan başga iti ýigrenýänem ýok ýaly.)

Men powesti gaty gysgaldyp aýtdym, dogrusy, beýle etmek dogram däl. Men powestiň ähli çeper edebiýatyny aýyryp manysyny çykarmak üçin şeýle etdim. Powest gyzyklandyrsa okap bilersiňiz, uly zadam däl. Dogrusy men-ä okanyma gynanmadym. Dili gowy, tehnikasy gowy, dialoglary gowy, pikirem gowy. Ýöne bir sowal hiç aklymdan gitmedi. Ol awçy “Itde günä ýok. Oleýesine wepaly bolmalydygyny bilýär, şonam berjaý edýär. Ol özüniň faşistiňmi, kommunistiňmi elindedigini bilenok” diýen pikire näme üçin derrew gelmeýär? Göze dürtülip duran, powestde birnäçe gezek gaýtalnýan “Mal eýesine çekmese şumluk” pikirinem iňkär edip, özüni itiň halas edeninem unudyp, niýeti itden ar almak bolýar. Ýogsa bir ýerinde awçy “Biziň itlerimiz beýle wagşyçylygy başarmaz” hem diýýär. Ikinji jahan urşunyň günäkäriniň it däldigine akyly ýetmeýän ýaly.  Ýokarda aýdan ähli “gowularym” şu ýasamalyk sebäpli çägäniň üstünde gurlan fundamentsiz jaý ýaly pytrap gidýär. Meniň uly hormat gaýýan ýaşulym, Atajan aga muny bilmedimikä? Bilendir. Onda-da geňje sýužet, gyzyklyja tema, uruş, faşizm... we ş.m. zatlar ýasamalygyň üstüni örter öýden bolaýmasa. Bir zada düşündim: edebiýat, hakyky edebi eser ýalanyň üstünde, ýasamalygyň üstünde gurulmaýar. Hatda seniň gowy pikiriňem ýasamalygyň, ýalanyň pidasy bolýar.

Powesti okap bolan badyma Gurbannazaryň “Nesiller poemasy” ýadyma düşdi. Onda uruşdan gelen, bir içegen adam we oňa düşünmeýän ýaşlar görkezilýär. Emma, ýekejede ýalan ýok. Şonuň üçin ol adam “Her gün agşam “Men bu gün kime ýagşylyk edip bildim?” diýen sowal bilen uklamaly” (sözme-söz däl) diýende oňa ynanýarsyň. 

Teswirler (1 sany)

Ýusup:
20 Aprel, 2013

Hydyr aga, salawmaleýkim! Gowumy ýagdaýlaryňyz, işleriňiz oňatmy?

Men siziň bu aýdan powestiňizi okap görmedim. Ýöne bir zady welin anyk bilýän. Režissýor Edward Rejebow tarapyndan düşürilen "Tentek" (Охламон) kinosy siziň belläp geçen ýazyjy Atajan Taganyň "Aýylganç baharyň jybarly güni" atly powestiniň esasynda düşürilipdir. Ýalňyşmaýan bolsam, kitabyň baş gahrymanynyň ady Sapar bolsa, ol filmde Aman diýlip atlandyrylypdyr. Onsoňam, film döwrebaplaşdyrylyp, sowet-nemes urşy däl-de, sowet-owgan urşy görnüşinde berlipdir. Kyn görmeseňiz, ady agzalan kitap bilen kinonyň arasynda başga-da nähili baglanyşyklaryň bardygyny aýdaýsaňyz?

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.