23.04.13
A.Taganyň powestiniň esasynda “Ahlamonuň” alynanyny eşdipdim, ýöne şu okanymdyr öýtmändim. Dogrusy, filmde powestden hiç zat ýok diýseňem bolýar. Güjükçiň aýaly powestdäkä meňzeýär, birem onuň özüniň urşa gitmezinden öňki häsiýetini ýatladýar. Başga bilmedim, mümkin itiň gaplaň bilen urşup ölýän ýerem filmde bar öýdýän. Meň göwnüme, film powestden kän güýçli bolupdyr. Aslynda SSSR döwrüniň ýazyjylary (meň bilýänlerim, görenlerim) sowet ideologiýasyna ýugrulan, başgaça ýazmagy akylyna-da getirmeýän adamlardy. Ata Gowşudyň “Permany”, Nurmyrat Saryhanyň “Şükür bagşysy” muňa girenok diýäýmeseň. Ýadyma düşýär bir meşhur ýazyjy bilen goňşy kolhozlaryň biriniň adamlarynyň duşuşygyny gurnap TW-de ýazgy etmelidim. Efir wagty bir sagatdan köp bolmasa az däldi. Oba kluby dolmalydy. Duşuşygyň geçmeli gününe iki-üç gün galanda-da ýaňky ýazyjy içgili, açylyp bilmeýäni üçin baryny ýatyrmaly boldy. Men olaryň aýbyny açyp lezzet aljak bolamok, ýöne indi oýlanyp oturýan welin, olarda many-maksat ýok diýen ýalydy. Pul, şöhrat, wezipe höwesi tas hemmesinde diýen ýaly esasy maksatdy. Gurbannazar ýaly içi dertlisi az-azdy. Dertlisem derdini ýaşyryp bilse ýaşyrmaga çalyşýardy. Iň esasam ynanç ýokdy. Kommunizme ynanyp, şony wasp etsinlermi? Umumy adamzat gymmatlyklary, wyždan arassalygy, päk söýgi we ş.m.-ler esasy ýapyşylýan temalardy. Din-iman gadagan edilensoň, fundamentsiz jaý guran ýaly bolýar. Bilýän, ýaşuly ýazyjylarymyz “Bizde din bolmasa-da, arassadyk, halaldyk...” diýerler. Ýöne ýazyjynyň halallygy hiç zady çözenok. Üstesine-de halypamyz Jelaletddin Rumy, Ýunus Emre däldi, Şolohow, Fadeew, Gorkiý... günbataryň ýazyjylaryndan nähili ýazmalydygyny, näme hakynda ýazmalydygyny öwrenýärdik. Kyrk-elli ýyllap Dostoýewskini, Tolstoýy elimden düşürmän diýen ýaly okadym. (“Idioty” 3 gezek, “Woýna i miri” 2 gezek). Emma, olar maňa aragy goýduryp bilmediler, harama gitmekden saklap bilmediler. Pygamberimiziň ömri, hadyslar, Kur’an içimdäki garym-gatym gapma-garşylyklary düzetdi. Häzir günbatarda ýazyjylygyň derejesiniň juda pese gaçandygyny eşitdim. Geýleriň köçä çykyp hak-hukuk talap edýän Parižinde indi Gýugo, Balzak döremez. P. Koeleo “Alhimigini” Rumynyň “Mesnewilerindäki” bir rowaýatyň esasynda ýazypdyr, üstesine, ne öňünde, ne yzynda, ne içinde şeýdenini aýtmaýar. Markesdir şoňa meňzeşlerem biziň kumirimizdi. Olaram eserlerinde dini ussatlyk bilen ulanyp bilýändikleri üçin Markesdiler, Tarkowskidiler. Öň ýazypdym öýdýän Tarkowskiý ilki filmlerini biri üçin halkara festiwalda baýrak alanda onuň ýanyna iki sany çehmi, polýakmy žurnalist gyzlar interwýu almak üçin gelýärler. Tarkowskiý olardan “Hudaýa ynanýaňyzmy?” diýip soraýar. Olar ýok diýýärler welin, “Meň size aýtjak zadym ýok” diýip, interwýu bermeýär. Ol wagtlar Tarkowskiý SSSR-den çykarylmandy. Bizde bolsa diňe işan-mollalaryň üstünden gülüp ýazylan zatlar kitap bolup çykýardy, ummasyz gonorarlar berilýärdi. Bir döwür TÝUZ-da işlämde, biriniň Meňlini (Magtymgulyň söýgülisi diýilýän gyz) rewolýussonerka edip ýazan pýesasy sahnalaşdyrylypdy. Ol wagt bir pýesaň teatrda goýulsa, bir “Žuguli” alyp bolýardy. Hudaýa şükür şol döwürler 5-3 sany hekaýadan başga kän zat ýazmandyryn. Teatrda-da 4-5 aýdan köp işläp bilmedim. Ýogsa, zawlit bolsaň ýazan zadyňy geçirmek kyn däldi. Hatda bileleşip ýazaly, ýagny, sen ýaz geçirmesi meň bilen diýip teklip edenlerem bolupdy. Allaha şükür, meni gorapdyr. Edebiýata ikilik etmek köp mukaddes zatlara birden ikilik etmek bolýar. Edebiýatda Alla-da bar, imanam bar, halkam, Watanam... köp zat bar. Biraz öte giden bolsam aýyplaşmaň, kelläňizem agyrtdym öýdýän. Bu zatlar aslynda, maňa, diňe özüme degişli oýlanmalar.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hydyr aga, salawmaleýkim! Işleriňiz oňatmy, öý-içeriler saglyk-gurgunlykmy?
Hatyma jogap ýazanyňyz, aýratynam täze sahypada ýazanyňyz üçin size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Dogrusyny aýtsam, jogap ýazarsyňyz öýtmeýärdim. Sebäbi mende ýazyjylar ulumsy bolýarlar diýen pikir bardy. Ine, bu gün şol pikiriň ýalňyşdygyna göz ýetirdim. Sag boluň!
Indi tema barada. SSSR döwrüniň ýazyjylarynyň käbiriniň şolar ýaly gelşiksiz gylyk-häsiýetleri barada birdir-ýarymdyr gulagyma ilipdi. Hasam, haýran galýan zadym bar. Ors döwründe basmaçylary ýamanlap roman ýazan ýazyjy, 1991-den soň basmaçylary öwüp arşa galdyryp, goşgy ýazýar. Ýalňyşmasam, bu şahyryň kimdigini siz bilýän bolmaly. Ýa-da 1991-den öň hanlary, serdarlary, işan-mollalary ýamanlap, ýere sokup eser döredenler garaşsyzlykdan soň ozal eden işiniň edil tersine hereket edýär. Heý, beýle-de bir zat bolarmy?! Şu ýerde bir şahyryň goşgusy biygtyýar ýadyma düşýär:
Bu gün metjit gurýas ýatlap Allany,
Düýn metjidi ýykan elimiz bilen.
Bu gün gaýtalaýas “Kulhuallany”,
Düýn Gurhana gargan dilimiz bilen.
Ady ýadyma düşünok, bir ateist alym bardy. "Yslam dini barada hakykatlar" diýip kitap ýazypdy. 1980-nji ýyllarda çykan, haýsy ýyldygyny anyk bilemok. Musulman bolsaň, okar ýaly däl. Imanyň sähel gowşagrak bolsa-ha, işiňi gaýtarjak kitap ol. Aldygyna ýamanlap ýazýar dinimizi. Gyzykly tarapy, soň nähili boldy?! 1991-nji ýylda Beýik Allatagalanyň eradasy bilen garaşsyz bolduk welin, ýaňky alymsumagyň dili başgaça saýrap ugrady, galamy başgarak zatlar ýazyp ugrady. Yslam dini, pygamberler, dört çaryýarlar we ş.m., olaryň ömri, bitiren işleri barada birgiden gyzykly, ozal eşidilmedik, täsirli, peýdaly gürrüňler, rowaýatlar ýazyp ugrady. Men oň birki kitabyn-a okapdym. Gepiň gysgasy, öň "döwýärdi", indi bolsa "öwýär". Hany bärde messep?! "Belki-de indi ol ýola gelendir" diýmegiňiz mümkin. Emma men muňa düýbünden ynanamok. Sebäbi 1991-den soňky wakalardan azajygam bolsa habarym bar. Dinimize, mukaddesliklerimize ýol açylypdy, bu "alymsumagam" amatly pursatdan peýdalanmalydy. Ine, meň-ä bu adam baradaky pikirim şeýle.
Hydyr aga, ýokarda ýazyjylar Dostoýewskiý, Tolstoý barada agzapsyňyz. Men şolaryň eserlerini okap görmändim. Gyzyklymyka, okanyňa degýärmikä? Война и мир diýilýän eser dagy dört tom! Nädip ýazypbildikä? :)
Bor onda, Hydyr aga, soraglar bilen sizi biynjalyk etmäýin. Sag-aman işläň!