27.04.13
Hakykatdanam, näçe wagtdan bäri
hiç zat ýazamok. “Heserliň” ssenarisini bir salym (iki hepde töweregi) iş
edindik, Ylýas bilen – bolany. “Çöl, çomuç...” dur. Dogrusy, ýazmamsoň,
pikirinem etmämsoň eräp barýar. Höwesim ýok. Kitap okanymy, ybadatymy
artdyranymy gowy görýän. Birhili hiç kime gerek däl diýen duýgy içimdäki
höwesimi gaçyrýar. Bir döwürler hekaýa ýaryşmasy bar diýip haýdap ýazardyk,
Hudaýy Jana terjime etdirjek bolardyk, dogrusy onuň ýüregine düşerdik. Edebiýatyň
gürrüňini ederdik. Türkler kitap edip çykarardy, baýrajygam beren bolardy,
garaz, höweslenerdim. Indi bir hili ümsümlik, boşluk döredi. Gaýta ýazmaýanyň
gowy görülýän ýaly. Şu gün Mergen “Ýazaňok, ýazmaňy goýduň” diýdem welin,
begenip otyryn. Bu hantamaçylykmy? Öwgi, şöhrat küýsemekmi? Ýa-da adatça
diňlenmese gürlenmeýşi ýaly ýöne bir dymmakmy? Bilmedim. Emma bir zady bilýän –
häzir näme üçin ýazamok diýýän, bu hiç. Wagt geler “Şo ýaşlarymda-da ýagdaýym,
saglygym gowrakdy, näme üçin ýazmadym?” diýip özümi gynaryn. Ýazyjylyk hobbi
bolup bilmeýär. Başaryp bolsa, ony ybadatyň bir görnüşi ýaly görmeli. Kur’an
okamaga wagt aýryp, onam boş geçirmejek bolşuň ýaly etmeli. Edil Kur’any Allaň
razylygy üçin, öwgä-de, höweslendirilmäge-de, baýraga-da... hiç zada garaşman
okaýşyň ýaly ýazmaly. Ýazyp bilmeseň ýazjak bolup oturmaly, pikirlenmeli,
gözlemeli. Etmeli, etmeli diýişdirdim – edip bilsem. Alla şu mesele sebäpli
ýüzümi gara etmesin. Ýazmakdanam gorkýan. Ýazmasamam “Allaň beren ukybyny näme
etdiň?” diýiläýjek ýaly. Ýazmasam özüme ýeňil. Ýöne ýeňil diýlen zatlar köplenç
adama soňundan agram salýar. Kyn düşen işleriň hötdesinden gelip bilseňem,
soňundan ýeňil dem alýaň, özüňden razy bolýaň. Alla-da senden razy bolaýjak
ýaly görünýär. “Azajyk, ýöne elimden geleniniň barjasyny etdim” diýýäň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.