03.05.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

03.05.13

Maý 02, 2013 | 0 teswir | 1014 okalan


Söýgi hakyndaky kitaplary soran ekeniňiz. Meniň gowy görüp okanlarym "Granatowyý braslet", başga-da Buninde, Mopassanda, Balzakda gowy zatlar bar. Hemigueýiň "Kolokolam" gowy. Ýöne arada “Lýubow" diýip bir kino gördüm - iki sany garry saz mugallymlarynyň söýgüsi. Olaryň biri inwalid bolýar... Gowja kino. Ýöne söýgi temasyny iň köp ýazylýan, gereginden artyk ýazylýan tema hasaplaýan. Ýaşlar söýgi hakynda okamagy, görmegi gowy görýär diýip şol eňip gidip otyrlar. Kinostudiýamyzda içinde söýgisiz kinony göz öňüne getirip bilmeýänlerem barmyka diýýän. Hakyky söýgi adamda orta ýaşdan soň döreýän bolaýmasa. Olam başga birine däl, başdaş ýanýoldaşyňa, eger döremese, tersine bolsa - munda-da bir hikmet bar bolsa gerek. Aslynda kitaby köp okamaly, her gün iki sahypajyk, sypdyrman okasaňam bolýar. Ýöne meniň okan kitaplarym samoswal maşynyň döküp giden üýşmegine meňzeýärdi. Olar diňe Kur'andan, hadyslardan soň ýerli-ýerine bardy. Ýogsa olardan garaşýan peýdaňy almak kyn. Gaýta azaşdyraýmagam daş däl. Hasam söýgi hakyndakylar, pelsepeçileriň ýazýanlary. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.