07.05.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

07.05.13.

Maý 19, 2013 | 0 teswir | 1006 okalan

Başardygymdan ýazjak bolýan. Bir zatlara meňzejegem ýaly. Şeýle bir wagt aralyklary bolýandyr, biri 15-20 minutdan gelmelidir, senem garaşýansyň, gelip-gitsin diýip, hiç işe başlaman oturýaň. Menem häzir birhili şeýle ýaly. Bir minudam boş oturmaýyn diýip bilemok. Şeýtan bahana barynam salgy berýär. Mergen Mäne baba bilen baglanşykly bir gowy wakany gürrüň berdi. Mäne baba mesjitde wagyz etmeli eken. Adam bary ýygnanypdyr, ýer-jaý ýok. Mäne baba-da halkyň öňüne wagyz bermek üçin çykýar. Şol wagt oňa yzdakylardan biri: “Alla rzasy üçin, bir ädim öňe süýşüp bilmezmisiňiz?” diýip gygyrýar. Mäne baba öňe süýşýär-de, wagyz etmän çykyp gitmek üçin gapa ýönelýär. Oturanlar: “Wagyz etmejekmisiňiz?” diýip soraýarlar. Mäne baba: “Ýaňky yzdan gygyran adam meniň ähli aýtjaklarymy bir sözde aýtdy. Maňa aýdara zat galmady” diýip jogap berýär.

Bir ädim Allaň razylygy üçin öňe süýşmek – bütin ömrüme ýeke dähedem süýşüp bildimmikäm? Ýok. Suwuň akymynyň tersine ýüzýän ýaly, haýdadýan, öňe gidýändirin öýdüp özümi aldaýan... Iň bärkijesi geçen günleriň birinde biri söýgi hakynda kitap sorapdyr. Menem Ýewropa ýazyjylarynyň birnäçesiniň adyny tutdum. Soň oturyp pikir edýän, hany Rumyň “Mesnewileri”? Ýadyňyza düşýändir söýgülisi üçin ejesiniň ýüregini sogrup alyp barýan oglan ýykylanda enäň ýüreginiň “Ýykylaýdyňmy? Bir ýeriňi agyrtmadyň gerek?” diýip soraýşy. Ýa-da Magtymguly “Aý Güni, asman zemini/Söýen deý söýmüşem seni” diýýändir. Ýa-da nemes klassyklaryndan biriniň Hafiziň poýemalaryny ene dilinde okamak üçin pars dilini öwrenişini eşidensiňiz. Bu ýerde mesele Gündogar bilen Günbatary ýaryşdyrmak däl, biz gündogarly, ýitiren zadymyzam günbatardan gözleýäs. Günbatar edebiýatyna hormatym uly, ýöne gündogardan gowy fundament edinip, agy-garany saýlamagy öwrenip, onsoň günbatary öwrenmeli. Hawa, ikisinem birden edesiň gelýär, ýöne hem fundament guýup, hem üstüne diwar galdyryp bolmaýar. Düýn Ylýas gürrüň berýär atly ýazyjylarymyzdan biri: “Orslar nahalstwo wtoroýe sçatýe” diýýär, türkmenem “Töwekkeliň endişesi bolmaz” diýýär” diýip bu sözleri manydaş diýen ýaly edipdir. Bu “töwekgel” sözüniň “nahallygyň” ýakynyna-da barmýanyny bilmeýäniň etjek gürrüňi. Mundan soň, sen näçe ýyl Moskwada, Şukşin, Astafýew, Rasputin... dagy bilen oturyp-turuşaňda näme?    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.