21.05.13
Gündeligiň dowamyny Wýetnamdan ýazýaryn. O ýerlere nädip düşüp ýörsüň
diýmäň, bärde oglum Kemal işleýär. Elbetde, agtyklarymam ýanynda. Şolaryň
ýanyna myhmançylyga geldim. Belki, howa üýtgemegi saglygyma-da gowy ýarar diýen
umydym bar.
Bu ýurduň geň howasy bar eken. Çygly, yssy. Köp ýagyş ýagýar. Ýagyşdan soň
howasy gaty gowy bolýar. Aslynda yssy bilen öwrenşen bolamyzsoň, biz yssysy
bildirenok. Mende gaýta, öz ýurduma elen ýaly duýgy döredi. Türklerdäki ýaly
(bazarlarynda) galmagal ýok. Adamlary pes päl, medeniýetli. Içlerinde
gopbamlyk, gözügidijilik ýaly ýaramaz duýgular görmedim. Her kim gara güni
bilen. Oglumyň işlerem ýaňy başlapdyr. Erbet däl. Aslynda, firmasam, ofisem
kiçijik. Başlangyç şeýle-de bolmaly. Dogrusy uly bir firma bolmak, köp gazanç
etmek maksatlaram ýok. Esasan iş gurnamagy öwrenýärler.
Bärdäki türkmen oglanlardan biri bilen ýörite kofe berilýän (satylýan
diýsem ýalňyş boljak, ýogsa, pully hyzmat) ýere geldik. Ýokary derejede hyzmat
edýärler. Kofäniň (taýýar hem taýýar däl) görnüşlerinden dürli-dürlileri bar
eken. Kofäniň taryhy, Hemingueýiň, Napolýonyň… kofe barada aýdanlary we
ş.m.-lere gözüň düşýär. Umuman Wýenamda kofe öndürilýär, giden plantasiýalary
bar. Bize ýoldaş bolan oglan kofe ekilýän etraplaryna gidip gelen eken, gyzykly
gürrüňler berdi.
Wýetnam motosikletiňem köp ulanylýan ýeri eken. Ilki bada olaryň köplügi
geň galdyrýar. Awtomaşin ulanýanlar gaty az. Köçeleri darrak, mlletem uda köp
bolansoň motosiklet juda amatly ulag bolup durberýän eken. Biziň (SSSR)
döwrümizdäki ýaly «Ýawa» motoryny uçraýjak bolup ýören ýekeje adamam ýok. Her
bu ulagy edil eşek, at ýaly ulag hökmünde görýärem, ulanýaram. Umuman bu
milletde görünjek bolmak, aşa bezenjek, bezenjek bolmak häsiýeti ýok ýaly.
Geýinişlerem, ulaglary ýaly ýönekeý. Baý-garyp kän tapawut edenok. Birhili
SSSR-iň «deňlik» döwri ýadyňa düşýär. Adamla garynja ýaly, her kim bir iş
bitirip ýör.
Bu ýurt dürli miweleriňem ýurdy eken. Ömrümde görmedik miweleriň
dükanlarynda satylýar. Tagamynam dadyp göräýmeseň düşündirmek, biziň miwelermize
meňzetjek gümanyň ýok. Biziňkilerden garpyz bar eken, tagamam biziňki ýaly
diýseň boljak. Balyklaryň her hilisi satylýar. Ully akwariumlarda ýüzüşip
ýörler, haýsyny görkezseň şonam tutup berýärler. Bu ýerde-de bekre balygy
gymmat bahaly eken. Elbetde, bi z ondan alyp bilmedik. Kopçennyý, seledka diýen
ýaly önümleri görmedim.
Ýagyş bedreden guýlan ýaly ýagýar. Günde birküç gezek çagba gelýär –
derrewem diňýär. Şonuň üçin şäheriň gyralary batgalyk, hapalyk., gamyşlyk. Bu
biraz ýurduň görküni gaçyrýar.
Häzirlikçe şular. Galanynam soň.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Salawmaleýkim Hydyr aga!
Ynha, şu ýerde hem Wiýetnam ýurdy barada käbir maglumatlar berilýän bolmaly.
http://www.ertir.com/index.php#blog.php?view=39251&api=0.5690514701755377
http://m.ertir.com/index.php?q=blog&view=39251