05.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

05.02.12.

Fewral 05, 2012 | 0 teswir | 1002 okalan

Halmämmet aganyň kitabydan soň, S.Gerasimowyň “Uroki kinorežussury” diýen kitabyna başladym. Bu kitabam Halmämmet agadan aldym. Indi 2009-njy ýyldan bäri täzeden kino keseline ýolukdym. Şol ýylyň ýanwar aýy kinostudiýa “Pellehana” (häzirki ady “Atym ganatym meniň”) diýip bir kinosenariý eltdim. Ony ýazmagyma-da gazetde işleýäkäm, çagalar gazetini açmakçy şoňa ýetginjekler, çagalar hakynda hekaýa gerek diýdiler, şonuň üçin oglankam at çapýarkam başymdan geçenje bir wakajygy (bir ýaryşda ozaýmalykam ikinji boluşym hakynda) hekaýa edip ýazypdym. Birden “Gel, şuny ssenariý edeýin” diýdim-de bir aýa ýetirmän ýazdym. Öz başymdan geçenler, üstüne-de azajyk başga wakalaram goşdum, erbet bolmady. Kinostudiýadakylaram erbet görmedi. Garaz, şeýtdi-de, gyzygyp gitdim. Indi şu ýyl şondan kino aljaklar ýaly. 2009-njy ýylyň ýanwaryndan 2012-nji ýylyň ýanwaryna çenli bolup geçen zatlaram bir taryh. Gaty köp häsiýetleri, häzirki düşünjelerimizi, ýaşaýşymyzy görkezýän zatlar. Olaram wagty gelende ýazyp bolar, häzir birneme bişmeli ýa-da köýüp-sönmeli, garaz garaşmaly. Esasy zat ekiz bolsaň garaz, biri-biriňe goltgy berip, göwünlik berip, jylawyňdan çekip maksadyňa ýetip bolýar eken. Ssenariý hakynda gürrüň bermäýin, kino bolsa, soň görübereris. Garaz, şeýdip, 60-a ýetmizsoň kinorežissurany täzeden öwrenmäge girişdim. Dogrusy, 1976-njy ýylda men WGIK-iň režisserluk kursuna dokument tabşyrypdym, kabulam etdiler, ýöne kakam pahyr “Indi öýli-işikli bolaňsoň giç” diýip goýbermändi. Şol ýyllarda telewideniýede işleýärdim, “Iskusstwo kino” diýen ýaly žurnallary, kino degişli kitaplary köp okaýardym. Az-da kände kinodan düşünjäm bardy. Emma nesibe. Ýöne içimde kino almak höwesi mydama bardy. Alla-da yhlasyň çyndan bolsa, ýoluny tapyp gijirägem bolsa, (belki, tüýs wagtydyr) höwesiňe ýetirjek ekeni. Ýöne kitap göwün islänim bolmady. Gowy kitap, gowy zatlaram aýdýar, ýöne, o zatlar, onuň görkezýän ýalňyşlyklary başymdan geçiren zatlarym. “Eser nähili bolmaly? Nähili maksatlary bolmaly?” diýen ýaly meseleler. Meni köpräk kino almagyň tehnikasy gyzyklandyrýar. Birazajyk kino almak, ssenariý ýazmak höwesim barada aýdaýyn. Ilki başda 976-njy ýyllarda, elbetde, kino eserini döretmegiň hekaýa ýazandan has gyzykly bolany üçin höwes edýärdim. Üstesine-de ekran, tomaşaçylar, çapak çarpmalar, uly zaly dolduryp oturan bir giden adamyň seniň eden işiňe pul berip gelip seredişleri we ş.m.-lerem özüne çekýärdi. Häzir näme? Häzirem gyzyklylygy özüne çekýär, ýöne bir döwürler “Luiza...” diýip bir kino serial gidipdi TW-de,başga zat bolmansoň her kimem görýärdi. Adamlar kitap okamasalar kino görýärdiler. Häzirem şeýle. Ýaramaz zat isle nahar bolsun, isle egin-eşik, görelde, kitap, kino... islendigi adama ýaramaz, ters täsir edýär. Gowy bolsa-da gowy täsir etjegi görnüp dur. Eger “Luizadan” gowy zat ýazjagyňy bilip durkaň, birnäçe kynçylyklary bahana edip ýazman otursaň sen günäkär bolýaň. Oba-da biri ýogalan bolsa şoň jynaza namazyna barmagyň parz däl, emma, onuň jynaza namazyny başga okatjak ýok bolsa, senem bu işi başarýan ýekeje adam bolsaň, bu iş saňa parz bolýar. Edebiýatda-da şeýle. “Ýekeje men ýazyp bilýän” diýjek bolýan ýaly gňrünmegimem mümkin. Ýöne edebiýatda edebiýatçyň sany barmak basyp sanalýan bolsa, onda bu juda az boldugy, ýeterlik däl boldugy bolýar. Netijede bu iş parza öwrülýär. Ýogsa, 60-dan soň kinorežsserlyk öwrenip, öňde-de birinň kyrkdan soň dutar öwrejek bolşy ýaly bolup ýörmegiň meniň üçin nämä geregi bar? Bu işi başaryp-başarmaýanyň meselesini ilki bilen özüň, wyždanyň duýýar, soň dostlaryň, bu işi az-kän başarýanlar saňa kakdyryp aýdýarlar welin aýdýarlar. Emma, kyn, kime gerek, garradym, keselledim we ş.m.-leri bahana edinip öýüňde ýyljak pejiň başynda ýatyp, soňundanam “Luiza” ýaly zatlary TW görüp käýinen bolmagyň hakykatdanam kime gerek? Bir gowy söz çykypdyr soňky döwürler “pidagärlik” diýýärler. Pidagärlik duýgusy içiňde bolmasa, onda seniň ölüden näme tapawudyň bar? Öte geçen bolsam bagyşlaň, ýöne öz göwnüme entegem bu meselä düşünmekde, düşündimekde kän bardan gaýdýan.
 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.