23.05.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

23.05.13

Maý 23, 2013 | 1 teswir | 1001 okalan

Wetnamda günlerim täsirlerden doly geçýär. Dostlarymyzdan biri “Wetnam hakynda maglumatlar şu ýerde-de bardyr” diýip bir adres beripdir, entek oňa girip göremok, giirerin, inşalla. Geçenki ýazanlarymy başardygymdan dowam etjek bolaýyn. Köp kişini gyzyklandyraýjak zat belki, naharlarydyr. Naharlary juda yslydygy, hatda tagamyndanam öte geçýän ysy bilen burnuňa urýar. Özümä aşarak duhi sepinselerem halamaýanlardan bolamsoň, mende bu yslar ýakymly, işdäňi açýan duýgular oýarmady. Üstesine-de bu ýerleriň halklary item, çekirtge-de, gurbaga-da iýýär diýensoňlar hasam gaşyň çytylýar, emma, bir zatlaram iýmeli-dä. Wetnama gelmek üçin Tailandda gonup geçmeli bolany üçin, hemem wagtymyz bar diýip Kemal bilen Bangkokda (dogry ýazandyryn-da hernä) bir gün bolduk. Naharlarynam iýdik. Daşyna “Halal” diýlip ýazylan, musulmanlaryň gelýän naharhanasyna gitdik. Içi her hili otlardan, burçdan, kömelekden, birazragam towuk etinden doly çorbaly tabagy getirip öňümde goýdular. Dogrusy, bir döwürler az-kem kynçylygam görlensoň, nahar dannamak häsiýetim ýok. Hatda gowy görýän naharymam ýok, näme bişirip berseler iýip ýörenlden biri diýsemem bolýar. Maňa gatyk iý diýilmese bolýar. Garaz, şeýdip, özüme ruhy goldaw berip çorbany dadyp gördüm. Aýdyşlary ýaly däl eken – nahar tagamly eken. Ýöne Wetnama gelelim bäri esasan balyk iýmeli bolýar. Bu ýeriniň eti tagamsyz hem gatymyş, haýal bişýarmiş, şonuň üçin esasan üwelen et bilen balyk berýär, gelnim. Tüweleme eli süýji, balygam ýeňil nahar. Meniň aşgazanymam problemalyrak bolansoň, hasam gowy ýaraýar. Ýöne öňem eşidýärdim iýmitiň adamyň häsiýetine täsiriniň bardygyny. Bärde muňa hasam göz ýetirip bolýar. Kemal şäheriň gyralarynda, suwuň üstünde hütdük jaýjagazlarda ýaşaýan wetnamlylary görkezdi. Garybam bolsalar agzybir, uly maşgala bolup ýaşaýanlaryny gürrüň berdi. Soň baýlaryň willalarynyň deňindenem geçdik, şeýle raýonlarda-da aýlandyk. Esasy gözüme ilen zat şol willalaryň töwereginde goh-galmagal, geýnüwli ýaşlar, gymmat maşynlar görnenok, penjireden estrada aýdymynyň sesi köçä ýaň berenok. Hatda bizdäki ýaly aldygyna haýatyny ýykyp-täzeläp, penjiresini çalşyp, ýeri betonlap ýörenem görmedim. Birhili geň ümsümlik bar. Agşamlyk bu ýerde okaýan talyp oglanlar mhmançylyga geldiler. Hezil edip, edil, Türkmenistandaky ýaly, otagymyzy Türkmenistanyň bir künjegine öwrüp oturdyk. Hatda dutaram çaldyk. Oglanlaryň birki sanysy kofe plantasiýalarynyň bar etrabyna gezelenje giden ekenler. Motorly, jübülerem kän bir pully däl ýagdaýda-da ep-esli ýol geçip, çagba ezilip, batga batyp, kynçylyklara seretmän syýahat edýän ogullarymyzyň bardygyna begendim. Birgiden suratlar, wideolar görkezdiler. Allaha şükür, özlerem diňe gowugyň, arassalygyň içinde, tämiz düşünjeli ýigitler. Olar hakynda hasam köp zatlar ýazyp bolardy, ýöne özlerem ýazýanlarymy okansoňlar, nähili kabul etjeklerini bilmänim üçin saklanýan. Bu günlikçe, belki, ýeterlikdir. Galanyny ýene bir gün. 

Teswirler (1 sany)

Begmyrat :
08 Iýun, 2013

Ol oglanlar barada ýazyp bukja oklabermeli ekeni, soň ulanylardy.Aýratynam şu ýerini gowy gördüm, ýöne tankytmy öwgümi, ýa-da diňe ýagdaýa berilen synmy düşünip bilmedim.

"Motorly, jübülerem kän bir pully däl ýagdaýda-da ep-esli ýol geçip, çagba ezilip, batga batyp, kynçylyklara seretmän syýahat edýän ogullarymyzyň bardygyna begendim. "

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.