26.05.13.
Dogrusy, wagtyň nähili geçýänini duýamok. Işlerime zordan ýetişýän. Üstesine-de internet gowy işlänsoň, kino baryny göçürip alýan. Gaty gowy kinolar. Günde birini görmäge çalyşýan. Owal kitaby gowy görerdim, ýöne indi kitap okamak kyn düşýär, bahym ýadaýan.
Wetnam (muny Wýetnam, Wietnam diýip ýazmalymy bilemok, men aňsadyna bakýaryn, siz dogry okarsyňyz diýen umyt bilen) maňa geň duýgulary getirdi. Amerika bilen SSSR Wetnamyň topragynda, onuň bigünä ilatynyň üstünde ýaraglaryny synagdan geçirip, biri-birinden üstün geljek bolup gyrgynçylyk edýärkä, men student, soň TW-de işleýärdim. Uzaga çeken uruş, her gün gazetlerde, TW-de Wetnam sözüniň gaýtalanyp durmagy, gyrgynçylygyň bolýan ýerinde ölüp ýatan ejesiniň ýanynda aglaýan çagalaryň ýürekgyýdyryjy suratlary erbet täsir edýärdi. Ýadyma düşýär 1-hji iýun çagalar gününe bagyşlap tele gepleşik taýýarlapdym, şonda Wetnam çagalarynyň suratlaryny gaty gynandyryjy diýip efire gitmänkä başlyklar aýyrdypdylar. Şol ýatlamalar gelelim bäri hakydamdan çykanok. 17 ýyla çeken urşuň tamamlanandygyna halk ynanýança-da ençeme ýyl geçmeli bolandyr. Soňam SSSR-em, Amerika-da taşlap gidipdir. Bu milletem sany köp bolansoň ýitmän, itme-ýykylma ýaşamaga başlana meňzeýär. Köçelerde kän bir eşiginiň arassalygyna, ütügine, hiline seredýänem az görünýär. Her tapanyny iýip, tapanyny geýip, oňňut edip ýaşap ýören ýaly. Şunça wagtyň içinde ýeke gara Mersedess maşynyna duş geldim. Aslynda, meniň maşynlardan başymam çykanok welin, hiç kimiň, ne döwlediň, ne halkyň "Köçelerimizi giňeldeliň, rahat, lýuks ýaşalyň" diýen hyýal kellesine-de gelmeýän ýaly. Emma, beýle däldir, her kimde bolşy ýaly wetnamlylaryňam has lýuks ýaşamaga höwesi bardyr. Ýaşaýan binamyzyň golaýyndaky pessejik (wremýanka) jaýlary ýykýarlar. Ullakan kerpiç, sementem çykanok, gap-gaç, küýze döwükleri ýaly zatlar galýar. Bir hojalyk henizem ganarlarry, haltalary bilen birküç gün bäri ýykylan jaýyndan goşlaryny daşaýar. Ol goşlaryň üstüne ençeme gezek ýagyş ýagdy. Kim bilýär, olara gowy jaýlar berendirler. Närazymy, razymy ony biljek gümanyň ýok. Emma, çem gelen ýere (hatda şäheriň merkezi diýilýän uly köçede-de gabat geldim) dik duran ýerinden buşugyp gidiberýän, näme üçindir maňa ýarym-ýalaňaç bolup görünýän bu halka henizem nebsim agyrýar. Ýogsa biziň ýaşaýan binamyzyň ady Byn-myn. Bu "Älemgoşar" diýen manyny berýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.