28.05.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

28.05.13.

Maý 28, 2013 | 1 teswir | 1079 okalan

Wetnam urşunyň bolan ýerlerinden taryha alnyp galynan bir künjegine gitdik. Eýlesi-beýlesi 15-20 kilometrlik ýeriň aşagynda üç gatda ýerleşýän, giden jeňňeliň aşagyndaky oba. Öz keselhanasy, naharhanasy, eşik tikimçisi… garaz durmuşda näme zerur bolsa hemmesi ýeriň aşagynda. Alakanyň hini ýaly müň deşigi ähli tarapa ýaýrap gidýär. Girelgelerine adaty göwresi (gabariti) bolan adam sygmaýar, meň ýaly hor, inçe adamlar girip bilýär. Jeňňelikde otlaryň arasynda çukur gazyp, aşagyna çişler dikilip goýlan duzaklar, gaýduwsyz urşan aýal-gyzlar - akylyňy haýran edýär. Adamlar bir daban ýer, toprak, Watan, ýurdum, namysym diýip nähili jepalara döz gelipdir. Tutuş tokaýy üstünden derman döküp birki günüň içinde guratsalaram, ýeriň aşagynda gizlenen halk urşupdyr. Beýlede tutanýerlilik bor eken. 

Bu taryhy ýere barýançaň şäheriň içi bilen daşyna ep-eslije gitmeli eken. Bu ýer ortaça bir ýarym sagat uzaklykda ýerleşýär. Ýolda ýoldaşym bilen gürleşip gitdik.

- Näçeräk ilaty bar, Wetnamyň?

- 90 müň.

- Mirasymyz, däp-dessurymyz, könelerimiziň ýoly diýen dert-aladalary barmy?

- Bar.

- Gelin-gyzlarynyň arasynda ahlaksyzy kän ýaly?

- Kän. Esasan Koreýaň, ABŞ-nyň täsiri uly. Teleantennalardan sypdyrman şol ýurtlary görýärler, şolara öýkünmäge çalyşýarlar. 

- Öýlerine myhman bolup gördüňmi?

- Hawa. Bular kän öýlerini bezemeýärler. Darajyk jaýlarda ýaşaýarlar. (Elbetde hemmesi däl). Ýer gymmat. 1 kwadrat metri ortaça 2 müň dollar. Olam köp ýyllyk kireýine berilýär. Ýurduň ykdasadyýeti gaty ösýär. Ýaponiýa, Kitaý, Koreýa uly maýa goýumlar edýär. Uly işler edýärler.. Halk köp, öndürip ýetişdirseň alyjy näçe diýseň bar, işçi güýjem şonuň ýaly. Halk zähmetkeş, kanagatly, parahat ýaşamagy gowy görýär. 

Yzymyza dolandyk. Halkyň şunça gan döküp, jepa çekip, horluga döz gelip goran ýurdy, namysy-ary gözüň alnynda eräp barýan ýaly. Milli eşikli wetnamlylara az duş gelýärsiň, merkezi herhili kafelerdir, diskotekalar, restoranlardan we ş.m.-den doly. Kreý edýän taksistlere çenli saňa keýp çeker ýaly ýer teklip edýärler. Munuň garşysyna ýarag bilen, duzak bilen göreşip bolmaýar, ýerasty obalaryňam peýdasy ýok.

Ýene bir zady arzuw etdim: din-imanyň üçinem şeýle tutanýerli bolup bolsady… Şu dünýe şunça azaba, jepa degýän bolsa...

Teswirler (1 sany)

Bayram Muhanov:
28 Maý, 2013

Hydyr aga, 90 million yerine mün gidipdir...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.