| Gündelik | Hydyr Amangeldi

Maý 29, 2013 | 0 teswir | 957 okalan

29.05.13.

Bu gün şol 90 millionly halkyň ýene bir şäherine gitdik. 1,5 sagat töweregi, megerem Saýgon derýasynyň üsti bilen gämide barylýan şäher. Ady "G" harpdan başlaýar. "Guantano" diýen ýaly birhili ýatda galmaýan, biri-biri bilen oňuşmaýan harplardan düzülen ady bar. Bu wetnamlylar şeýle oňuşykly, ýuwaş halk bolansoň, oňuşmajak harplara çenli oňuşdyryp, gaty täsin sesler arkaly gürleýärler. Ýöne şonam gowja bilýän türkmen oglanlar bar. Düýnki, maňa ýoldaş bolup gidenem şolaryň biri. Baýram jan düzedeniň üçin sag bol, 90 milliony 90 müňe çenli azaldypdyryn. Biz müň diýen sanam juda köp göremizsoň, müňden aňyrda san bardyram öýdemizok. 

Şäher gaty gowy eken. Töweregi ada, özem ada bolmagy mümkin. Hind okeany diýdiler, bulanygaraga-da (Ak deňize görä) ýyly, duzly suwa düşdük. Süýrgünortan bolansoň, bahym ýadadyk hem ajygdyk. Ýöne ýoldaşlarymyzdan katere münüp keýpden çykanlary boldy. Soň garbandyk. Ýadawam öýe geldim. Häzir şu zalary ýazyp otyryn welin, bir gowy adama duşmagyň, onuň bilen gürleşip oturmagyň, derdinişmegiň lezzeti 10 sany Hind okýanynyň gyrasynda ýerleşýän ajaýyp, owadan şäherden lezzetli ýaly. Belki, Allanyň ýaradanlarynyň iň şereflisi ynsan bolany üçin şeýledir. Elbetde, bu gezelençdenem närza däl. Aslynda närza bolar ýaly, men kim?

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.