01.06.13 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

01.06.13

Maý 31, 2013 | 2 teswir | 1188 okalan

Öýden Wetnama diýip çykyp gaýadnyma ýarym aý bolup barýar. Öýde bolsam o günleriň nähili geçenini bilmezdim. Ençeme ýerler gördüm, birgiden adamlar bilen tanyş boldum. Öz-özümi diňledim, deňäp gördüm. Adam hemişe özüni tanajak bolýar. Aýnaň öňünde ýa-da suratyma serdip köp oturýan wagtlarym (oglankam) bolardy. Emma, adamlar bilen gatnaşygyňda, olar bilen gürleşişiňde, seni gyzykdyrýän, gyzykdyrmaýan, halaýan, halamaýan zatlaryň bilen duşuşaňda özüňi tanaýaň. Belki, başgalaram azda-kände şonda tanaýansyň. Käte degişjek bolan bolup morta gürläp goýberýäň, soň ökünýäň, käte saňa düýbünden düşünenoklar, köplenjem sen töweregiňdäkilere asla düşünip bileňok. Käbir zatlar welin düşnükliligi bilen seni haýran edýär, sen şol düşnüklä düşünip bileňok. Mysal üçin, käbir ýaşy kyrkdan geçen adamyň magazinde bolşuny görüp, oňa gaty gowy düşünýäň, ýöne ol düşünýän zadyň näme üçin şeýledigine, düşnüklä düşünip bileňok. Kelläňizi agyrtmaýyn, öz kellämiň çaşýanam ýeterlik. Mysal üçin, bir dymygrak, yssyrak otagda otyrsyň, sähelçe açyk ýerdenem ýakymly şemal gelýär, emma, o ýerde başga biri otyr. Sen öz ýaşyň ululygyndan ýa-da başga bir hormatyňdan (belki, mynasybam dälsiň) peýdalanyp, ol oturany turuzyp, ýerine geçip oturýaň. Salkyn şemala uludan dem alyp, oňa ýüzüňi tutup hezil edýäň, ýöne turuzan oglanyň sen hakynda näme pikir edeni derdiň däl. Düşnüklidir. Duşýansyňyz şeýle hadysa, özüňiz etmeseňizem başga biriniň şeýle utançsyzlygyny görensiňiz. 

Birki günlükde giden ýerimiziň adyny doly öwrendim. Ol şäheriň ady Wuň Tau eken. Bayramtm.com saýty açyp görseňiz bu şäher hakynda-da, suwa düşen ýerimiziňem Günorta Hytaý deňzi ekendigini bilip bilersiňiz. Ol ýeriň tebigatynyň, jaýlarynyň suratlaryny görersiňiz. "Çomujy" işläp başladym. Şepitkoň "Krylýa" diýen kinosyny gördüm. Gowja kino eken. Ýöne ol aýal ýazyjy bolmaly eken. Biziň kino diýip görýän kinolarymyza düýbünden meňzänok. Ir ölenine gynandym. Klimowyň "Proşaniýe" diýip bir kinosyny gördüm. Kitabyny öň okapdym. Rasputiniň "Proşaniýe s Matýeroý" diýen powesti esasynda. Umuman, gowy kino. Hoja Narlyň "Gelin", "Mankurt", B.Mansurowyň "Beýbars" kinolarynam aldym, indi görmekçi. 

Düýn-öňňunlykda şeýle bir güýçli ýagyş ýagdy. Ýyldyrym edil depäňde çakan ýaly boldy. Birinji gezek ýyldyrymdan gorkup, bir ädim yza süýşenimi duýman galdym. Ýagyşyň damjalaram şeýle iri. Köwsarlap şemalam geldi. Balkondan seredýän welin, gözlerime ynanamok. Sähe wagtdanam geçip gitdi. Bizem Kemal bilen agtyjaklary, gelni alyp "çinto" (napitok bilen soguň arasy) içmäge gitdik. Çinto diýýäni ýerli miweleri buz bilen birlikde sykyp, üwäp edýän içgileri. Içmäge gaty gowy zat. Arada garpyzyň suwunam berdiler, edil şonuň ýaly edip. Edil Ýalkymda garpyzyň ullakan paçagyny başyma göterip suwuny içen ýaly boldum. Garpyzlarynyň agamy biziňkiden kän tapawut edenok, ýöne kiçi, biziňkileň ýarsy ýaly. Uly garpyzlarymyzyň-a dörtden biri ýaly. Bolýar, kofäň keýpine birgiden gep otardym, bagyşlarsyňyz-da.

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
05 Iýun, 2013

Hydyr aga, köplenç ruslaryň köne kinolaryny görýäňiz. Daşary ýurtlylaryňam köneräk kinolaryny görýäňiz. Dogry häzirki düşirilýän köp kinolar populýar kulturanyň täsirinde galýar, diňe pul işlemek üçin kompýuterde efekt berilen kinolar. Emma arasynda gowy kinolaram çykýar. Täze çykýan kinolardan hem görýäňizmi? Ýaşlaryň köpüsine 15,20 ýyl öňki kinolar gaty köne we gyzyksyz gelýär. Hatda 3 ýyl öň çykan kinolara köne diýilýär şu wagt. SSSR döwründe Türkmenistanda düşirilen käbir kinolar bar, bulary häzirki günde-de näme üçindir düşirip bilenoklar. Sungat bütin dünýäde kämilleşýär, döwür üýtgeýär, tehnologiýadan peýdalanylýar emma näme üçindir biziň kino sungatymyz kämilleşmegiň ýerine yzyna gaýdan ýaly. Aktýorlarda o döwürdäki ýaly bir janlylyk, senariýasynda-da durmuş bilen bir baglylyk duýyp bolanok. Auditoriýanyň kulturasy, düşinjesi, problemalary başga, kinolarymyzda görkezilýän, wasp edilýän "biz" umuman başga. Ýöne şu auditoriýa Golliwudyň kinolaryny sypdyrman yzarlaýar. Olaryň umuman başga bir jemgyýetden çykan, başga bir dünýäniň kinosynda özüni gözleýär, azajyk baglanyşyk tapsa "ynha şu gahryman men" diýýär.
Ýewropanyň, Golliwudyň düşinjesini däl-de ýöne tehnikasyna, senariýa ýazyş usulyny öwrenip häzirki ýaşlara şoňa meňzeş formatda bir kino hödürlemek kynmy? Bu senariýalary ýazýanlar däl-de kabul edýänler, senzuradakylar geçen asyrda uklap galan ýaly gelýär bize.

Hydyr Amangeldiyev:
06 Iýun, 2013

Dowlet, eger mükin bolsa, sen maňa özüňi tanatsana. Meniň şahsy adresim H.amangeldi@gmail.com

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.