04.06.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

04.06.13.

Iýun 04, 2013 | 1 teswir | 964 okalan

Düýn ýene "Wuň tau" diýilýän şähere gitdik. Agtyjaklara deňzi görkezeli diýdik. Hem geçen gezek birhili gyssag baryp gaýtdyk. Bu gezek bir gije aňyrda ýatdyk. Ýöne baran günüm (ikindin bardyk) erbet kelläm agyrdy. Belki, 10-12 ýyldan bäri beýle agyranokdy. Owal kän bolardy. Garaz, ertire çenli zada ýaramadym. Ýogsa, agtyklara kän bildirmejek bolup deňze-de girdim welin, olam gaýta has erbet etdi. Kofe içdim olam üstüne urna boldy. Arasynda bir ýatyp turdum, kellämiň agyrysy ýeňläpdir. Gije Kemal bilen deňziň kenaryna gitdik. Köp oturdyk, köp gürrüň etdik. "Çomuç" hakda gürleşdik. Gowy pikirler aýtdy. Megerem, "Çomujy" ýene bir ýyl işlemeli boljak. Kemalyň aýdanlaryny dogry gördüm. Olary ýazjak bolsaň, ulaljak, azyndan bir ýylam iş berjek. Ýöne edip bilsem, gyzykly, peýdaly bir zat bolaýjak ýaly.

Uzak gije ýagyş ýagypdyr. Daňdanam ýagyp durdy. Biz ýagyş ýagyp durka deňze girmäli diýdik, kiçijiklerem ýatyrdy. Soň 10-lara howa açylyşdy. Ynanmarsyň, deňiz 20 metr dagy kenara süýşüpdir. Megerem, ýagyş gaty güýçli ýagan bolmaly. Deňiziň tolkunlaram has ulalypdyr. Suwa düşüp hezil etdik. Umuman, şu ýere gelelim bäri bir zada düşündim. Öýden şeýdip çykyp gaýtmaly, daşary ýurtda näçe köpräk ýaşap bilseň ýaşamaly. Adamyň dünýä garaýşy täzelenýär. Özüňe, il-güne, dogan-garyndaşlara başgaça seredýäň. Elbetde, mejbury gidýänler, soňam yzyna gelip bilmeýänler muňa degişli däl. Ol düýbünden başga ýagdaý. Emma, başgaça ýaşaýan halk, sende başgaça-da ýaşap boljakdygyny, käbir meselelerde başgaça ýaşamalydygyny öwredýär. Mysal üçin, öý. Türkmen öýüni bezemegi gowy görýär. Bärde welin, tersine "uýut" diýýär orslar, rahatlyk, oňaýlylyk döretmegi gowy görýärler. Iýip-içýän zadymyza üns beremizok. Bärde welin, adamlar kän bir egin-eşige üns berenoklar. Gelinlerimiziň her toýa täze eşik tikdirjek bolup derde galyşyny bulara aýdyp berseň ömürem düşünmez. Belki gelinlerimizem eşige bat bermän ýaşap boljakdygyna kyn düşünerler. Munuň üçin olaryňam bir salym daşary ýurtda ýaşamaklary gerek. Mümkin türkmençiligimiz şeýle-de ýitip barýar diýersiň, emma, türkmençilik biziň ýaş ýigit wagtymyz başgady, häzir başga. Mysal üçin, öýlenen ýyllarym başy ýaglyksyz türkmen gyzyna Aşgabatda duşmak kyndy, häzir tersine. Muňa ullakan möhüm mesele dälem diýip bilersiň. Belki, şeýledir, ýöne türkmençiligiň üýtgeýşine mysal hökmünde ýazdym. Ýaglygyň, ýaşmagyň tas hiç zady diýen ýaly çözmeýändigini gördüm. Mesele biziň zandymyzda. Ruhy dünýämiziň baýlygynda, akyl-paýhasymyzda. Şular kemter bolanda, eşigiň çözýän zady az. 

Bolýar, başyňy agyrtmaýyn. Ýolda gidişin hem gaýdyşyn gämiň üstünde "Blesk" diýip bir kinony gördüm. Şeýle gowy eken, ýagdaýyň bar bolsa, skaçat edip alyp gör, "Shine" bolýar iňlisçe ady.

Teswirler (1 sany)

Begmyrat :
08 Iýun, 2013

Gündelik ýazgylaryny saýtdan gyzgyny bilen okamak gaty täsirli. Bu ýazylanlar haçanam bolsa bir gün bir toparyň adamlarna hökman ylham çeşmesi bolar. Ýaşaýyş medeniýetimize öwüşgin gatar. Kaka nähili bolmaly, ata nähili bolmaly, ýazyjy nähili bolmaly umuman sada bir türkmen nähili bolmaly diýen ýaly käbir soraglaryň jogaplaryny özünde jemlär...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.