05.06.13. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

05.06.13.

Iýun 05, 2013 | 9 teswir | 1312 okalan

Döwlet, kinolarymyz, umuman sungatymyz hakykatdanam gaty yzda galdy. Munuň "Kyrk sebäbi bar, esasanam top ýok" diýen ýaly, ne ýazýan bar, ne ýazylanyny alýan bar. Kinostudiýaň ýagdaýyny it görse gözi agarar. Indi üç-dört ýyl bäri kinostudiýa bilen gatnaşyp ýöremsoň göz ýetirdim. Gürrüňini etsem gybat boljak, düzeljek zadam ýok. Şu wagt bir ssenarimizi ("Heserli") bölek-bölek edip ýör biri. Türkmençe zordan gürleýän, türkmen dutary, sazanda oglanjygy hakynda aljak bolýar. Sen oňarmarsyňam diýip bolanok. Umuman, bahylçylygyň, basdaşlygyň dünýede nähili pislik bar bolsa, belki, barynyň ýygnan ýerimikä diýdirýär. Emma, inşaalla içinde Alla razylygy üçin, iman üçin işläýin diýen ýekeje biri dörese, soň ýuwaş-ýuwaş tämiz adamlar köpeler diýip umyt edýän. Kinoda gonarar berýärler. Her kimiň derdem şol. 

Ýöne ýazmaly, ýazýan zatlarymyz bilen özümize düşünjek, arka durjak adamlary köpeltjek bolmaly. Bu işiň başga ýoly ýok. 

Döwlet, ýarama basdyň - gürletdiň. "Heserliň" ssenarisini kitaplar bölümine goýmakçy. 

P.S. Täze kinolaram tapsam görýän. Ýakynda "Korol goworit" diýip gowja kino gördüm. Sokurowyň "Faustyny" gördüm. Ýöne meniň görýän kinolarym häzirki ýaş oglanlaryň köpüsi üçin ýürekgysgynç. Mesele onuň täze ýa-da köneliginde-de däl. Köp kişi pikir etmegi halanok, gymyldasy gelmeýşi ýaly. Men biraz pikirlendirýän kinolary gowy görýän. 

Teswirler (9 sany)

Bayram Muhanov:
06 Iýun, 2013

Sokurowyň "Fausty" üýtgeşik bolupdyr diýýäler... Ýalňyşmasam Berlin festiwalynda baýraga mynasyp bolupdy...

Hydyr Amangeldiyev:
06 Iýun, 2013

Hawa, Baýram, üýtgeşik kino. Ýöne görmek kyn, agyr. Kadrlary uzak ýadyňdan çykanok. Sokurowyň beýleki iki kinosam bar. Aslynda olar trilogiýa "Teles" "Moloh" hem "Faust" Eger görerin diýseň berip bilerin. Olaryň biri Lenin hakynda (ölmeziniň öň ýany beýlekisi Gitler hakynda.

Almaz:
07 Iýun, 2013

Döwlediň soragyna goşmaça jogap hökmünde ýazmagy makul bildim. Muňa soraga goşulan goşant diýse-de bor, jogaba goşulan goşant-da.
Bir daýym özüniň Alty Garlyýewiň "Aýgytly ädimine" gatnaşyşy hakynda gürrüň beripdi. Özi aktýor hem däl, üýtgeşik şahsyýet hem. Diňe at çapyp bilýänligi üçin aýlawdan alnyp gidilen birisi eken. Üýşüp dileg edilýän ýerini surata aljak bolupdyrlar, şonda Alty aganyň ýaňky daýyma gözi düşüp "bu çypar kim (daýym saryýagyzdy), haçan türkmeniň dileg edende elini ýokaryk galdyranyny gördüň? aýyryň muny" diýip aýyrdypdyr. Muňa garamazdan kameraň öňünde gögermek duýgusy daýymy ýene kameraň öňüne getiripdir. Alty aga ýene ony görüp "seň mysalaň türkmene meňzanaga, kim saňa türkmen diýsin, göteril şu taýdan" diýip ýene gygyryp aýrypdyr. Aýtmak islän zadym, kinomatografiýamyzyň ösmegi üçin Alty Garlyýew ýaly biziň milletimiziň milliligini, däp-dessurlaryny ähli inçelikleri bilen, bilmese-de gözläp öwrenen biri gerek. Biziň mentalitetimizi, ahlagymyzy, jemgyýet düşünjämizi çuňňur öwrenen adamlar gerek. Ýüzleý adamlardan nämä garaşjak? Ýüzleý adamlardan diňe ýüzleý netijelere garaşylmaly. Olardan başga zat çykmaz. Bir öwgi bilen olaryň işi gutaryberer.

Begmyrat :
08 Iýun, 2013

Sungat eserlerini döretmekde aşa millilige üns berjek bolup özüňi zorlamagam döredijiligi çäklendirýändir @Almaz. Meniň pikirimçe Alty agaň edişi kän bir dogry däl...

Hydyr Amangeldiyev:
08 Iýun, 2013

Begmyrat, men senden ötünc soramak isleýärin. Arada saýta Begmyrat kaka diýip biri girdi. Agzyna gelenlerinem ýazdy. Soňa-baka ýazýanlaryny pozup başladym. Men oňa senmikäň öýtdüm, anyklajak boldum bolmady. Bu gün sen dälsiň diýen karara geldim. Meni bagyşla, çig süýt emen adam-da.

Begmyrat :
09 Iýun, 2013

Salowmaleýkim agam! Ýok, ýok agam ol men däl. Bolubam bilmez. Ýöne Begmyrat kaka diýip biri internetde aýlanýar, beýleki saýtlarda-da bar şeýle birisi. Agam size hormatym, sylagym sarpam uly. Kemal bilen köp duz çörek iýişdik, men depeläp bilmeýän. Kemal bolmanda-da size sarpam uly.

Almaz:
09 Iýun, 2013

Begmyrat, dostumyň dosty meniňem dostum. Meniň sarpa goýýanlaryma sarpa goýýana mene sarpa goýýan. Indiki aýtjaklarym hormatsyzlyk ýaly görünmesin, size-de sarpam uly. Ýokarky teswirimde men aşa millilik diýmedim, milliligimizi hem-de däp-dessurlarymyzy bilmeýän adamlaryň çykaran eserleri ýuwan bolýar diýmek isledim. Emma esasy aýtmak islän zadym hem bu däldi, esasy aýtmak islän zadym, diňe baş gahrymranlaryň we birinji plandaky adamlaryň hereketlerine däl, belki 3-nji 4-nji .. 10-njy plandaky adamlaryňam näme edip ýörendikleri gözünden gaçmaýan adamlara ýetmezçiligimiz bar. Meniň gürrüň beren daýym baş gahryman däldi, 10-njy plandaky atçaparlardan bir atçapar. Eger siz "arka plandaky adamlara üns berjek bolsaň baş gahrymanlar ünsden gaçar" diýseňiz onda siziň meniň aýtmak islän zatlaryma düşünmedigiňizdir. Bu ýagdaýda meniň başga aýdyp biljek zadym ýok.

Dowlet:
11 Iýun, 2013

"Korol goworit"i görüpdim. Oskar hem alan bolmaly. Şol sene iň gowy kino saýlandy. Arada Eýranly biriniň düşiren kinosyny gördüm. Ady "Nader i Semen" , maşgala meselesi barada düşirilen. Gaty haladym, hemme meseleniň çözgüdini Eýrandan gidip Ýewropada ýaşamakda gözleýän bir ene we öz däp dessurlaryny döwrebap zamananyň getirýän problemalary bilen bilelikde Eýranda ýaşap çözmäne çemeleşýän bir kaka, we ene-atasynyň aýrylşmaklaryny islemeýän bir gyz. Kinodaky iň halan sözüm "Zakonyň nýuanslar, kiçijek ownuk meseleler bilen işi ýok" diýýär. Ýagny Zakonyň gözü kör diýmegiň başga bir görnüşi.

Hydyr Amangeldiyev:
12 Iýun, 2013

Hawa, bu kino gaty gowy. Umuman Evranda kino gaty ösüpdir. Mejid Mejidi, Mahbalbaf ýaly gaty güýçli rejissýorlary bar. Internetden ol kinolary alyp bolýar. Ol kinolarň atlaryny şu wagt anyk, dogry bilemok, ýöne gerek diýseňiz, soň ýazyp bilerin.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.