08.06.13.
Öňräkden bäri köne suratlarymy saýtda goýmak hyýalym bardy, gapdalynda-da koment ýazmakçydym. Şu gün şony başladym. Nähili boljagynam bilemok. Ýöne meni ýatlamalara, geçen, ýaşalan döwürlere, ýyllara, günlere, pursatlara alyp gidensoň gyzygdym. Olary "Men barada" diýen bölümden okap bilersiňiz.
Teswirler (4 sany)
Almaz dost, bu sözi özüm öýde "tüsse" sözi bilen çalşyp ulanýan. Ýöne kakam bu zatlara parh goýmaýardy. Eger başga bir söz bilen çalşsamam ýasama boljak, onsoň çalşybam bilmedim. "Tüsse" diýsem oňa men hem öýdäkiler düşünjek. Umuman bu biziň öz günämiz. Ýerine laýyk sözi ulanyp bilerdik "wobşe" sözüni häli-şindi ulanyşymyz ýaly.
Edebiyatda edep esasdyr, Hydyr aga.
Bu sözü ömrümde ulananym ýadyma düşenok, ýöne mesele ediljek bir meselejik däl diýp pikir edýän. Dogrymy aýtsam şahyr we ýazyjylaryň hem adamdygyny ýatladyp durýar. Gaty pes, sögünç sözler bolmasa beýle sözler kän möhüm däldir diýp hasap edýän.
Hamala adamlaryň söýgiden başga derdi ýok ýaly diňe gury söýgi ýazýanlar, hakykatlary aýdyp bilmeýän edepli görünýän asyl edepsizler utansyn. Asyl edepsizlik şoňa aýdylýar.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hydyr aga, kakaňyz hakyndaky maglumatlaryňyz kakaňyzyň özi ýaly täsirli eken. Emma iň soňunda siziň saýtyňyza kän wagtlap girmezligime sebäp bolan başga bir makalaňyzda okan sözüm bar eken - "türsük" sözi. Meniň pikirimçe şu sözi ulanmasaňyz gowy boljak. Dogry, siz ýazgylaryňyzda tebigy bolmaga çalyşýaňyz, emma edep diýibem bir zat bar. Belki-de o sözüň ýerine başga bir söz ulanarsyňyz?