06.02.12.
Günler geçip dur. Ynsanyň bu günler bilen öwrenişmegindenmi ýa-da biparhlygyndanmy şeýtanyň täsiri bilen döwür üýtgeýär. Göwnüme bolmasa Gökdepe urşundan öň ýa-da serhetler açylyp, dollarlar gelip başlamazyndan öň ýaş ýigitler söýgi hakda az gürrüň edýän ýaly bolup dur. Onuň ýerine biriniň batyrlygy, edermenligi, halalhonlygy, lebizliligi barada haýran galyp özara gürrüň edip, dilden-dile geçirip gelen ýaly. Häzir welin, belki özümiň garranlygymdandyr söýgi, söýüşmek (durmuş gurmak, maşgala gurmak, agzybir ýaşamak, agzy salamlyja çagalar ýetişdirmek däl) gürrüňi hemme zatdan öňde. Radioda-da, TW-de-de, kinoda-da, ýaşlaň özarasynda-da söýgi iň gyzykly tema. Emma, söýgüň çuňlugy, söýgä kimiň mynasypdygy, öz mynasyp bolmagyň üçin nähili bolmalydygyň... – bu zatlaryň gürrüňi ýürekgysgynç eşdilýär. Şeýdibem adamyň öýlenýänçä hem öýlenenden soň diýip durmuşy ikä bölünýär. Bu döwülmek adamyň epeslije ýylyny elinden alýar. Gidip barýan maşyn durup, täzeden ugran ýaly bolýar. Munuň şeýledigini düşündirmek gönüden-göni edebiýatyň borjy hasaplaýaryn. Oglan bilen gyzyň arasyndaky söýgüniň gaty çuň meseledigini, oňa aklyňy aldyrmagyňam, ony iteklemegiňem adam üçin gaty zyýanlydygyny bilýän. Söýgi hakda goşgy, aýdym, hekaýa, pýesa, ssenariý ýazýanlaryň bu temanyň çuňlugyna, ýiti pyçakdanam ýitidigi, kesgirdigi, ýaralaýandygy, hatda öldürýändigi hakynda oýlananlaryny isleýärin. Bir edebiýatçy diňe şu meseläni halkyna açyp, düşündirip berip bilse-de, şol ýazyja ömürboýy tagzym ederdim. Eger, biz bu meselä ýörgünli, geçginli, her kimiň halaýan temasy, ata-baba, Zöhre-Tahyrdan bäri gelýän zat hökmünde seredip “Menem şu temadan ýazaýyn” diýip ýazsak, onam hökman bir däl, müň okyjy okar, sereder – biz olaryň aňyna ters täsir edip bileris. Şeýdip özümiz bilmän ters ýola çagyrýanlaryň hataryna goşulyp, olaryň nökerine öwrülip bileris. Eli pyçakly adam bir adama zyýan ýetirip biler, eli “galamly” adam müňlerçe adam zyýan edip biler. Muny tersine gözöňüne getirmegem kyn däldir. Biz şol müňlerçe adama peýdamyz degjek “eli galamlylardan” boljak bolaly. Gurbannazaryň “Oňarmasaň zaýalama syýaňy” diýýäni megerem, şu bolsa gerek. Edebiýatda “oňarmazlyk” diýilýän diňe şu bolsa gerek. Sebäbi bir zatlar başarmaýan, boş ýazyjy kän okalmaýaram, halk oňa ünsem berenok, emma ýöntem, ýalňyş, ters pikir edip şonam kagyza “ökdelik” bilen geçirýänler hakyky “oňarmaýanlar”. Bu ýerde gonorar, şöhrat, ejizlik (şeýtmeseň çykaranoklar diýen ýalňyş düşünje), men-menlik (bir zatjyk ýazyp, soňam özüňi uly bir eser ýazan ýazyjydyryn öýdüp, edýän işiň jogapkärçiligi, agyrlygy hakynda oýlanmazlyk) we ş.m. meseleler uly rol oýnaýar. “Az ýazaýyn, ýöne ýazan zadym üçin iliň içinde, Allaň öňünde utanmaly bolmaýyn, ýazan zadymyň ilime, öz ahyretime peýdasy degsin” diýen düşünje bilen ýazmak, megerem ters ýoluň özüň bilmän hyzmätkärine öwrülmegiňden goraýarmyka diýýärin. Ýene Gurbannazarda ýazmagyň ýyl geçdigiçe “kyn düşýänne razy men” diýen setirleri bardyr. Ýazmak ýyl geçdigiçe saňa kyn düşmeýän bolsa, şol işiň jogapçiligini, agramyny ýyl geçdigiçe çuň duýmaýan bolsaň, onda ýazyjy däl bolaýmasaň. Köp kişi garransoň ýamasyny goýýar, azaldýar, ýazasy gelmeýär. Munuň sebäbem şol duýgynyň gerşinden basýandygyndan, eline kakýandygyndan bolsa gerek. Ýöne ýazyjy garransoň ýazmaly. Sebäbi adam garransoň dünýäni tanap, onuň hakyky ýüzüni gňrüp başlaýar. Söýgüň nämedigin 17-18 ýaşly, entek ýanmadyk, köýmedik oglan näbilsin? Muny 60 ýaşlydan sora. Olam bigaýratlap dogrusyny aýtmasa, ýa-da “düşünmersiň” diýse ýa-da “Meň nä derdim. Menem ýandym, senem ýan. Onsoň bilersiňem, düşünersiňem” diýse bu egoistlik, bigaýratlyk, namartlyk, käriňe biwepalyk bolmazmy? Galany ertir. (Gaty gidýän, öte geçýän bolsam “Haý, ýykylaýma” diýeweriň. Umuman, bu gürrüňler hemmämize degişli, bir ujy gütüläp degýän meseleler. Şonuň üçin, gürrüňe goşulsaňyz begenerdim, gürrüňiň hasam gowy açylmagyna, düşnükli bolmagyna peýdasy degerdi.Ertire çenli sag-salamat boluň!
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.