Men hakda sahypaň dowamy | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Men hakda sahypaň dowamy

Iýun 08, 2013 | 0 teswir | 1135 okalan

"Men hakda" diýýän sahypa ýekeje ýazyp bolýan eken. Indi dowamyny gündeliklerde goýaýmasam. Ýöne çynymy aýtsam Google+ has göwnüme ýarady. Bu saýtyň (ekizler2) çytdy-pytdysy meni ýykdy. Suratam Google+dan göräýmeseňiz. https://plus.google.com/u/0/112583609879174941962/posts

Indi kakamyň bize terbiýe berişi "Ors türsükli gezse sizem türsükli, ýalaňaç gezse, ýalaňaç geziň, ýöne hakyňyzy gidermäň" diýişi barada. 

Kakamyň bu sözi diliniň ugruna, hakyny gidermezlik üçin aýtmaýan ekendigine indi has gowy düşünýän. Biz (ekizler, Ylýas ikimiz) ýedi ýaşamyzdakak kakam, agam Saparguly ýa-da Baýramguly bilen elimizden tutup Aşgabada - ors mekdebine getirdiler. Biz oba çagalary orsça hiç zat bilemizok, asla orslary kän bir görenem däldiris. Asmandan düşen ýaly bolup duranymyz şu günki ýaly ýadymda. Mekdebiň direktory, bir ors aýal orsçalap bize bir zatlar diýýär, bizem gorkup kakamyzyň, agamyzyň arkasyna çekilýäs. Netijede direktor aýal biziň okap bilmejekdigimizi, kösenjekdigimizi düşündirip, bir ýyl türkmen mekdebinde okanlaryndan soň getirmegi maslahat berip bizi ugratdy. Biziň, (ekizleriň) arkasyndan ýük aýrylan ýaly boldy. Kakam dagyň nähili gynandyklaryny şol wagt bilmesemem häzir göz öňüme getiýän. Şeýdip biz "hak gidermezlik" meselesinde ýeňiliş bilen yzymyza dolandyk. Bizi Aşgabadyň 29-njy türkmen mekdebine saldylar. 

Aslynda, näçe ýaşymda, kimden okamagy öwrenenimi bilemok. Bäş ýaşymyzda gazedi arkaýyn okap bilýän ekenik. 

Gürrüň häzir kakam hakynda, biziň bäş ýaşymyz hakynda soň. 

Kakamyň "türsükli" gezmek meselesi şu günlerem meni pikirlendirýär. Käte kakamyň arkasyny alýan. ""Hak gidermezlik" diýilende, olaryň ahlagy, däp-dessury diýip düşünmän, öz ýerimde, ýurdumda, deň ynsan hökmünde hak-hukuk meselesinde hak gidermezlik diýip düşünmeli. Munuň üçinem olaryň özünden hemme taraplaýyn üstün bolmaly, hatda deňem bolsaň ýene az bolýar" diýýän. Birdenem hakymyzy gidermejek bolup özümizem ors bolup gidip bilerdik (şeýle güne düşenlerem kändi) diýip hopugýan. Emma kakam bize tä instituda girýänçäk saç göýbertmedi. Kellämiz häzirki studentleriňki ýaly akgaýma tahýaly mekdebi, şäher mekdebini tamamladyk.Ýöne biz tahýamyzy gowy görýärdik. Olary aýal doganlarymyz Annajemal Ylýasa, Nabat maňa ýörite tikerdi. Tahýalarymyzyň depesinde nagyşlara salynyp ikimiziňem adymyz ýazylgydy. (Nabatdyr Annajemal ejelerimiz hakynda-da soň, aýratyn gürrüň bermekçi. Olaryňam suratlary bar). Mekdepde biziň ýaly saçy syrylan başga ýok diýen ýalydy. Kakam biziň saçymyza hut özi üns berýärdi. Sähel ösdügi yňňyl-çyňňylymyza bakman agalaryma syrdyrýardy. Emma bu sebäpli biz mekdepde özümizi kemli ýaly duýmaýardyk. Hatda muny uly mesele-de edinmeýärdik. Belki, şol ýyllarda Dostoýewskiniň kitaplaryny okaýan bizden başga 29-njy mekdepde ýokdy. Rusçamyz (ors çagalary bilen tirkeşmesegem) gowudy. Bu meselede biz hakymyzy gidermedik. Kakamyzyň terbiýe berişi täsindi. Ol bizi ýekeje gezek urdy. Tuduň inçejik çybyjagy bilen. Biz 4-5 ýaşlarymyzdadyk. Ejemizden galman bir ýere-hä gitjek bolduk. Megerem ýas ýeri bolmaly, ýogsa äkiderdiler. Bizem äkideňizok diýip aglan bolduk, kakamyňam gahary gelendir-dä çybyjak alyp, iki gezek syrtymyza çaldy. Bu bize derman boldy. Kakam bize öňem-soňam çybyg-a däl, şarpygam çalmady. Ejemiň-ä asla urany ýadyma düşenok. Ýöne ejem hakda soň. Entek kakam barada.


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.