Kakamyň aýdyp beren bir wakasy
Kakamyň aýdyp beren bir wakasyny gürrüň bereýin. Ol uruş ýyllary (41-45) kolhozda başlygyň orunbasary bolupdyr. Başlygam Gurtly obasyndan biri. Ol ýyllar açlyk bolansoň çörek kartoçka bilen berilýän eken. Adamlar ajyndan ölýän eken. Garrap, keselläp ölýän bar. Ölenleriňem kartoçkasy yzyna tabşyrymaly. Şonda kakam kartoçkalary tabşyrmandyr. Çagasy köp, işe ýaraýany az, hor ýaşaýanlara ölenleriň kartoçkasyny beripdir. Kolhozyň başlygy gorkup, "Jogapkärçiligi seň boýnuňa" diýip guma çopanlaryň ýanyna komandirowka dokumendini ýazyp gidýär eken. Kakamam yzynda şol tabşyrylmaýan kartoçkalaryň hasabyna tutuş obany açlykdan gyrman saklapdyr. Uruş gutarypdyr, kartoçka düzgüni ýatypdyr. Indi hemme zat gülala-güllük wagty bir aýagy agsak garry ors, KGB-äň işgäri kolhoza gelýär. Ol kolhozyň başlygynyň kabinetinde iki-çäk kakam bilen galýar. Kakamdan uruş ýyllarynyň kartoçka düzgüni barada soramaga başlaýar. Kakam eden işini hiç zat ýaşyrman aýdyp berýär. "Ýör öýüme baraly, şu obaň adamlaryndan tapawutly ýaşaýanmy ýa-da dälmi gör. Obaň adamlaryndan sora, özüm şol kartoçkadan artykmaç alan bolsam aýtsynlar" diýýär. Garry ors hakykatdanam öýmüze myhman bolýar. Obaň ýaşulylaryndan sorag edýär. Soňam "Döwlet derejesinde seniň gizläp alan çöregiň hiç zat. Ýöne sen köp adamy açlykdan öldürmän saklapsyň. Käşkä ýene-de seniň ýaly eden başlyklar bolan bolsady" diýipdir. Ol düzgün bozulmandyr diýip ýokaryk hasabat beripdir. Galan dokumentlerem kakam bilen ýakypdyrlar. Kakama-da agzyňa berk bolgun diýip tabşyryp gidipdir. Şeýdip kakam atylmakdan halas bolupdyr. Ýaňy-ýaňylaram obada garrap ölýän daýzalar ogullaryna "Amangeldi agaň özi beýlede dursun, neberesinem ynjydaýmaň" diýip wesýet edýär eken. Men muny biljegem däl. Bir gezek obaň ilersinde durun. Obadaşlardan biri maşynly gelip durdy. Men "Kireý edýänler bar, şolar bilen giderin" diýsemem etmedi. Getirip öýe düşürip gitdi. Şonda-da ejesiniň şeýle wesýet edenini gürrüň berdi. Hawa, kakalar ölenlerinden soňam ogullaryna hyzmat edip ýörýän eken. Asla kakalar ölmeýär eken. Bu wakany kakamyň hak gidermezlik mselesi bilen baglanşykly ýazdym. Ýogsa atam Hangeldi sakgal dini başga diýip öýmüze orslar myhmançylyga gelenlerinde obaň gaýrasyna, gowy gatnaşýan, ümmüldeşýän obadaşynyň ýanyna çykyp gidýän eken. Ejeme-de "Kapyra gözüň düşende imanyň bir garyş senden daşlaşýandyr. Şonda şu dogany okagyn" diýip tabşyrýar eken. Emma, kakama "Öýe ors getirmersiň" diýmändir. Indikide biraz atam barada aýdaýyn, arman atamyň suraty galmandyr. Ýogsa pasort üçin aldyran ýekej suraty bardy, olam ýitipdir.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.