12.06.13
Şu gün Kombojadan Wetnama geldim. Pnompende inilerimiziň ogullaryndan biri okaýardy, şony görmäge gitdik, Kemal bilen. Komboja Wetnamdan yza galan ýurt eken. Köçeleri dar, Pnompenem Ho Çi Min bilen deňeşdireňde hem kiçi, hem tertipsiz. Ýöne bu ýerde maşyn köp, motor azyrak eken. Milleti hasam garyp ýaşaýar. Koçede ýatyp turup ýaşaýan, öýsüz-öwzarsyz adamlara duş geldim. Munuň sebäbini Pol Potuň rejimi bilen düşündirdiler. Ýogsa Komboja owal has ösen ýurt eken. Pol Pot diýilýän 1971-1975 ýyllarda döwleti agdarandan soň, ýurtda sowatly, hat ýazyp bilýän, kitap okap bilýän adam bar bolsa hemmesini gyrypdyr. Millionlap adam öldüripdir. Pnompende ýörite muzeý hökmünde saklanýan Pol Potuň türmeleriniň birine baryp gördük. Gaty eýmenç bir ýer, owal mekdep bolupdyr. Adamlary gynapdyrlar, öldüripdirler. Ölenleriň arasyda çagalar, daşary ýurtlylaram bar. Demir krowat, armaturdan edilen gandallar we ş.m.-ler. Sany gowy ýadymda galmady, ýöne ýalňyşmaýan bolsam şol türmede 2 müň adam öldürilipdir, diňe iki adam diri galypdyr, olaram akyly üýtgän diýdiler. 1930-njy, 1937-nji ýyllar ýadyma düşdi durdy. Bu ýyllar barada "Garamurt" diýip bir hekaýamda bilýanjelerimi ýazypdym. Sapargeldi Annasähediňem bu ýyllar bilen baglanşykly roman-powestlerini okapdym. Ahyry çydamadyk, zordan birinji etajyny görüp, çykyp gaýtdyk. Arkaýyn görer ýaly däl. Alla hiç bir halkyň başyna beýle bela indirmesin. Prahat günleriň gadyry şeýle ýerlere baraňda bildirýär. Ol wagşy kommunist rejimini gurjak bolup, şäher adamlaryny oba, daýhançylyk etmäge sürüpdir. Aslynda bu zatlaryň aňyrsynda (Şol döwürler Çilide-de şeýle gyrgynçylyk gidýärdi, häzirki Yrak, Siriýa…) uly döwletleriň hapa eli görünýär. Imansyzlar garynja gyran ýaly Ýer ýüzünde gyrgynçylyklar edýärler, hemmesinem demokratiýa perdelenip. Bu zatlary siz menden gowy bilýänsiňiz. Kombojaň adamlary iňlisçäni wetnamlylardan kän gowy bilýän eken. Umaman, häzir ylyma üns berilýär diýdiler. Nadan bolsaň, islendik döwlet seniň depäňde. Biz muny bilýäs, ýöne diňe bilmek azlyk edýän boldugy-da. Kombojanyň howasam Wetnamyňkydan yssy eken. Gözüňe dürtülýän ýene bir zat, baýy gaty baý, garybam çökder garyp. Kommunistleriň edişi ýaly zor bilen baýyň elinden alyp garyba bermegem meseläni çözmeýär. Meseläni diňe din-iman, hüşür-zekat, garybyň halyny duýmak, duýdurmak bilen çözüp boljaga meňzeýär. Omar b. Abdyleziz döwründe iki ýylyň içinde ýurtda zekat berere garyp adamyň galmandygy barada okapdym. Emma, musulmançylygy hemme ýerde erbet edip görkezmäge çalyşýarlar. Muňa garamzdan, Pygamberimiziň ýüzünem görmedik, medeniýetinem görmedik, asla düurky-düşünjesi bilen başga ýurtlar Kombojada, Wetnamda azan sesi eşdilýär, mesjitler bar. Emma, gynansagam häzir butparazy musulman etmek mümkin däl ýaly görünýär. Kommunistleriň orak-çekiçleriniň suratynam Wetnamyň köçelerinde (edil SSSR-däki ýaly) görüp bolýar. Hatda gyzyl galstukly pionerlere-de duş geldim. Elbetde, zamanasy gelendir-dä. Bolýar, kelläňizi agyrtdym, bagyşlaň. Kombojada iki gijede erbet ýatdym, ukymy bärik, Wetnama gelip aldym.
Teswirler (3 sany)
2 zordan yatan bolsanyz barden gidip okayan chagalar natyaka gynandym
Meniň ýatyp bilmänim, ýerim üýtgänden hemem Pol Potuň türmesi erbet täsir etdi. Okaýan çagalar, tüweleme gowy.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Gözüňiziň röwşeni artsyn, Hydyr aga!
Geçenki kinoly meselede teswirlerde ýazypdym, aňyrky planlarda hem näme hereketleriň bolýandygyny görüp bilýän adamlaryň gerekdigi hakda. Siziň hem gözüňiz ýiti, gözýetimiňiz giň, nesip bolsa gelejekki neslimiziň kemalyna, milletimiziň agzybirligine böwet boljak zatlary görmegi başaryp, o zatlary häzirden bertarap etmegiň üstünde işlärsiňiz diýip garaşýarys.